Habarlar
Habarlar
BGG Türkmenistanyň gümrük ulgamyndaky özgertmelerine ýokary baha berdi
Bütindünýä gümrük guramasy (BGG) Türkmenistanyň gümrük ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy boýunça alnyp barylýan işlere ýokary baha berdi we guramanyň Sebitleýin okuw merkeziniň netijeli işini goldamak boýunça mundan beýläk hem ýardam bermäge taýýardygyny tassyklady. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy anna güni habar berdi.
Medeniýet hepdeligi — 2026: jemleýji dabaralar
Balkan welaýatynda birnäçe günläp dowam eden Medeniýet hepdeligi tamamlandy. Döredijilik forumynyň ýapylyş dabarasy giňden bellenilen Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň dabaralary bilen utgaşdy.
Gahryman Arkadagymyzyň daşary ýurt hökümet ýolbaşçylary bilen söhbetdeşlikleri
29-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň, Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň, Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik söhbetdeşlik geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
29-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Türkmenistan bilen Azerbaýjan gümrük ulgamyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde iki ýurduň arasynda gümrük hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen möhüm resminamalara gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy sişenbe güni habar berdi.
Arkadag şäheriniň hormatly ýaşaýjylaryna
Garaşsyz Watanymyzda taryhy işler, beýik özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary yzygiderli ösdürilýär, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlandyrylýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň her bir güni zähmet ýeňişlerine, şanly wakalara beslenýär.
Medeniýet hepdeligi — 2026: üçünji gün
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň taryhy ähmiýeti bolan wakalarynyň üstüni ýetiren Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde sungatyň, çeper döredijiligiň dürli görnüşlerini öz içine alýan köp sanly medeni çäreler ýaýbaňlandyryldy.
Oňyn halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
24-nji iýunda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdar Prezidentimiziň baştutanlygynda halkara dost-doganlyk gatnaşyklary — parahatçylygyň we ösüşiň berk binýady” atly maslahat geçirildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
Doglan günüňiz mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Şu ýylyň martynda Siz bilen Pekinde duşuşdyk. Duşuşygyň dowamynda Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda dürli ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň meseleleri barada pikir alşyp, ylalaşyklary gazandyk we ýurtlarymyzyň arasyndaky däp bolan dostlugy, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ugurlary kesgitledik.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
26-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.