Habarlar
Habarlar
168f9b79471022.jpeg
1 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

22-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabuny kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

1 aý ozal
BITARAPLYK TÜRKMEN HALKYNYŇ BAKY BAGTYDYR

Türk­men hal­ky­nyň ga­dym­dan gel­ýän hoş­ni­ýet­li, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li asyl­ly ýö­rel­ge­si bar. Bu asyl­ly ýö­rel­ge Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da bü­tin dün­ýä­de da­ba­ra­lan­ýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dünýäniň parahatçylyk söýüji ýurtlarynyň biragyzdan üç gezek ykrar etmeginde Aýyň-Günüň ýalkymy bolup ýollarymyza nur saçýan türkmen Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň dabaraly belleniljek günlerine az wagt galdy

168f9bc959c38c.jpeg
1 aý ozal
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Gruziýanyň Prezidenti we Premýer-ministri bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gruziýa resmi saparynyň çäklerinde Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwili bilen duşuşygy geçirildi.

168f87b076b212.jpeg
1 aý ozal
Türkmenistan ASYCUDA we TIR-EPD maglumat ulgamlary arkaly gümrük amallaryny ýeňilleşdirýär

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy gümrük amallaryny ýeňilleşdirmek we söwda ýardam bermek maksady bilen, häzirki zaman sanly tehnologiýalary işjeň ulanmak ugrunda işleri dowam etdirýär.

168f86feb0e482.jpeg
1 aý ozal
Türkmenistanyň wekiliýeti sebitara baglanyşygy pugtalandyrmak boýunça ministrler derejesindäki duşuşyga gatnaşdy

2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Lýuksemburgda ÝB-niň Daşary işler boýunça geňeşiniň mejlisinden soň geçirilen ministrler derejesindäki duşuşyga gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  

168f71e7c2dc63.jpeg
1 aý ozal
Kaşgarda Hytaýdan Türkmenistana çenli täze multimodal ýük gatnaw ugry işe girizildi

Hytaý, Gyrgyzystan, Özbegistan we Türkmenistan tarapyndan täze multimodal ýük gatnaw ugry işe girizildi. Açylyş dabarasy 15-nji oktýabrda Hytaýyň Sinszýan-Uýgur awtonom welaýatynyň Kaşgar şäherinde geçirildi. Şol ýerden ýedi ýük ulagynyň Gyrgyzystan serhedine tarap ugrandygy habar berildi.

168f719a606f48.jpeg
1 aý ozal
Türkmenistanyň gümrük çägine getirilýän harytlar barada gümrük edaralaryna deslapky maglumaty bermegiň ähmiýeti

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy gümrük amallaryny ýeňilleşdirmek we söwda ýardam bermek maksady bilen, häzirki zaman sanly tehnologiýalary işjeň ulanmak ugrunda işleri dowam etdirýär.

168f717eb7f9d3.jpeg
1 aý ozal
Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy bäsleşigiň möhletini uzaldýar

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy Ro-Ro görnüşli iki sany demir ýol parom gämilerini we bir sany gury ýük gämisini taslamalaşdyrmak, üpjün etmek we gurluşygyny dolandyrmak boýunça bäsleşigiň möhletini noýabryň 4-ne çenli uzaldýar

168f7209b6cbe6.jpeg
1 aý ozal
Türkmenistan ASEAN ýurtlaryny logistika mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy

Malaýziýanyň halkara söwda we senagat palatasy (Malaysian International Chamber of Commerce and Industry) bilen Malaýziýanyň kiçi telekeçilik konsorsiumynyň (Malaysian Consortium of Mid-Tier Companies) bilelikde guramagynda, ASEAN ýurtlarynyň Merkezi Aziýa döwletleriniň üsti bilen, olaryň araçäkleriniň amatly ýol-ulag ugurlaryny öwrenip, gelejekde ony ösdürmek boýunça halkara maslahaty gurnalyp geçirildi.

168f872f85918c.jpeg
1 aý ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy

21-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagynda bina edilen Arkadag şäherine gelip, bu ýerde täze şäheriň çäklerinde gurulýan we gurulmagy teklip edilýän döwrebap desgalaryň şekil taslamalary hem-de ählihalk bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.