Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi

23-08-21

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen sportuny ýokary derejelere çykarmaga, halkara sport ýaryşlarynda Türkmenistana wekilçilik edip, ýurdumyzyň sport ulgamynda gazanan ýokary netijelerini dünýä ýaýmaga, sport abraýyny belende götermäge, ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrmaga goşan şahsy goşandyny hem-de 2021-nji ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda gazanylan ýokary üstünlikleri nazara alyp, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan:

— Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň agyr atletika bölüminiň tälimçi-mugallymy Artur Pawlowiç Emirýana sport ýaryşlarynda ýeňiji bolup, baýrakly orunlary eýelän türgenleri taýýarlandygy göz öňünde tutulyp, oňa 2021-nji ýylda öndürilen, ak reňkli “Toyota Camry” kysymly ýeňil awtoulagy;

— Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Polina Aleksandrowna Gurýewa 2021-nji ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda agyr atletika boýunça 59 kilograma çenli agramda çykyş edip, 2-nji orna we kümüş medala mynasyp bolandygy göz öňünde tutulyp, Aşgabat şäheriniň ýaşaýyş jaýlaryndan amatlyklary bolan üç otagly öý, 2020-nji ýylda öndürilen, ak reňkli “Lexus LX570 Sport Plus” kysymly awtoulag we 50 000 (elli müň) amerikan dollary möçberinde pul baýragy sowgat berildi.

161a97d0859003.jpeg
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

2-nji dekbrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi.


161a6d670a607e.jpeg
Milli Liderimiziň parahatçylyk döredijilikli syýasaty — sebitiň we tutuş adamzadyň bähbidine

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirip, ähli gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen döwletara derejede hem, abraýly halkara guramalaryňdyr düzümleriň çäklerinde hem gatnaşyklary giň gerimde ösdürmek boýunça yzygiderli we täzeçil işleri alyp barýar.


161a587b64df4e.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

29-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.


161a586f262a35.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi

29-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi.


161a438f1ac950.jpeg
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti: Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygy

(28-nji noýabr, 2021-nji ýyl)

15-01.jpg
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW:

– Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ýaşaýan ynsanlaryň ählisi her bir ädimde özi hakynda Döwletimiziň, hökümetimiziň, Prezidentiniň özüniň yzygiderli alada edýändigini duýup ýaşamalydyr.