Habarlar
Habarlar
Täze şäheriň gözellik keşbi
Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň gurluşygy Arkadagly Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň gös-göni gözegçiliginde, ýokary depginlerde alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan ― Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ajaýyp eserinde bu ýerlerden gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm şahasynyň geçenligi nygtalýar. Bu taryhy ýoluň häzirki zaman talaplary esasynda gatýtadan dikledilýän döwründe täze şäheriň gurluşygy aýratyn möhüm ähmiýete eýedir.
Aşgabat — Serhetabat otly gatnawy gaýtadan dikeldildi
Bu barada «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň resmi saýtynda habar berildi. Saýtda ýolagçy otlularynyň täze gatnaw tertibi çap edildi. Şoňa laýyklykda, Aşgabat — Serhetabat we Serhetabat — Aşgabat aralygyna otly gatnawy günaşa amala aşyrylar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere, şeýle-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
«Hakyda göwheri» – toý sowgady
Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynda ata-babalarymyzyň şöhratly geçmişi, taryhda yz goýan şahsyýetlerimiziň nusgalyk ýoly, halkymyzyň agzybirligi giňden beýan edilýär. Şeýle-de türkmen halkynyň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy baradaky gymmatly taryhy maglumatlara möhüm orun berlipdir.
YKDYSADY ÖZGERTMELER
Ýurdumyzda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy içerki sarp edijilere ýerlenýän tebigy gaz üçin hasaplaşyklary sanly ulgam arkaly nagt däl görnüşinde geçirmäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de ammarlarda haryt dolanyşygyny sanly ulgam arkaly amala aşyrmaga, gaz känleri we gaz gorlary barada maglumatlary sanly ulgam arkaly dolandyrmaga giň şertler emele gelýär.
Ýolagçy otly gatnawlarynyň täze tertibi
«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýolagçy otlularynyň täze gatnaw tertibini çap etdi. Bu barada orient.tm neşiri ýazýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gutlaglary
Türkmenistanyň Prezidenti Omanyň Soltanyny hem-de Latwiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
GURLUŞYK ULGAMYNDAKY ÖSÜŞLERIMIZ
Halkyň ýaşaýyş-durmuşynyň ähli ugurlarynda peýdalanýan binalardyr desgalary, ýollardyr ulaglary — bularyň ählisi gurluşyk ulgamynyň işini emele getirýär. Şu günki ajaýyp döwrümize çenli ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, täze demir we awtomobil ýollary, köprüler, elektrik stansiýalarydyr beketleri, suw süýjediji desgalar, däne saklaýjy we gaýtadan işleýji elewatorlar, ýaşaýyş-durmuş, medeni maksatly, binalardyr desgalar, önümçilik kärhanalary gurlup ulanylmaga berildi.
«Hakyda göwheri» — millilige ýugrulan gollanma
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň zähmet rugsadynda döredijilik işleri bilen meşgullanyp, «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň sowgat berilmegi ulus-ilimizde şatlyk we begenç duýgusyny döretdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleri ulag we energetika hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrdy
“Türkmenistan ulag we energetika pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi Türki Döwletleriň Guramasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görýär" diýip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.