Bagtyýar ýaşlar — milletiň daýanjy we buýsanjy

15-02-24

Bilim ösüşiň, ýaşlar bolsa geljegimiziň binýadydyr. Hut şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaş nesil baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi. Ýaşlaryň döwrebap bilimlerden habarly, watansöýüji, beden we ruhy taýdan sagdyn bolup ýetişmekleri, jemgyýetde mynasyp orun eýelemekleri, saýlap alan hünärleri boýunça kämilleşmekleri üçin uly aladalar edilýär.

Berkarar Watanymyzda durmuşa geçirilýän beýik işlerde ýaşlaryň hem mynasyp orny bar. Hormatly Prezidentimiz her bir başlangyçda ýaşlaryň goşandynyň bolmagyna aýratyn üns berýär. Döwrebap pikirlenip bilýän, taslamalar babatda täze, özboluşly, täsirli garaýyşlary öňe sürýän ýaş zehinler medeni ösüşi gazanmakda möhüm wezipäni ýerine ýetirýärler. Şundan ugur alnyp, ýaşlaryň döwletiň we jemgyýetiň durmuş-ykdysady, syýasy-medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerini gazanmak, olarda medeni gymmatlyklara, ata Watanymyza, zähmete, ylym-bilime söýgini artdyrmak üçin ähli zerur şertler döredilýär. Ýaşlaryň jemgyýetde mynasyp orun eýelemeklerinde, medeni-köpçülikleýin çärelere, döredijilik we bäsleşik sergilerine işjeň gatnaşmaklarynda, saýlap alan ugurlary boýunça kämilleşmeklerinde ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň ähmiýeti örän uludyr.

Ösüşlerden-ösüşlere ilerleýän ýurdumyz halkara derejesindäki ornuny has-da pugtalandyrýar. Onuň esasy sebäpleriniň biri hem ýaşlara berilýän gyzgyn goldaw diýip aýdyp bileris. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda başy başlanan «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» ýaşlar üçin berilýän syýasy goldawyň naýbaşysydyr.

Rejelenen görnüşli «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda ýaşlaryň döredijilikli zähmet çekmekleri, ýokary hilli bilim almaklary üçin ähli zerur şertleri döretmek ýaly wezipelere hem uly orun berilýär. Şol möhüm wezipeleri ýerine ýetirmek, ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmekleri, döwrebap bilim almaklary, saýlap alan ugurlary boýunça kämilleşmekleri üçin anyk maksada gönükdirilen işler amala aşyrylýar. Ýaşlaryň halkara ylmy hyzmatdaşlyga höwesini artdyrmak, durmuş goraglylygyny üpjün etmek, olarda milli medeniýetimize, sungatymyza, edebiýatymyza, taryhymyza söýgini artdyrmak bilen bagly wezipeler ýaşlar syýasatynyň esasyny düzýär. Syýasy ýörelgäniň baş maksady, ýaşlaryň ata Watanymyzyň ilhalar nesilleri bolup ýetişmeklerini gazanmak, galyberse-de, olaryň kalbynda saýlap alan hünärlerine bolan höweslerini artdyrmak ýaly oňyn häsiýetleri kemala getirmekden ybaratdyr. Ýurdumyzyň ýaş nesliniň parasatly ata-babalarymyzdan miras galan asylly däplere eýerip, halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, däp-dessurlaryny we maşgala gymmatlyklaryny hormatlaýandyklary buýsandyryjy ýagdaýdyr. Üstümizdäki ýylymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy hem, ýokarda aýdylanlaryň buýsançly delilidir. Şeýle mümkinçiliklere jogap edip, biziň ýokary okuw mekdebimiziň bilim işgärleri talyp ýaşlara anyk çözgütlere eýermek, işde ygtybarly netije gazanmak, hünär babatdaky aýratynlyklaryny has-da ýokarlandyrmak maksady bilen goşmaça okuw sapaklaryny berýärler. Mundan başga-da, institutymyzda ýaş mugallymlaryň hünär derejesini kämilleşdirmek ugrunda halypa mugallymlarymyzyň iş tejribelerinden, gymmatly hem ýerlikli ündewlerinden peýdalanmak üçin ähli şertler bar.

Arkadagly Serdarymyzyň beýik başlangyçlaryndan nurlanýan döwrümizde ýaşlaryň okamagy, göwnejaý bilim almagy, kämil hünär öwrenmegi babatda zerur bolan ähli şertler döredilýär. Çünki ylym-bilim ulgamynda gazanylan üstünlikler ähli ugurlardaky ösüşleriň gözbaşydyr. Eşretli eýýamyň bagtyýar kerwenini ak ýollarda çekip barýan Watanymyzda geljekki uly ösüşleriň binýadyny berkden tutmakda, öňde goýlan belent maksatlara ýetmekde ylym-bilimiň orny ýokary derejä çykdy. Diýarymyzyň syýasy-ykdysady ösüşleri köp babatda ylym-bilim pudagynyň ösüş derejesine baglydyr. Hormatly Prezidentimiziň saýasynda mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşy, nesilleriň edep-terbiýesi, ylym-bilim almaklary esasy üns merkezinde saklanýar. «Bilimli il ozar, bilimsiz il tozar» diýlişi ýaly, döwletimiziň nurana geljegi bolan ýaşlaryň kämil hünärli bolmaklary babatda ähli mümkinçilikler döredilendir. Ýaş nesliň bilim binýady näçe berk bolsa, döwletiň kuwwatlylygy hem şonça ýokary bolýar. Ýaş nesliň bilim binýadynyň berkden tutulmagy hem ýurduň geljekki ösüşiniň aýdyň kepilidir. Bilimiň hilini dünýä ölçeglerine laýyk getirmek, okatmagyň häzirkizaman innowasion usullaryny hem-de öňdebaryjy tejribäni giňden ornaşdyrmak esasy wezipelere öwrüldi. Häzirki wagtda diýarymyzda sanly bilim konsepsiýasy üstünlikli durmuşa geçirilip, ösen maglumat tehnologiýalaryny bilim işinde netijeli ulanmaklyk amal edilýär. Tehnologiki täzelikleri jemgyýetiň arasynda ýaýratmaklyk, ulgamyň tehnologik ösüşiniň çaltlandyrylmagy, elektron maglumatlar gorunyň döredilmegi möhüm wezipelerdir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlarymyz daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alyp, eziz Watanymyza gerekli hünärmenler bolup ýetişmek ugrunda yhlas edýärler. Biz, talyp ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň bildirýän belent ynamyna jogap edip, mundan beýläk-de ata Watanymyzyň gülläp ösmegine, bedew bady bilen barha özgerişlere beslenmeginde mynasyp goşjakdygymyzy goşmalydyrys. Berkarar Watanymyzda şeýle giň maksatly mümkinçilikleri döredip, halkymyzy berkararlyga, nesillerimizi bagtyýarlyga besleýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Ogulgöwher HATAMOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.