Habarlar
Habarlar
Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
13-nji maýda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyrýan saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna sapary başlandy
13-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna sapar bilen ugrady. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we onuň Diwanynyň jogapkär ýolbaşçylarynyň ugratmagynda Maslahat köşgünden paýtagtymyzyň Halkara howa menziline tarap ýola düşdi.
2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Aşgabat şäherinde GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçiriler
Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Paýtagtymyzda demir ýollaryň hyzmatdaşlygyna bagyşlanan ýokary wekiliýetli halkara maslahatyň işine badalga berildi
Şu gün, 13-nji maýda paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisi öz işine başlady. “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilýän wekilçilikli foruma GDA agza döwletleriň, şol sanda Türkmenistanyň demir ýol we beýleki degişli edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri gatnaşdylar.
«Gadamly» gury ýük gämisi Azerbaýjanda dabaraly garşylandy
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýüzüşe goýberilen “Gadamly” gury ýük gämisi Azerbaýjanyň Baku şäherindäki halkara deňiz portuna bardy. Baku şäherindäki halkara deňiz portunda Türkmenistanda gurlan ilkinji “Gadamly” gury ýük gämisiniň resmi taýdan garşylamak dabarasy geçirildi. Bu barada Azerbaýjanyň metbugat neşirleri habar berýär.
Aşgabatda GDA agza ýurtlaryň demir ýol ulaglary boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisi geçiriler
Ertir Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulaglary boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisi öz işine başlar. Halkara forum ak mermere beslenen paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşen “Ýyldyz” myhmanhanasynda 13-14-nji maýda geçiriler. Bu duşuşyk sebitiň ulag ulgamlaryny utgaşdyrmakda we serhetüsti hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm tapgyr bolar.
Türkmenistan bilen Kamboja göni howa gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär
Türkmenistan bilen Kamboja Patyşalygy Aşgabat bilen Kambojanyň iň iri syýahatçylyk merkezleriniň arasynda göni howa gatnawlaryny ýola goýmak mümkinçiligine garaýarlar. Degişli mesele Pnompen şäherinde Kambojanyň Syýahatçylyk ministri Huot Hak bilen Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň arasynda şenbe güni geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Kambojanyň Syýahatçylyk ministrligi habar berdi.
Türkmen telekeçileri Ýerewanda geçiriljek ulag-logistika sergisine çagyrylýar
Türkmen telekeçileri 2026-njy ýylyň 4–6-njy sentýabry aralygynda Ermenistanyň Ýerewan şäherinde geçiriljek “Trans EXPO 2026” ulag we logistika boýunça 25-nji halkara ýöriteleşdirilen sergä gatnaşmaga çagyrylýar. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär.
“Türkmenbaşy-Garabogaz-Gazagystan serhedi” awtomobil ýolunyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar
“Türkmenbaşy-Garabogaz-Gazagystan serhedi” awtomobil ýolunyň “Türkmenbaşy-Garabogaz” böleginde umumy uzynlygy 207 kilometr bolan, şeýle-de “Garabogaz-Gazagystan serhedi” böleginde umumy uzynlygy 43,6 kilometr bolan täze, döwrebap awtomobil ýolunyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar.
Awaza – halkara dialogyň merkezi: Türkmenistan 2026-njy ýylyň sammitlerine taýýarlanýar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlary kesgitlenildi hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda iri halkara forumlaryny geçirmek boýunça meýilnamalara garaldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.