Habarlar
Habarlar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa döwlet sapary tamamlandy
17-nji iýulda Gruziýa döwlet saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzäniň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, 16-njy iýulda hormatly Prezidentimiz döwlet sapary bilen Gruziýa bardy.
Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine emeli aň bilen bagly täze ugurlar açylýar
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde Bakalawr maksatnamasy boýunça emeli aň we ekspert ulgamlary taýýarlygyň ugry, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde emeli aň we maglumatlary seljermek hünäri täze açylar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde çap edilen söhbetdeşlikde habar berildi.
Aşgabatda türkmen-özbek syýasy geňeşmeleri geçirildi
Golaýda Aşgabatda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda nobatdaky syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, özbek tarapyna bolsa Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Bahtiýor Saidow ýolbaşçylyk etdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gruziýa döwlet sapary başlandy
16-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Gruziýa ugrady. Döwlet Baştutanymyz Tbilisi şäherine ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
“Altyn Asyr” milli operatory täze 72-lik tor koduny işe girizdi
Türkmenistanyň öýjükli aragatnaşyk boýunça milli operatory “Altyn Asyr” täze 72 tor koduny işe girizdi. Bu barada THP habar berýär.
Ylmy-lukmançylyk diplomatiýasy: ählumumy saglygy goraýşyň bähbidine tagallalary birleşdirip
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan milli saglygy goraýyş ulgamyny düýpli özgertmek maksatnamasy hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanlylaryň saglygyny goramaga gönükdirilen giň gerimli işler meýilnamalaýyn esasda alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi
15-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyna, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň wajyp meselelerine garaldy.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Birleşen Milletler Guramasy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda 7-nji iýulda Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň (UNODC) halkara bilermeni Jim Newkirk bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň esasy maksady taraplaryň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna, bilelikde amala aşyrylan işleriň netijelerine hem-de gazanylan üstünliklere netijeli baha bermekden ybarat boldy. Bu barada gullugyň metbugat gullugy habar berdi.
Türkmenistanyň üstaşyr ulag mümkinçilikleri
Häzirki zaman dünýä ykdysadyýetinde ulag-logistika ulgamy döwletleriň, sebitleriň özara integrasiýasyny üpjün edýän iň esasy guraldyr. Türkmenistanyň özüniň amatly geografiki ýerleşişi netijesinde taryhy Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyz Ýewraziýa materiginiň iň iri üstaşyr (tranzit) çatrygyna öwrülýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.