Habarlar
Habarlar
«Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
Sizi Hazar deňziniň güni hem-de «Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Gazagystan Beýnew – Saksaulsk aralygyndaky Aral–Hazar awtomobil ýolunyň gurluşygyna başlady
Gazagystan uzynlygy 800 kilometre barabar bolan we möhüm halkara ulag geçelgesine öwrülmegi göz öňünde tutulýan täze Beýnew – Saksaulsk awtomobil ýolunyň gurluşygyna başlady. Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 3-nji awgustda geçirilen teleköpri arkaly ýoluň gurluşygyna badalga berdi. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugy habar berýär.
"Onlaýn taksi" we "Ynamly taksi" ulanyjylary sürüjilere baha bermäge çagyrylýar
«Onlaýn taksi» we «Ynamly taksi» mobil goşundylarynyň ulanyjylary her bir tamamlanan sapardan soň sürüjileriň işine ýyldyz ulgamy arkaly baha berip, teswir hem-de tekliplerini galdyryp bilerler. Şeýle mümkinçilik hyzmatyň hilini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Gahryman Arkadagymyz Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy
10-njy awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy.
Sagdyn durmuş ýörelgelerini ilerletmek — döwlet syýasatynyň möhüm ugry
7-nji awgustda zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ir säher bilen Hazaryň kenarynda welosipedli ýörişi amala aşyrdy. Munuň özi jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek bilen baglanyşykly meseleleriň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi.
Watanymyzyň we halkymyzyň bähbidine döredijilikli syýasat
Geçen hepdäniň wakalary Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän döredijilik we ösüş syýasatynyň yzygiderli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýany boldy. Döwletimiziň ählitaraplaýyn ösüş strategiýasynyň esasy maksady jemgyýetiň intellektual hem-de ruhy mümkinçiliklerini amala aşyrmakdan, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
Baku şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýetine we BMG-niň «Halkara hukugyň ýyly, 2028» atly Kararnamasyna bagyşlanan maslahat geçirildi
2026-njy ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýeti we Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň « Halkara hukugynyň ýyly, 2028-nji ýyl» atly Kararnama bagyşlanan maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Şäherara awtobus biletleri sanly ulgamda
Welaýatara awtobus gatnawlary üçin bilet almak indi ozalkysyndan hem aňsatlaşdy we elýeterli boldy. Ýolagçylar şäherara syýahatlaryny öýden çykmazdan, birnäçe minutda meýilleşdirip bilýärler. Bu täze ulgam adaty kassalarda nobatda durmak aladasyny doly aradan aýyrýar.
Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy uly ösüşler bilen dowam etdirilýär
Arkadag şäheriniň häkimliginde geçirilen maslahatda ýylyň ilkinji ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenilip, «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilýän Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň ýokary depginler bilen dowam edýändigi bellenildi.
Aşgabat ÝHHG we Şweýsariýa bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ÝHHG) başlyklyk edýän Şweýsariýa Konfederasiýasynyň wise-prezidenti, Daşary işler federal departamentiniň başlygy Inýasio Kassisi kabul etdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.