Habarlar
Habarlar
Azerbaýjan Türkmenistana “Dostluk” nebit tankerini sowgat berdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyrýan döwlet saparynyň çäklerinde duşenbe güni iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň we resmi wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda Bakuda “Dostluk” nebit tankeriniň gowşurylmagyna bagyşlanan dabara geçirildi. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berýär.
«Türkmentelekom» işewürlik üçin «Call-center» hyzmatyny hödürleýär
«Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy ýuridiki şahslar üçin kiçi, orta we iri telekeçilige niýetlenen «Call-center» hyzmatyny hödürleýär.
Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy täze tehnologiýalary ornaşdyrýar we halkara dialogyny giňeldýär
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy migrasiýa gözegçiliginiň we dolandyryşynyň milli ulgamyna dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini hem-de tehnologik innowasiýalaryny ornaşdyrmaga yzygiderli çalyşýandygyny görkezýär. Edarany ösdürmek we halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça toplumlaýyn strategiýanyň çäklerinde, gullugynyň wekilleri şu ýylyň iýun aýynda birnäçe iri daşary ýurt we sebitara çärelerine gatnaşdylar.
Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligine badalga berildi
22-nji iýunda Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy.
Türkmenistan demir ýol ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkidýär
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Annaýew şenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde demir ýol ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Türkmenistan — Özbegistan: hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ilerledip
20-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 19-njy mejlisi geçirildi. Oňa toparyň türkmen tarapyndan agzalary, Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Jamşid Hojaýewiň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekiliýet topary gatnaşdy.
Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar
Ýakynda Eswatini Patyşalygynda önümçilik toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Şol gün gurluşyk işlerine resmi taýdan badalga berildi. Dabara «Aýdyň Gijeler» kompaniýasynyň wekilleri bilen bir hatarda Eswatini Patyşalygynyň ýokary derejeli resmi wekilleri hem gatnaşdylar.
Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitine taýýarlyk görmek boýunça ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitine taýýarlyk görmek boýunça ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy. Maslahat Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçdi, diýip Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň ulag ministri bilen duşuşdy
Golaýda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi M.Seýitmämmedowyň Katar Döwletiniň ulag ministri Şeýh Muhammed bin Abdulla bin Muhammed Al Tani bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet sapary başlandy
22-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Azerbaýjan Respublikasyna ugrady. Döwlet Baştutanymyz Azerbaýjana ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.