Habarlar
Habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy
17-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçuk bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegini işe girizmek göz öňünde tutulýar
Geçen hepde geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýylda ýurdumyzda açylmagy meýilleşdirilýän we düýbi tutuljak desgalar barada aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi
17-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçugy kabul etdi.
Türkmen hünärmenleri gämileriň howpsuz ýüzmegini üpjün etmegiň tejribesi bilen tanyş boldular
«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň ýanyndaky Türkmenistanda gämi gatnawyna döwlet gözegçilik administrasiýasynyň wekilleri «Gämileriň ulanylyşy üçin şahadatnamalaşdyrmak» temasyndan okuwa gatnaşdylar. Çäre Bureau Veritas Marine & Offshore sas (BV) fransuz klassifikasiýalaşdyryş jemgyýetiniň ýardam etmeginde Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirildi.
«Türkmenulaggözegçilik» resmi saýtyny üýtgetdi
«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Türkmenulaggözegçilik» döwlet kärhanasy resmi saýtynyň domenini tugdk.gov.tm edip üýtgetdi. Ozal resmi çeşme ulaggozegchilik.gov.tm domeninde ýerleşdirilýärdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17-nji fewralda gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy we birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň ulag kompaniýalaryny telekeçilige goldaw bermek maksatnamasyna çagyrýarlar
Beýik Britaniýanyň logistika we ulag boýunça Patyşalyk institutynyň Merkezi Aziýadaky wekilhanasy (СILT Central Asia) Türkmenistandan logistika we ulag kompaniýalaryny USAID-iň Merkezi Aziýada söwda boýunça Maksatnamasy bilen bilelikde ýerine ýetirilýän telekeçilige goldaw bermek maksatnamasyna çagyrýar.
«Türkmenawtoulaglary» 607 ugur boýunça ýolagçylary gatnadýar
«Türkmenawtoulaglary» agentligi arkaly ýurdumyz boýunça 607 ugra ýolagçy gatnawlary ýerine ýetirilýär. Şonuň 168-si şäheriçi, 336-sy şäherýaka, 103-si şäherara ugurlaryna degişlidir.
Özbegistandan Türkmenistana 20 sany tiz kömek ulagy berildi
Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy, şeýle hem ýakyn doganlyk gatnaşyklary esasynda birek-birege hormat goýmagyň alamaty hökmünde, iki dostlukly ýurduň arasynda kömek görnüşinde alyş-çalşygy geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygyny kabul etdi
15-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Alekseý Milleri kabul etdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.