GADYM BALKAN TOPRAGYNA TÄZE DÖWRAN DOLANÝAR
20-07-21
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe her güni taryhy wakalara beslenýän gözel Diýarymyz gün-günden begençli habarlaryň, täze özgerişleriň mekanyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda ýaýbaňlanan özgertmeleriň çäklerinde ulag düzüminiň düýpli we toplumlaýyn ösdürilýändigi buýsançlydyr. Sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmegiň, ählumumy durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmegiň biziň milli Liderimiziň başlangyçlary bilen amala aşyrylýandygyny bütin dünýä mälimdir.
Ulag hyzmatlarynyň ösdürilmeginde raýat awiasiýasy möhüm orunlaryň birini eýeleýär. Häzirki döwürde ýolagçylara ýokary hilli we medeniýetli hyzmat etmek milli raýat awiasiýamyzyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Bu wezipeleriň aýdyň çözülmeginde täze halkara we ýerli howa menzilleriniň, howa gatnaw ugurlarynyň açylmagy möhüm ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň hemmetaraplaýyn goldawy netijesinde Türkmenistan soňky ýyllarda iri halkara ulag merkezleriniň biri hökmünde ykrar edilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek, onuň düzümini uçarlar bilen ýetirmek, pudak üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak, täze howa menzillerini gurmak we durkuny täzelemek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň eşret nuruny boldan eçilýän günlerinde hormatly Prezidentimiziň gojaman daglary ýakalap oturan Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň düýbüni tutmagy milli raýat awiasiýamyzy ösdürmekde möhüm ädim boldy. Aşgabat, Türkmenbaşy, Türkmenabat hem-de Kerki şäherlerinde gurlup ulanylmaga berlen Halkara howa menzillerinden soňra, bu desga ýurdumyzda guruljak bäşinji Halkara howa menzili bolar. Sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge niýetlenen täze Halkara howa menzili toplumynyň potratçysy bäsleşik esasynda kesgitlener. Bu döwrebap toplumyň gurluşygy ýurdumyzyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda baglaşylan Karz ylalaşygyna laýyklykda maliýeleşdirilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň halkara giňişliginde uly abraýdan peýdalanýandygyna, dünýä ýurtlary bilen ysnyşykly, özara bähbitli ykdysady gatnaşyklarynyň barha rowaçlanýandygyna, berkarar döwletimiziň dünýä ýüzünde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanalýandygyna aýdyň subutnamadyr.
200-e golaý işgär işlejek täze Halkara howa menziliniň umumy meýdany 275 gektara barabar bolup, taslamanyň düzüminde birnäçe binalardyr desgalar göz öňünde tutulandyr. Olaryň hatarynda ýolagçy we ýük terminallaryny, howa hereketini dolandyryş diňini, halas ediş hem-de ýangyna garşy göreş gulluklarynyň binasyny görkezmek bolar. Bu ýerde uzynlygy 3 müň 200 metr bolan döwrebap uçuş-gonuş zolagy, iki öwrüm ýollary, alty howa gämisine hem-de dört dikuçara niýetlenen meýdança hem gurlar. Ýöriteleşdirilen aerodrom we howa gämilerine ýerüsti hyzmat ediş gulluklarynyň binalary, jemi 15 sany esasy desga bina ediler. Uçarlara ýerüsti hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin täze Halkara howa menzilini dürli görnüşli 45 sany ýöriteleşdirilen ýerüsti tehnikalar bilen üpjün etmek hem göz öňünde tutulýar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň çäk taýdan örän amatly sebitara gatnaw ýollarynyň çatrygynda ýerleşmegini hem-de bu ulgamda bar bolan kuwwaty nazara almak bilen, halkara ölçeglere laýyk gelýän we ulaglaryň ähli görnüşlerini, şol sanda howa ulagyny özüne birleşdirýän multimodal üstaşyr ulag düzümini ösdürmek Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Soňky ýyllarda ýokary depginler bilen ösýän ýurdumyzyň raýat awiasiýasy, Türkmenistanyň esasy pudaklarynyň derejesine çykdy. Dünýä ýüzünde höküm sürýän pandemiýa döwrüniň kynçylyklaryna garamazdan, ýurdumyzyň raýat awiasiýasy pudagynyň işgärleri “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirip, ýolagçy gatnatmak we ýük daşamak boýunça wezipelere abraý bilen hötde gelýärler. Bu gün düýbi tutulan we ýene-de üç ýyldan ulanylmaga beriljek döwrebap howa menzilinde dürli kysymly howa gämileriniň uçup-gonmagy üçin ähli mümkinçilikler dörediler. Bu Halkara howa menzili toplumy berkarar döwletimiziň raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar. Ol howa ulaglary arkaly ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň möçberlerini artdyrmakda, ýurdumyzy ykdysady taýdan has-da ösdürmekde, halkymyza döwrüň talaplaryna laýyk hyzmat etmekde wajyp orny eýelär.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen gurulýan - yklymlary we halklary birleşdirýän ýollaryň diňe bir biziň ýurdumyzyň däl, eýsem, tutuş dünýäniň ösüşli geljegine alyp barýandygy jedelsizdir. Esasy bellemeli zat şeýle: täze binalar, täze ýollar dünýä döwletleri bilen işjeň we özara bähbitli hyzmatdaşlygy, dostluk hem-de doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge hyzmat eder. Mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan Türkmenistan döwletimiziň milli raýat awiasiýasy ulgamynda gazanylýan mynasyp ösüşler hormatly Prezidentimiziň ilkinji nobatda türkmen halkynyň bolelin, eşretli durmuşda ýaşaýşy üçin edýän işleriniň netijesidir. Il alkyşly Arkadagymyzyň ýurdumyzyň raýat awiasiýasyny kämilleşdirmekde alyp barýan işleriniň rowaç almagyny, janynyň sag, başynyň dik bolmagyny arzuw edýäris. Biziň mynasyp dynç almagymyz, eşretli ýaşamagymyz, döwrebap syýahat etmegimiz, joşgunly zähmet çekmegimiz üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň belent başy aman bolsun!
Jangeldi IŞANKULYÝEW,
“Türkmeniň ýüpek ýoly”.
Tizlikli awtomagistrallar we berk düzgünnamalar: Türkmenistanda täze ýollar nähili goralýar
Türkmenistanda giň zolakly häzirki zaman ýollary işjeň ýagdaýda ulanmaga berilýär we olaryň uzak möhletleýin hyzmat etmegi üçin aýawly peýdalanmak möhüm şert bolup durýar. Ýurdumyzyň sebitlerini ygtybarly birleşdirýän häzirki zaman ýokary tizlikli magistrallar bir-biriniň yz ýany bilen açylýar. Mysal üçin, uzynlygy 600 kilometre ýetýän «Aşgabat — Türkmenabat» awtomagistraly häzirki wagtda doly güýjünde işleýär.
Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli täze ýaşaýyş jaýlary açyldy
25-nji maýda ýurdumyzda giňden bellenilýän Aşgabat şäheriniň güni paýtagtymyzda durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralaryna beslendi. Berkararlyk we Bagtyýarlyk etraplarynda ulanmaga berlen döwrebap ýaşaýyş jaýlary Watanymyzyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsidir.
«Ak şäherim Aşgabat» atly halkara maslahatynda durnukly we akylly şäher gurluşygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Aşgabat şäherindäki «Olimpiýa» myhmanhanasynda ýurdumyzyň döwlet we hususy kärhanalarynyň, BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň, halkara guramalaryň, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň hem-de iri kompaniýalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda 24-nji maýda «Ak şäherim Aşgabat» maslahatynyň plenar mejlisi geçirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Orta mekdeplerde «Soňky jaň» dabaralary
Düýn 2025-2026-njy okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli ýurdumyzyň ähli umumybilim berýän orta mekdeplerinde «Soňky jaň» dabarasy geçirildi. Bu dabara mekdebi tamamlaýan oglan-gyzlaryň on müňlerçesi üçin täze durmuşyň başlangyjyny alamatlandyryp, ýakymly we tolgundyryjy pursatlara beslendi. Dabaranyň Aşgabat şäheriniň güni bilen utgaşmagy onuň şowhunyny has-da artdyrýar.
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Türkiýede geçirilen halkara festiwala gatnaşdy
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen esaslandyrylan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilen 8-nji Halkara etnosport medeniýeti festiwalyna gatnaşdy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň 2026-njy ýylyň şygaryny nazara alyp gol çeken resminamasyna laýyklykda, türkmen atly ýigitleriniň ýurdumyzda we daşary döwletlerde atçylyk hem-de atçylyk sporty boýunça guralýan halkara çärelere işjeň gatnaşýandyklaryny görkezýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.