Habarlar
Habarlar
16a63053ac16ad.jpeg
1 aý ozal
Aral deňzine 2026-njy ýylda 1,2 milliard kub metr suw goýberler

Gazagystan suw howdanyny gorap saklamak boýunça maksatnamanyň çäklerinde şu ýylyň ahyryna çenli Demirgazyk Aral deňzine ýene 1,2 milliard kub metr suw goýbermegi meýilleşdirýär. Bu barada Gazagystanyň Suw serişdeleri we irrigasiýa ministri Nurjan Nurjigitow Gyzylorda welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda Aral etrabynyň balykçylary bilen geçiren duşuşygynda aýtdy diýip, Gazagystanyň Suw serişdeleri we irrigasiýa ministrligi habar berýär.

16a703563de1d8.jpeg
1 aý ozal
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär. 

16a62f542e30e1.jpeg
1 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

16a60567cddabe.jpeg
1 aý ozal
Türkmenistan sebitde ilkinjileriň hatarynda «e-TIR» halkara sanly ulgamyna geçýär

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda 20-nji iýulda halkara «e-TIR» sanly ulgamynyň ulanylmagy bilen ilkinji ýük daşamalaryny amala aşyrmak boýunça utgaşdyryjy meselelere hem-de tehniki goldaw bermäge bagyşlanan bäş günlük maksatnamalaýyn çäreler başlandy.

16a604aadc690f.png
1 aý ozal
Türkmenistan “Hazar deňzi–Gara deňiz” ulag geçelgesini döretmek başlangyjyny goldaýar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Tbilisi şäherinde Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwili bilen geçiren gepleşiklerinde Türkmenistan–Azerbaýjan–Gruziýa–Rumyniýa ugry boýunça “Hazar deňzi–Gara deňiz” ulag geçelgesini döretmek baradaky başlangyjy goldaýandygyny tassyklady. Bu barada anna güni Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

16a70327b2209d.jpeg
1 aý ozal
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.

16a60482b97bab.jpeg
1 aý ozal
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär

Geçen hepdäniň wakalary halkymyzyň Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramyny garşylamaga barýan ýolundaky täze ýeňişleriniň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy. Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyz ýurdumyz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär.

16a604bfaccba1.jpeg
1 aý ozal
Türkmenistan we BMG: Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmek boýunça täze ädimler

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşygy geçirildi.

16a5ef1ec9ff4b.jpeg
1 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

20-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

16a60618956422.jpeg
1 aý ozal
Çapar Pay e-Kitap hyzmatyna abuna ýazylmagy has aňsatlaşdyrýar

Çapar Pay mobil goşundysynyň ulanyjylary e-Kitap hyzmatyna göni goşundynyň üsti bilen abuna ýazylyp, töleg geçirip bilerler. Munuň üçin diňe e-Kitap hasabynyň hasaba alnan ykjam telefon belgisini girizmek we özüňize laýyk nyrhnamany saýlamak ýeterlikdir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.