Habarlar
Habarlar
Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda agzybirlik
Halkymyz öz asyrlaryň, müňýyllyklaryň dowamynda milletiň ruhy-ahlak çelgilerini döreden, milli medeniýeti wagyz-eden şahyrlarynyň, danalarynyň sarpasyny belentden tutup gelýär. Şol sebäpli Nurmuammet Andalyp, Abdylla Şabende, Döwletmämmet Azady, Mahmyt Gaýyby, Şeýdaýy, Magrupy ýaly dana söz ussatlarynyň sarpasy asyrlardan-asyrlara aşyp, şu günki nesillerimiziň aňynda saklanyp gelýär.
Hünäre söýgi bolanda
Tutuş ýurduň ykbalyna dahylly bolmak, halkyňa, il-güne, ata-eneňe wepaly perzent bolup ýetişmek durmuşyň iň uly bagtydyr. Ine, bu garaýyşlardan ugur alyp, öz ykbalyny ýurduň ykbalynda görýän, öz bähbidinden halkyň bähbidini üstün goýýan, ýürekleri hemişe jan Watanym, halkym diýip urýan Arkadagly Serdarly döwrümiziň ýaşlary tüýs Türkmenistan döwletimiziň ýagty ertirlerini döretjek ynsanlardyr. Islendik bir kärhanada buhgalter işi iň bir möhüm wezipeleriň biridir.
Saýlawlara görülýän taýýarlyk
“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan asylly ýörelgeleri netijesinde ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda işler sazlaşykly guralýar. Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary esasynda şu ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň bäşinji çagyrylyşynyň agzalarynyň, Geňeşiň 9-njy çagyrylyşynyň agzalarynyň saýlawlary geçirilýär.
Türkmenistan Russiýanyň günorta sebite geçelgesi hökmünde çykyş eder
Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň netijesinde ýakyn geljekde Russiýanyň Günorta Aziýa çykalgasy hökmünde Türkmenistanyň geçelge bolup hyzmat etjekdigi dogrusynda “OilPrice” internet resursy habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Mary welaýatyna iş sapary
7-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde ýerine ýetirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen tanyşdy.
В Туркменистане запустили проект «Виртуальный музей», передает «МИР 24».
Теперь можно, не выходя из дома, ознакомиться с культурным наследием туркменского народа. Увидеть уникальные экспонаты коллaекций, многие из которых передавались из поколения в поколение, детально изучить артефакты, старинные карты, ковры.
ÖSÜŞLERIŇ AÝDYŇ BEÝANY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň beýleki ulgamlar bilen bir hatarda ýurdumyzyň binagärlik ulgamyna uly üns bermegi netijesinde, ýurdumyzyň gurmak, döretmek, öndürmek kuwwatlygy barha artyp, gazanylýan netijeler täze basgançaklara çykýar. Ýurdumyzyň Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezi hormatly Arkadagymyzyň ak patasy bilen, gurluşygyna badalga beren şäheridir.
Azerbaýjanyň ýük-ýolagçy paromy Türkmenistana geldi
Azerbaýjanyň ýük-ýolagçy paromy «Zarifa Aliýewa» Türkmenistana geldi. Gämi Türkmenbaşy Halkara portuna bolan ilkinji ýüzüşinde 16 agyrulag we 20 sany ýük tirkegini getirdi. Bu ugur häzirki wagtda synagdan geçirilýär. Geljekde gämi günde bir gezek gatnaw eder. Bu barada «Mir24.tv» ýazýar.
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
7-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Авиакомпания «Туркменистан» вводит «сквозные» тарифы на внутренних рейсах
«Туркменские авиалинии» на днях открыли продажу билетов по специальным тарифам для маршрутов внутренних направлений в пределах Туркменистана.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.