Habarlar
Habarlar
RÖWŞEN GELJEGIMIZ – BAGTYÝAR NESILLER
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahat ýaşaýşyň hözirini görýän türkmen halkymyz ýurdumyzyň geljekgi eýeleri bolan ýaş nesillerimize, olaryň edep-terbiýesine uly üns berip, bu babatda çäksiz uly işler amala aşyrylýar.
Gazagystan bilen Hytaý emeli intellekt barlaghanasyny döreder
Gazagystan bilen Hytaý emeli intellekt barlaghanasyny döretmek boýunça bilelikdäki taslama başlar. Gazagystanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli Ylymlar akademiýasy, Hytaýyň Çžeszýan tehnologiýa uUniwersiteti bilen ähtnama gol çekdi, onuň çäginde wagtlaýyn emeli intellekt we durnukly ösüş halkara bilelikdäki laboratoriýasy dörediler.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
7-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2024-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.
Türkmenistanyň wekiliýeti Astanada geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary derejedäki duşuşygyna gatnaşdy
Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Pekin jarnamasynyň we Hereketleriň platformasynyň 30 ýyllygy mynasybetli 6-njy fewralda Astanada geçirilen ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşdy.
2025-nji ýylyň ýanwary: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda ýurdumyzda hem-de daşary döwletlerde guralan dürli mazmunly çärelerde — duşuşyklarda, syýasy geňeşmelerde, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki gepleşiklerdir maslahatlarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan «Açyk gapylar», giň gerimli halkara hyzmatdaşlyk syýasaty öz aýdyň beýanyny tapdy.
Türkmenistan bilen Gazagystan üstaşyr babatda bilelikdäki möhüm taslamalary durmuşa geçirer
Gazagystan Respublikasynyñ daşary işler ministri, premýer-ministriñ orunbasary Murat Nurtleu Gazagystan bilen Türkmenistanyñ üstaşyr babatda bilelikdäki möhüm taslamalary barada aýtdy diýip, Kazinform habar berýär.
Türkmenistan Tähranda YHG-niň ýokary derejeli mejlisine gatnaşdy
Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 3-nji fewralda Tähran şäherinde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň ýokary derejeli komitetiniň ilkinji mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
“Žanaozen-Türkmenistan serhedi” ýoly tutuşlygyna abatlandyrylar
Gazagystanda awtomobil ýollarynyň, şol sanda “Žanaozen-Türkmenistan serhedi” böleginiň gerimli abatlaýyş işleri geçiriler. Bu barada hökümet mejlisinde Gazagystanyň ulag ministri Marat Karabaýew habar berdi.
Türkmenistan we Özbegistan gümrük serhedinde geçirijilik ukybyny artdyrýar
Türkmenistan bilen Özbegistanyň gümrük gulluklarynyň arasynda geçirilen wideoaragatnaşyk arkaly maslahatda "Farap awtoýollary–Alat" barlag-geçiriş nokadynyň geçirijilik ukybyny has-da artdyrmak kararyna gelindi. Taraplar gümrük amallaryny gowulandyrylmagyny we tejribe alyşmak boýunça bilelikdäki çäreler barada ylalaşdylar.
Rumyniýa Türkmenistanyň “akylly” şäher konsepsiýasyna gyzyklanma bildirýär
2025-nji ýylyň 4-nji fewralynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi A.Anaýew Rumyniýanyň Akylly şäherler birleşiginiň (RAŞB) ýolbaşçysy jenap Eduard Dumitrasku bilen duşuşyp, hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.