Habarlar
Habarlar
SANLY BILIM ULGAMYNYŇ GIŇ GERIMLI ÖSÜŞI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýän Türkmenistan döwletimiz ykdysady taýdan kuwwatly ýurda öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly milli ykdysadyýetimiz barha kuwwatlanýar.
“Bilimler baýramyna” sowgat
Ýurdumyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», beýleki milli maksatnamalarda bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Döwrebap bilim ojagynyň ajaýyp geljegi
Ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabatlanyp bilim ojaklarynyň täze binalaryny dabaraly ýagdaýda ulanyşa bermek asylly däbe öwrüldi. Şu ýyl hem täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen dünýä ülňülerinde gurlan orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň ençemesi açylyp ulanmaga berildi. Hormatly Prezidentimiz körpeleriň, mekdep okuwçylaryň we talyp ýaşlaryň döwrebap bilim terbiýe almaklary üçin ähli şertleri döredip berýär.
Ganatlandyryjy açylyş dabarasy
Giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binalar toplumynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.
Röwşen geljegiň ajaýyp bilim binasy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýär. Şol sanda, ylym-bilim ulgamynda hem şanly menzillere, ajaýyp üstünliklere eýe bolunýar.
Täze nesli kemala getirjek täze bilim ojagy
Ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze 2023-2024-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, asylly däbe görä, täze bilim edaralaryny açyp ulanmaga bermek hem-de olaryň düýbüni tutmak dabaralary geçirildi.
Bilimli nesiliň täze kuwwatly binasy
Türkmenistanyň Prezidentiniň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň ylym-bilim kuwwaty yzygiderli berkidilýär. Döwletiň, jemgyýetiň sütüni ylymdan, bilimden bina edilende, döwletiň esasynyň berkden gurlup, hemmetaraplaýyn sazlaşykly gülläp ösüşe, ýokary derejä eýe bolýandygy döwletimiziň ýeten belent sepgitleri aýdyň görkezýär.
Terbiýe mekdebiň nusgawy sapagy
Bilimler we talyp ýaşlar gününde türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz ak bagtyň hem bagtyýarlygyň şäheri bolan Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy sapak geçdi.
Ýatdan çykmajak waka
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyz Türkmenistan ähli babatda döwrebap ösüşler bilen kuwwatlanýar, mähriban halkymyz abadan hem bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Berkarar döwrümiziň ýokary döredijilik ruhuny şöhlelendirýän, milli bilim ulgamynyň okgunly ösýändigini alamatlandyrýan şanly wakalar ýurdumyzyň nurana geljegini, hemmetaraplaýyn ösüşini dabaralandyrýar.
Watançy nesilleriň buýsanç sapagy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren okuw sapagy ýurdumyzyň her bir raýaty üçin merdana halkymyzyň geçen şähratly taryhy ýoluna taýsyz mekdep boldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.