Habarlar
Habarlar
Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde täze, döwrebap Bagtly zamana obasynyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara
Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda uly dabara bilen giňden bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy hem-de Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde täze, döwrebap Bagtly zamana obasynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
YNSANYŇ IŇ BEÝIK BAÝLYGY – SAGLYKDYR
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýän ýurdumyzda adam hakdaky alada ýugrulan beýik işler soňky ýyllarda eziz Watanymyzda saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleriň diňe bir Türkmenistan diýarymyzda däl, eýsem, bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýandygyny äşgär etdi.
Halk Maslahaty: özgertmeleriň baş maksady Türkmenistanyň ilaty üçin eşretli durmuşy üpjün etmekdir
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda iş alyp barýan halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Halk Maslahatynyň her mejlisi Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm wakadyr. Onuň ýakynda, sentýabr aýynda boljak mejlisi ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygynyň we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçiriler, bu bolsa foruma aýratyn ähmiýet berýär.
Aşgabadyň merkezinde döwrebaplaşdyrylan “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy” seýilgähi açyldy
Golaýda Aşgabatda döwrebaplaşdyrylan “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllyg”» seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy. Dabara Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar we çagalar gatnaşdylar.
Türkmenistanda ykdysady üstünlikleriň sergisi geçiriler
2025-nji ýylyň 18-20-nji sentýabry aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli ykdysady üstünlikleriň sergisi geçiriler.
Daşoguz welaýatynda täze Bitaraplyk şäherçesi açyldy
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde häzirki zaman şähergurluşyk talaplaryna laýyk gurlan täze Bitaraplyk şäherçesi dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Türkmenistanda pagta ýygymy möwsümine badalga berildi
Türkmenistanda 10-njy sentýabrda pagta ýygymy möwsümine girişildi. Bir wagtyň özünde ähli welaýatlarda badalga alan bu oba hojalyk möwsümi agrar pudagyň ösüşinde we milli ykdysadyýetiň kuwwatynyň pugtalanmagynda möhüm ähmiýete eýedir. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Ählumumy parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýolunda möhüm başlangyçlar
Parahatçylyk söýüjilik we oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlup, häzirki täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýän Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasyny düzýär. Bitarap ýurdumyz öz üstüne alan halkara borçnamalaryna üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edilýär.
CIET 2025 maslahatynda Aşgabat şäheriniň ulag infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylmagy ara alnyp maslahatlaşylar
Türkmenistanda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynyň ösüşi» — CIET 2025 halkara maslahatyna taýýarlyk başlandy. Bu çäre 2025-nji ýylyň 3–5-nji noýabry aralygynda Aşgabatda geçiriler. Geçen ýylky foruma dürli ýurtlardan 400-den gowrak wekil we 50 çykyş ediji gatnaşypdy.
2025-nji ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyny ösdürmek wezipesi geçen aýda geçirilen köp sanly halkara çärelerde — syýasy geňeşmelerde, işewürlik gepleşiklerinde, maslahatlarda, sanly ulgam arkaly guralan okuw maslahatlarynda, medeni çärelerde ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.