Habarlar
Habarlar
16aaa197ab94d7.jpeg
1 aý ozal
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidentiniň ara­syn­da gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di

15-nji sentýabrda Ko­re­ýa döw­let sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de hor­mat­ly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti Li Çže Mýo­nuň ara­syn­da iki­ta­rap­la­ýyn gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di. Ozal ha­bar ber­li­şi ýa­ly, hor­mat­ly Prezidentimiz 14-nji sent­ýabr­da döw­let sa­pa­ry bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­na bar­dy.

16aa8cd79602f6.jpeg
1 aý ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy

14-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde alnyp barylýan işler, daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwretmäge ýöriteleşdirilen döwrebaplaşdyrylýan mekdebiň, çagalar bagynyň we sport toplumynyň gurluşyk hem-de içki bezeg işleriniň şekil taslamalary bilen tanyşdy.

16aa59985dbe24.jpeg
1 aý ozal
Türkmenistanyň awiasiýa pudagynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreler durmuşa geçirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 11-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Annaýew “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň işini has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

16aa8c953d1f64.jpeg
1 aý ozal
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy

14-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen, şeýle hem “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji sammitine gatnaşmak üçin Koreýa Respublikasyna ugrady.

16aa5984c3c181.jpeg
1 aý ozal
Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralara taýýarlyk görülýär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 11-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly senesi mynasybetli geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berdi, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti.

16aa7779ad4f5f.jpeg
1 aý ozal
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda binýat bolan Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany”: parahatçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň giňişligi” atly ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi. Oňa ýurdumyzyň Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň agzalary gatnaşdylar.

16aa595e15fb44.jpeg
1 aý ozal
Baku porty bilen Türkmenistanyň portlarynyň arasyndaky haryt dolanyşygy 34,6% artdy

Baku halkara deňiz porty bilen Türkmenistanyň portlarynyň arasyndaky haryt dolanyşygy deslapky görkezijilere görä, 2026-njy ýylyň ilkinji sekiz aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 34,6 göterim artdy. Bu barada Azerbaýjanyň “Azerbaýjan demir ýollary” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine salgylanyp, “AZERTAC” habarlar agentligi habar berdi.

16aa5955260d76.png
1 aý ozal
Türkmenistan Hazarüsti geçelgesiniň sanlylaşdyrylmagy boýunça seminara gatnaşdy

Türkmen wekiliýeti Baku şäherinde Hökümetara TRASEKA Komissiýasynyň (HKTK TRASEKA) Hemişelik sekretariatynyň merkezinde gibrid görnüşde geçirilen “Multimodal sanly Hazarüsti geçelgesini ösdürmek: usulyýet we indiki ädimler” atly 22-nji halkara seminara gatnaşdylar.

16aa58fc42c7d1.jpeg
1 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi

11-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça döwlet ministri Kenji Ýamadany kabul etdi.

16aa58ecf26ba7.jpeg
1 aý ozal
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

11-nji sentýabrde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.