Habarlar
Habarlar
Türkmenistanda ÝHD-niň jerimelerini tölemek üçin täze mobil goşundysy işe girizildi
Türkmenistanda ýol hereketiniň düzgün (ÝHD) bozulmalarynyň jerimelerini tölemek üçin «Galkan» atly täze mobil goşundy işe girizildi. Goşundy Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi (TIIM) tarapyndan işlenip düzüldi we häzirki wagtda ýükläp almak üçin Google Play internet dükanynda elýeterli bolup, ýakyn wagtda App Store internet dükanynda hem elýeterli bolar.
«Derýaýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň guwandyryjy netijeleri
Türkmenabat şäherinde ýerleşýän, ýurdumyzyň halk hojalygy üçin zerur bolan ýükleri daşamak, gämileri we läbiksorujylary abatlamak, Amyderýanyň hanasyny arassalamak we çuňaltmak, ulag we gurluşyk hyzmatlaryny amala aşyrmak ýaly işleri alyp barýan «Derýaýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde işleriň guramaçylykly ýola goýulmagy netijesinde ýokary zähmet üstünlikleri gazanylýar.
2024-nji ýylyň birinji çärýeginde «DP World» terminallarynda konteýner dolanyşygy ýokarlandy
Dubaý terminalynyň we «DP World» logistika korporasiýasynyň maýa goýum bukjasyndaky terminallar 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde 20,7 million TEU-dan geçdi. Bu bolsa bir ýyl ozalkydan 6% köpdür. Bukjanyň düzümindäki üýtgeşmeleri hasaba almazdan deňeşdirip boljak ösüş 5,5% boldy.
Aşgabatda ulag pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça türkmen-yrak gepleşikleri geçirildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde iki ýurduň DIM-leriniň arasynda türkmen-yrak syýasy geňeşmeleri geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew, yrak tarapyna Yragyň daşary işler ministriniň orunbasary Mohammed Bahr Al-Ulum ýolbaşçylyk etdi.
Awaza bilen Horezmiň arasynda syýahatçylyk hyzmatdaşlygynyň geljegi öwrenilýär
Türkmenistan we Özbegistan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy bilen Horezm sebitiniň arasynda özara syýahatlary guramak maksady bilen hyzmatdaşlyk maksatnamasyny döretmek mümkinçiligini öwrenýärler. Bu barada Özbegistanyň “yuz.uz” agentligi habar berdi.
Türkmen wekiliýeti Sankt-Peterburgdaky Halkara ykdysady foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň çakylygy boýunça Sankt-Peterburgda geçirilýän Halkara ykdysady foruma (SPIEF-2024) gatnaşýar.
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň wekiliýeti Maglumat kommunikasiýa tehnologiýalarynyň «TIBO 2024» atly halkara XXX ýubileý forumyna gatnaşýar
5-8-nji iýun aralynda Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde geçirilýän foruma telekommunikasiýa pudagyna degişli GDA agza döwletleriň we birnäçe halkara guramalaryň ýolbaşçylary, wekilleri we bu ugurda ýöriteleşen bilermenler gatnaşýar.
Daşoguz welaýatynyň ilatyna döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň ençemesi sowgat edildi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda bir bitewi halkalaýyn energoulgamyny döretmegiň taslamasynyň çäginde «Balkan–Daşoguz» ugry boýunça her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan täze howa elektrik geçirijisini we beketleri işe girizmek dabarasynyň çäginde ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynyň ilatyna döwrebap ýolagçy awtobuslaryny sowgat etmegi hemmeleriň buýsanjyny goşalandyrdy.
Türkmenistan Russiýadan Merkezi Aziýa Ýurtlaryna, Owganystana we Pakistana ýük geçirýän ulag merkezi bolar
Astrahan şäheriniň häkimi Igor Babuşkiniň ýakynda tamamlanan «Russiýa ‒ Yslam dünýäsi: KazanForum – 2024» atly XV halkara ykdysady forumynda eden çykyşynda Russiýanyň bu sebitiniň halkara gatnaşyklarynyň artýan ýagdaýynda Astrahanyň «Lotos» aýratyn ykdysady zolagynda Türkmenistanyň logistika merkezini döretmegiň ähmiýeti bellenip geçildi.
ÝUNISEF we «Türkmenhowaýollary» çagalaryň awiasiýa gyzyklanmasyny artdyrmak üçin bilelikdäki tagallalary utgaşdyrýarlar
Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli ÝUNISEF-iň we «Türkmenhowaýollarynyň» guramagynda çagalaryň awiasiýa pudagy bilen tanyşlygy guraldy. «Döwletliler köşgünde» bilim alýan ýetginjekler awiasiýa pudagy we bu özüne çekiji ugurda dürli hünärler bilen tanyşdylar. Bu başlangyç ÝUNISEF-iň Bilim ministrligi bilen çagalary STEM (ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika) hünärleri bilen tanyşdyrmak üçin alyp barýan hyzmatdaşlygynyň bir bölegidir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.