Habarlar
Habarlar
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
“Türkmenistan” awiakompaniýasy Aşgabat—Kazan ugrunda goşmaça uçuşlary ýola goýdy
“Türkmenistan” awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň 30-njy sentýabryna çenli Aşgabat—Kazan ugry boýunça üç sany goşmaça gatnawy girizdi. Bu barada awiakompaniýanyň web sahypasynda ýerleşdirilen uçuş tertibinde görkezilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde bellenilýän şanly doglan günüňiz mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
22-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Türkmenistanyň gümrük gullugynda töwekgelçilikleri dolandyrmakda emeli aňyň mümkinçilikleri öwrenilýär
Aşgabatda 16–18-nji sentýabr aralygynda geçirilen ”Ready4Trade Merkezi Aziýa: Hazarüsti ulag geçelgesi arkaly abadançylygy ösdürmek” taslamasynyň çäklerinde üç günlük okuw sapaklary geçirildi. Okuw sapagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hünärmenleri gümrük işinde töwekgelçilikleri dolandyrmakda emeli aň, ulag öwrenişi we uly maglumatlar seljermesini ulanmagyň mümkinçiliklerini öwrendiler.
“Daewoo E&C” kompaniýasy Garagum kanalynyň 250 km bölegini döwrebaplaşdyrar
Ýakynda Seulda geçirilen türkmen-koreý işewürlik forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Koreýanyň “Daewoo Engineering & Construction” kompaniýasynyň arasynda Garagum kanalyny döwrebaplaşdyrmak boýunça Ähtnama gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde bolup, behişdi bedewler üçin döredilen mümkinçilikler we olary ösdürip ýetişdirmegiň ugurlary boýunça alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahaty geçirildi. Maslahat dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan watandaşlarymyz bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň yzygiderli berkidilýändigini hem-de olaryň ata Watanymyzda alnyp barylýan giň gerimli özgertmelere, gazanylýan uly ösüşlere, beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly senesine tüýs ýürekden buýsanýandyklaryny aýdyň görkezdi.
Türkmenistan Merkezi Aziýa bilen Koreýanyň arasynda ulag-logistika hyzmatdaşlygyny giňeltmäge çagyrdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji işewürlik sammitinde eden çykyşynda Merkezi Aziýa bilen Koreýanyň arasynda durnukly ulag geçelgelerini we logistika arabaglanyşygyny ösdürmäge işewür toparlary işjeň gatnaşmaga çagyrdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.