Ösüşleriň giň gerimli binýady

22-07-21

Aragatnaşyk we telekommunikasiýa pudagy häzirki tehnologiýalar döwrüniň gelejegi aýdyň ösüşlere utgaşýan wajyp ulgamy bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň strategiki diplomatiýasynyň dabaralanmagy netijesinde ýurdumyzyň alysdaky ilatly ýerlerini dowamly binýady kämilleşdirilýän aragatnaşyk hyzmatlarynyň giň mümkinçilikleri bilen üpjün etmek işleri üstünlikli amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli diplomatik syýasatynyň durmuşa geçirilmegi bilen dünýäniň öňdebaryjy, has kämil innowasiýa tehnologiýalary ornaşdyrylan aragatnaşyk ulgamynyň pudaklary döredilýän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, ýurdumyzy sanly ulgama geçirmek babatynda Aşgabat şäherini, welaýat merkezleri, etrap merkezleri we daýhan birleşiklerini maglumat-telekommunikasiýa hyzmatlarynyň ähli görnüşleri bilen üpjün edýär.

«Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy ýurdumyzyň alys çetlerinde hem aragatnaşyk ulgamynyň magistral we içki zolakly optiki we radio-rele liniýalaryny gurmak, bu babatda halkara bähbitli we ygtybarly hyzmatdaşlyklary ýola goýmak, öýjükli telefon we sorag-jogap hyzmatlaryny, ýokary tizlikli internet elýeterliligini, wideoaragatnaşyk we maslahat-wideoköprüsiniň zerurlygyny üpjün etmek, hyzmatlarynyň hilini, möçberini we görnüşlerini artdyrmak, şeýle-de iri goýum taslamalary we maliýe-ykdysady görkezijileriniň üstünlikli amala aşyrylmagyny «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» anyk beýan edilen maksatlara laýyklykda ýerine ýetirýär.

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň edara-binalary ýurdumyzyň ähli künjeginde ýerleşip, aragatnaşyk ulgamynyň amatly we giň gerimli hyzmatlaryny yzygiderli artdyrýar we sanly ulgama geçiş döwrüniň oňyn netijeleriniň görkezijisi bolup çykyş edýär.

Ýaňy-ýakynda aragatnaşyk ulgamynyň gerimini giňeltmek we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen «Belet Film» hyzmaty ýola goýuldy. Bu hyzmat Internet torunyň giň dünýäsine aralaşmak arkaly medeniýetli dynç almagyň bir usuly bolup, halk köpçüliginiň arasynda gysga wagtda meşhurlyk gazandy we häzirki wagtda bu web-saýty ulanyjylaryň sany günsaýyn artýar.     

Halkara hyzmatdaşlyklary bolsa aragatnaşyk ulgamynyň köpugurly mümkinçilikleriniň kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga, özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine, ýurdumyzyň sebitde logistiki döwlet hökmünde dabaralanmagyna hemmetaraplaýyn ýardam edýär.

Ýurdumyzyň diwersifikasiýa ýoly bilen abadan durmuşyny üpjün edýän, jemgyýetimiziň sanly giňişligiň amatlyklaryndan doly peýdalanyp, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagyny batly depginler bilen durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli ägirt işleri rowaç alsyn!    

Aýgözel ANNAMÄMMEDOWA,
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk 
kompaniýasynyň hünärmeni.

16adaf479125fe.jpeg
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi

2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan sebitiň ekologiki durnuklylygyny hem-de ulag-logistika düzümini güýçlendirmek maksady bilen amala aşyrylýan «Hazar deňzi sebitinde ýaşyl portlaryň ösüşine ýardam bermek» taslamasynyň çäklerinde onlaýn okuw sapagy guraldy.


16adaf38202b16.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Samarkant sammitine gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 21-22-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen “Çagalaryň geljegine maýa goýmak: nesiller üçin durnukly we adalatly ösüş” atly Bütindünýä sammitiň işine gatnaşdy.


16adaf1dbbec33.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşdy. Duşenbe şäherinde geçirilen mejlisde ol çagyrylan döwletiň wekili hökmünde hormatly myhman derejesinde çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 


16adaeda75b0ea.jpeg
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi

21-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.


16ad84263950ce.jpeg
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepdede Baku we Ýerewan şäherlerinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň yzygiderli artýan abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.