Habarlar
Habarlar
Gyrgyzystan Türkmenistanyň üstünden Russiýa çykmagy meýilleşdirýär
Golaýda Gyrgyzystanyň Hökümetiniň Russiýa çykmaga mümkinçilik berjek günorta ulag geçelgesini döretmek meselesiniň üstünde işleýändigi barada habar berildi. Bu geçelge Gyrgyzystanyň günorta sebitlerinden Özbegistana, Türkmenistanyň üsti bilen Hazar deňzine we Türkmenbaşy Halkara deňiz portundan Astrahana çenli uzar.
Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisine gatnaşyjylara
Sizi Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisiniň öz işine başlamagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň köpýyllyk tejribä daýanýan ygtybarly binýadyny has-da berkitmekde we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmekde bu giň möçberli serginiň uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.
Türkmenistana Pakistanyň portlaryndan peýdalanmak teklip edildi
Pakistan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji taslamasynyň öz wagtynda tamamlanmagyna ygrarly bolmagynda galýar. Bu barada Pakistanyň Milli mejlisiniň başlygy Raja Perwez Aşraf, Türkmenistanyň Pakistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atajan Möwlamow bilen geçiren duşuşygynda mälim etdi.
“Demirýollary” AGPJ halkara bäsleşik yglan edýär
“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti maddy-tehniki serişdelerini satyn almak üçin aşakdaky lot boýunça gaýtadan №DÝ/AGPJ-026 belgili açyk halkara tender yglan edýär
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
13-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere seredildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2022-nji ýyl Ulag-kommunikasiýa ulgamy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynda, şol sanda ulag we kommunikasiýalar ulgamynda Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen oňyn özgertmeler yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary
11-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerine ugrady.
Fransiýanyň «Bureau Veritas” klassifikasion jemgyýeti bilen hyzmatdaşlyk täze sepgitlere çykýar
Häzirki wagtda «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi bilen Fransiýa Respublikasynyň «Bureau Veritas Marine & Offshore sas» klassifikasion jemgyýetiniň arasynda (BV) baglaşylan «Türkmenistanda bellige alnan gämileri şahadatnamalaşdyrmak boýunça hyzmatlara ygtyýar bermek hakynda Ylalaşygyň» çäklerinde hyzmatdaşlyk dowam edilýär.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
10-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda 2022-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek boýunça alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Wise-premýerleriň, aýry-aýry ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.
"Türkmenistanyň ulag we logistika merkezi" açyk paýdarlar jemgyýeti size aýratyn ýeňillikli nyrhlary hödürleýär
"Türkmenistanyň ulag we logistika merkezi" Türkmenbaşy portundan Poti we Türkmenbaşy portundan Mersine konteýner gatnawy üçin fewral aýynyň soňuna çenli dowam edýän ýeňillikli nyrhnamalary hödürleýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.