Sanly ulgam we sanly bilim ösüş ýolunda

09-11-24

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň binýadynda ýaşlar baradaky alada, ýaş nesliň oýlap tapyjylygy, döredijiligi we olaryň zähmete höweslendirilmegi ýurdumyzyň mundan beýläkki ösüşlerinde möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda hünärli, bilimli ýaşlary bäsleşikli zähmet bazaryna çekmek hem-de olary täze döwrebap iş orunlary bilen üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda okatmagyň esaslary boýunça gazanylan tejribeler, innowasiýalar bilim ulgamyna yzygiderli ornaşdyrylýar. Aragatnaşyk, bilim tehnologiýasynyň görlüp-eşidilmedik derejede ösmegi okuw-tehniki serişdeleriniň önümçilige ornaşdyrylmagyny çaltlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermek meselesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrunyň birine öwrüldi.

Häzirki wagtda ýaş nesillere ýokary derejede bilim berilýär, hünär öwredilýär. Türkmenistanyň halkara taslamalara barha giň gerimde gatnaşmagy, döwletara hyzmatdaşlygynyň batly depginlerde ösdürilmegi, beýleki hünärler bilen bir hatarda, daşary ýurt dilleriniň öwrenilmegine, öwredilmegine, bu ugurdan kämil hünärmenleriň taýýarlanmagyna hem zerurlyk döredýär. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň hatarynda tassyklanan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» we «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» mysal getirmek bolar. Bu wajyp resminama bilim işgärleri, ylaýta-da, dilleri okadýan mugallymlar üçin aýdyň ýörelge boldy. Konsepsiýalarda sanly bilim ulgamyny kämil özleşdirmek, internet ulgamyny ulanmak, dilleri okatmak boýunça dünýä tejribesini öwrenmek, professor-mugallymlaryň bäsleşige ukyply neslini ýetişdirmek we beýleki wajyp okuw-usuly çäreler göz öňünde tutulýar.

Sanly bilimi ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlardyr hünärmenleriň, şeýle-de bilim alýanlaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan baş çykarmaklarynyň zerurdygy öz-özünden düşnüklidir. Ýagny institutymyzda döredilen sanly bilim portalynda her bir mugallymyň öz şahsy sahypasy bolup, şol ýerde mugallym okadýan dersleri boýunça okuw kitaplaryny, okuw iş maksatnamalaryny, sapaga degişli maglumatlary ýerleşdirýär. Şonuň ýaly-da, portalda sapaga degişli ähli sapak ýazgylarynyň, okuw maksatly tekstleriň we testleriniň yzygiderli ýerleşdirilip durulmagy maglumat üpjünçiligi babatda talyplara ýeňillikler döredýär hem-de mugallym-talyp gatnaşyklarynyň has ysnyşykly bolmagyna getirýär.

Talyp maglumat ulgamynyň üsti bilen talyplaryň okuwa gatnaşygy we ýetişigi baradaky maglumatlary gysga wagtyň içinde almak bolýar. Elektron poçta, elektron resminama ulgamy, elektron kitaphana wagt tygşytlamaga ýardam edýär we işiň netijeliligini artdyrýar. Okuw dersleriniň rejesi, bildirişler bilen tanyşmakda ýeňillikleri döredýär. Halkara olimpiadalara gatnaşmak, wideoşekilli maslahatlary guramaga mümkinçilik berýär. Ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklary guramaga, tejribe alyşmaga şert döredýär.

Şeýle-de, sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen, dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly toplumlar, elektron okuw kitaplary, okuw gollanmalary, wideo-audiomateriallar, okuw-görkezme esbaplary taýýarlanylýar. Bu bolsa sanly bilimiň biziň ýurdumyzda günsaýyn ösýänliginiň, özgerýänliginiň, dünýä ülňülerine laýyk derejä ýetýänliginiň aýdyň subutnamasydyr.

«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy» ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde giňden ornaşdyryldy. Şu günlerde mugallymlardyr talyplar sanly bilim portalyny işjeň ulanýarlar. Şonuň bilen birlikde, dil öwrenmegiň şertleri hem özgerýär. Bilim portalynda hünär dilinde maglumatlar ýükleýärler. Şoňa görä-de, talyplaryň öwrenýän dillerinde maglumatlary görmegi we okamagy yzygiderli dowam etdirilmegi dil Konsepsiýasynyň günübirin ösdürilýändiginiň ýene-de bir subutnamasydyr. Mahlasy, ýurdumyzda ýaşlaryň dünýä dillerini öwrenmekleri, bir hünäriň eýesi bolmaklary üçin ähli mümkinçilikler bar. Sanly bilim arkaly dil öwrenmek boýunça okuw işleri yzygiderli ornaşdyrylýar. Şeýle ajaýyp şertlerde okap bilim alýan ýaşlarymyz bolsa ýurdumyzyň ýagty geljegidir, täze-täze ösüşlerimiziň binýadydyr.

Biz geljekde hem hormatly Prezidentimiziň mugallymlar üçin döredip berýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp, ýaş nesliň döwrebap bilim we hünär almagy üçin yhlasly işläris. Bize şeýle ajaýyp zamanada döredijilikli zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys!

Tylla ÖRÄÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.