Habarlar
Habarlar
16501986027ea7.jpeg
2 ýyl ozal
Ýaş nesilleriň mertebe sapagy

1-nji sentýabyrda türkmen halkynyň Milli  Lideriniň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem–de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy sapak geşdi. Oňa ýurdumyzyň jemgiýetçilik guramalaryň wekilleri, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda işleýän ýaş hünärmenler, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, mugallymlary we talyplary mekdep okuwçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

1650199c99fff4.png
2 ýyl ozal
Bagtyýar nesilleriň ruhlandyryjy sapagy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlaryň ähli taraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli-ylymly we eli hünärli bolmagy üçin başlangyçlaryny başlap beren Gahryman Arkadagymyzyň asylly ýoluny hormatly Prezidentimiz uly üstünlikler bilen dowam edýär.

165019b0873362.png
2 ýyl ozal
Döwletliligiň mekdebi

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhammedowyň 2023-2024-nji täze okuw ýylynyň ilkinji gününde ýaşlar bilen duşuşyp, ýurdumyzyň taryhyna, ýaş nesliň borçlaryna bagyşlanan umumy sapagy geçmegi taryhy gymmata eýe boldy.

1652c461c29104.jpeg
2 ýyl ozal
BILIM ULGAMYNDAKY ÖZGERTMELER

Türkmenistanda döwrebap orta we ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglary, sagaldyş-dynç alyş merkezleri gurulýar hem-de hereket edýär. Bilim edaralaryny zerur okuw kitaplary, gollanmalar bilen üpjün etmek, täze tehnologiýalary we halkara ölçeglere gabat gelýän öň­debaryjy okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrmak boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.

1652c481d50a21.jpeg
2 ýyl ozal
YLYM — KÄMILLIGIŇ GÖZBAŞY

Ylym-bilim diýlende ýurduň ähli ugurlardaky ösüşleri göz öňüňe gelýär. Çünki ylmyň bar ýerinde ykdysady ösüşem, tehniki ösüşem, medeni gatnaşyklardaky ösüşler hem kemala gelýär. Ylym adamyň jemgyýetde özüni alyp barşyna-da, ahlak sypatlaryna-da, sözleýiş medeniýetine-de täsirini ýetirýär. Ylym — kämilligiň gözbaşy. Ylym ömrüň ýagtylygy.

1652c48e59954c.jpeg
2 ýyl ozal
SANLY BILIM TEHNOLOGIÝALARYNYŇ KEMALA GETIRILMEGI

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň bilim ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. 

1653b76ddc6965.jpeg
2 ýyl ozal
TÜRKMEN ALABAÝYNYŇ GÜNI

Türkmenistanda her ýyl oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde türkmen alabaýynyň gününi uludan belleýärler. Ýurdumyzyň çäklerinde geçirilen ylmy-barlag işleriniň netijesinde alabaý tohumyndaky itleriň taryhyna degişli gymmatly maglumatlar yzygiderli ýüze çykarylýar.

1653b77ee49b7b.jpeg
1 hepde ozal
Sanly ykdysadyýetde tehnologik özgertmeler

Häzirki döwürde ýurdumyz örän uly tehnologik ösüşi başdan geçirýär. Munuň özi Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça uzak möhletleýin maksatnamanyň ileri tutulýan ugurlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şonda öňdebaryjy düzüm böleklere ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynda, ýerlerdäki işleriň kompýuterleşdirilmeginde iň oňat dünýä tejribesiniň özleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

1653b784658b6d.jpeg
2 ýyl ozal
GOŇŞY ÝURDUNA GAÝYBANA SYÝAHAT

Türkiýe Respublikasy — bir bölegi Aziýanyň günorta-günbatar böleginde, beýleki bölegi Günorta Ýewropada ýerleşýän döwlet. Ýurduň territoriýasynyň easy bölegi Anatoliýa ýarymadasynda (Kiçi Aziýa ýarymadasy) Gara deňiz bilen Ortaýer deňziniň aralygynda ýerleşýär.

1654a92284209c.jpeg
2 ýyl ozal
TÜRKMEN HALKYNYŇ BEÝIK AKYLDARY

Gün­do­gar ede­bi­ýa­tyn­da özü­niň aja­ýyp dö­re­di­ji­li­gi bi­len öç­me­jek yz gal­dy­ran be­ýik akyl­dar­la­ryň bi­ri hem Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­dyr. Be­ýik şa­hy­ryň şy­gry­ýet dün­ýä­sin­de türk­men hal­ky­nyň dur­mu­şy öz aý­dyň beýanyny ta­pyp­dyr. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şy­gyr­la­ry dur­muş­da dog­ry ýo­ly sal­gy ber­ýän öz­bo­luş­ly ýol-ýö­rel­ge­dir.   

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.