Habarlar
Habarlar
1622f62879d188.jpeg
3 ýyl ozal
ÝAŞULU­LA­RYŇ­ GÖ­REL­DE­SI ­—­ ÝAŞLARA ÝÖRELGE

Ýaşlyk — ömrüň iň bir arzyly döwri. Onda hyjuw bar, joşgun bar, ylham bar. Ynsan ömrüniň dowamlylygyny möwsümler bilen ölçesek, ýaşlyk onuň bahar paslydyr. Ýaşlyk ömür daragtynyň gül açan çagydyr. Ýaşlar diýen düşünje gönüden-göni bilim düşünjesi bilen utgaşýar. Häzirki wagtda ruhubelent, ýokary ahlakly we bilimli ýaş nesli kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň anyk kesgitlän döwlet ösüşiniň strategik wezipeleriniň biridir.

1622f6454623d7.jpeg
3 ýyl ozal
ABADANÇYLYGYŇ ŞUGLASY

Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň eline gowşan «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly täze kitaby «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň taryhy wakalarynyň üstüni ýetirdi. Täze neşiriň Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününde halkymyza peşgeş berilmegi hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary bilen hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglanylmagy bu hünär baýramçylygyna ajaýyp sowgat boldy.

1624458d4b7ce4.jpeg
1 ýyl ozal
DATLY NYGMAT

Gawun bereketli türkmen topragynyň behişti nygmatlarynyň biridir. Şonuň üçin-de tagamyna taý tapylmajak bu ajaýyp şirin-şeker nygmat türkmen halkymyzyň milli baýlygy, halal mirasy we bakjasynyň bezegi, buýsanjy hasaplanylýar. Halkymyzy beýik bagta ataryp, eşretli döwrana ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly: „Türkmen gawuny halkymyzyň rysgal çeşmesiniň dury bulagydyr, tagamyna taý tapylmajak nygmatydyr“.

16247ec5c09bc9.jpeg
3 ýyl ozal
POMIDORYŇ ÄHMIÝETI WE ONDAN TAÝÝARLANYLÝAN KONSERWA ÖNÜMLERI

Hormatly Prezidentimiziň tassyklan “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda ýurdumyzyň oba hojalygynda köptaraplaýyn işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan yglan edilen azyk garaşsyzlygyny doly gazanmak syýasaty häzirki döwürde özüniň ajaýyp miwelerini berýär.

1624d205fe1830.jpeg
3 ýyl ozal
Bilimli ýaşlar - kuwwatly Watan

Turuwbaşdan şöhratly günleri peşgeş beren «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň ajaýyp bahar pasly ýurdumyza hakyky ýaz ýakymy bilen geldi. Şeýle günlerde ýurdumyzda uly jemgyýetçilik-syýasy çäräniň — Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi hem-de onuň esasynda hormatly Serdar Berdimuhamedowyň döwlet Baştutanynyň wezipesine saýlanylmagy döwletimizde demokratiýanyň giňden dabaralanýandygynyň aýdyň subudy boldy.

16330af7181c2e.jpeg
1 ýyl ozal
Ýaşlar — aýdyň geljegimiz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň her bir güni türkmen taryhynyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Ýurdumyzda halkymyzyň abadan ýaşaýşy, ýaşlarymyzyň döwrebap şertlerde ylym we bilim almagy ugrunda döwlet derejesinde aladalar edilýär. Şu nukdaýnazardan, eziz Diýarymyzda bolup geçýän her bir taryhy waka halkymyzyň ruhuny belende göterýär.

1618bfd74b3151.jpeg
1 ýyl ozal
Bitaraplyk — parahatçylygyň gözbaşy

Türkmenistan hemişelik Bitarap hukuk ýagdaýyna eýe bolmak bilen, umumadamzat gymmatlyklaryna we demokratiýanyň ýörelgelerine eýermek, ýurduň içinde raýat asudalygyny üpjün etmek, Birleşen Milletler Guramasy we beýleki halkara guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolup, parahatçylyk söýüjilik syýasatyny ýöretmek ýaly borçlary öz üstüne aldy hem-de üstünlikli berjaý edýär.

16753da72066c2.jpeg
1 ýyl ozal
BITARAPLYK — ABADANÇYLYGYŇ AK ÝOLY

Türkmenistanyň halky ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň şanly senesini her ýyl uly buýsanç bilen dabaralandyrýar. Şanly senäniň hormatyna guralýan dabaralar halkymyzyň asylly däp-dessurlary, asyrlaryň dowamynda döreden ruhy gymmatlyklary we ynsanperwer ýörelgeleri bilen utgaşýar.

1657370a09274f.jpeg
1 ýyl ozal
HEMIŞELIK BITARAPLYGYMYZ — MILLI BUÝSANJYMYZ

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bu günki gün Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy sebitde we halkara derejesinde durnuklylygy üpjün etmegiň aýrylmaz bölegi we möhüm şerti hökmünde çykyş edýär. Halkara durmuşyna işjeň gatnaşmak arkaly ählumumy parahatçylygy saklamak üçin zerur şertleri döretmäge, sebitde we dünýäde wajyp meseleleriň oňyn çözgüdine ygrarly bolmaga giň mümkinçilikleri döredýär, durnukly ösüşiň maksatlaryny ileri tutýar.

164faac8cbd73d.jpeg
2 gün ozal
SANLY BILIM ULGAMYNYŇ GIŇ GERIMLI ÖSÜŞI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýän Türkmenistan döwletimiz ykdysady taýdan kuwwatly ýurda öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly milli ykdysadyýetimiz barha kuwwatlanýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.