SANLY YKDYSADYÝET: BELENT ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
10-09-21
Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we parasatly ýolbaşçylygynda türkmen jemgyýetine innowasion tehnologiýanyň ornaşdyrylmagyna döwlet syýasatynda aýratyn orun berilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gurulýan ähli desgalar dünýäniň iň ösen tehnologiýalary bilen abzallaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda tassyklanan “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasy” ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmelere täze öwüşgin çaýyp, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmegiň depginini ýokarlandyrmaga oňyn ýardam berýär. Sanly ykdysadyýete geçilmegi bilen durmuş hyzmatlarynyň düzümi, hili kämilleşdirilýär, şeýle hem telekeçilik we zähmet şertleri babatynda täze mümkinçilikleri döretmek bilen, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanýar, sanly ykdysadyýetiň milli gurşawynyň howpsuzlygyny, ygtybarlylygyny, ýurdumyzyň sanly ykdysadyýetiň ählumumy ekoulgamyny hem-de sanly giňişligini döretmäge işjeň gatnaşmagyny üpjün edýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda sanly ykdysadyýet konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegi bilen halk hojalygynyň ähli pudaklarynda düýpli öňe gidişlikler gazanylýar. Amala aşyrylýan çäreler ýurtda eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki, şol sanda belli daşary ýurt kompaniýalarynyň, bilelikdäki kärhanalaryň, paýdarlar jemgyýetleriniň gatnaşmagynda has-da ösen aragatnaşyk ulgamynyň döremegine ýol açýar. Milli ykdysadyýetimiziň sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylmagynda möhüm ädim boldy. Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, okgunly ösýän ulag we kommunikasiýa toplumyna degişli agentliklerde işleri döwrebaplaşdyrmak boýunça giň gerimli, maksatnamalaýyn işler yzygiderli durmuşa ornaşdyrylýar.
Aýratyn nygtamaly zatlaryň biri-de, giňişleýin düzümdäki mejlisde Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” göz öňünde tutulan wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanan “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky” Karara gol çekilmegi ähli ulgamlaryň maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýandygyny aýdyňlygy bilen görkezýär. Munuň özi hem Garaşsyz ýurdumyzda amal edilýän ykdysady özgertmeleriň özeni bolan “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli Maksatnamasy” esasynda durmuşa ornaşdyrylyp, toplumlaýyn we köpugurly häsiýete eýeligi bilen tapawutlanýar. Oňa laýyklykda, halk hojalygynyň netijeliligini hemmetaraplaýyn ýokarlandyrmak ýurdumyzyň içerki bazarlarynda uly islegden peýdalanýan we dünýä bazarynda bäsleşige ukyply önümçiligi döwrebap ösdürmek, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny deňeçer ösdürmek, olary çig mallyk maksatlardan taýýar önüm öndürmäge ugrukdyrmak, senagatda gaýtadan işleýän önümçilikleri ösdürmek, transmilli ulag aragatnaşyklaryny, ykdysadyýetiň erkin telekeçilik zolaklaryny, halkara syýahatçylyk zolaklaryny döretmek arkaly ýurduň amatly geosyýasy ýagdaýyny pugtalandyrmak, ýurduň ykdysadyýetini dünýäniň hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşmak maksat edinilýär.
Bilşimiz ýaly, pudaklaryň işini sanly tehnologiýa ulgamy arkaly ýola goýmak “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň hünärmenleriniň zerur enjamlary hem-de programma üpjünçiligini gurnamagy esasynda alnyp barylýar. Çünki, täze tehnologiýalaryň girizilmeginiň we ýaýradylmagynyň çaltlandyrylmagy – ykdysadyýetiň sanlaşdyrylmagy netijesinde döreýän global wezipe bolup durýar. Sanly dolandyryş usullarynyň ornaşdyrylmagy bolsa diňe bir kagyz resminamalaryny taýýarlamaga däl-de, olary zerur bolan ýerine ýetirmäge sarp edilýän wagty hem tygşytlamagyň has netijeli guraly bolup durýar, munuň özi gönüden-göni ykdysady bähbitleri hem-de döwlet düzümleriniň işleriniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny üpjün edýär.
Arkadag Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda kabul edilen Türkmenistanda “Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sany hyzmatlar hakynda” Kanun hem-de ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny we internet web-saýtlary döretmek hem-de işe girizmek boýunça birnäçe resminamalar kabul edildi. Oňa laýyklykda, ýurdumyzda 510 web-saýt döredildi we bellige alyndy. Aýratyn nygtamaly zatlarymyzyň biri-de ýurdumyzda aragatnaşyk hyzmatlarynyň ähli görnüşleri sanly ulgam arkaly hödürlenilýär we e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalynda ýerleşdirildi. Şeýle hem, ýurdumyzda ilkinji “tmchat” milli onlaýn hat-habar alyş-çalyş ulgamy we “sanly.tm” milli elektron poçtasy işe girizildi. Telekommunikasiýa we informatika institutynyň binýadynda “Sanly çözgüt-IT meýdança” hojalyk jemgyýeti döredilip, jemgyýetiň hünärmenleri tarapyndan ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça sargytlar kabul edilip, olar önümçilige ornaşdyrylýar.
Türkmenhowaýollary” agentliginiň ýerli we halkara ugurlary boýunça ýolagçy biletleriniň internet (www.turkmenistanairlines.tm) arkaly “online” satuwynyň ýola goýulmagy, Türkmenabat halkara howa menziliniň resmi saýtynyň (www.tia.gov.tm), “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň “Türkmentelekom”, “Altyn Asyr”, “AŞTU” aragatnaşyk kärhanalarynda internet, IPTV, kabel telewideniýesi, öýjükli we simli telefon hyzmatlary üçin “online” töleg hyzmatlarynyň we ýeňillikli nyrhnamalarynyň döredilmegi guwandyryjy ýagdaýdyr.
Ýurdumyz üçin düýpgöter täze pudagyň — kompýuter önümçiliginiň emele gelendigini-de uly buýsanç bilen nygtamalydyrys. Sanlaşdyrmak babatda aýratyn möhüm ugur bolan kompýuter önümçiligi milli ykdysadyýetimizi ýerli maglumat tehnologiýalary bilen üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, häzirki döwürde Nanotehnologiýalar we tehnologiýalar merkezleri, innowasion şäherler, nou-haular hem-de sanly tehnologiýalar adamzat jemgyýetiniň kämilleşmegine alyp barýar. Döwrüň bu tehnologik täsiri biziň jemgyýetimizde hem barha duýulýar. Şonuň netijesinde, öňdebaryjy tehnologiýalardan habarly, bu tehnologiýalara erk edip bilýän täze nesli kemala getirmek döwrümiziň öňe sürýän meseleleriniň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňden görüjilikli döwlet syýasatynda bu derwaýys meseläniň çözgüdiniň barlygy guwandyryjy hakykatdyr.
Gahryman Arkadagymyzyň bitiren we bitirýän beýik işleriniň, onuň halkyň eşretli geljeginiň, umumadamzadyň asuda, parahat ýaşaýşynyň hatyrasyna alyp barýan giň gerimli tutumlarynyň halkara ykrarnamasyna eýe bolmagy hemişelik Bitarap döwletimiziň halkara abraýyny has-da artdyrýar. Goý dünýäde ykrar edilen milli Liderimiziň – hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň jany sag, başy dik, belent tutumly işleri rowaç bolsun!
Guwanç ORAZBAÝEW,
“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň Türkmentelekom elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrap aragatnaşyk bölüminiň başlygy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatyna gatnaşýar
2026-njy ýylyň 9-njy noýabrynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Kataryň Doha şäherinde geçirilýän Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň (HTB) Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatynyň (PP-26) açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Türkmenistanyň we Özbegistanyň gümrük gulluklary serhet geçelgeleriniň geçirijiligini artdyrmagy maslahatlaşdy
Türkmenistanyň we Özbegistanyň gümrük gulluklary iki ýurduň arasynda halkara awtomobil gatnawlaryny mundan beýläk-de çaltlandyrmak hem-de “Farap” we “Alat” serhet geçelgeleriniň geçirijilik mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak meselelerine garadylar. Bu barada Özbegistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň ýanyndaky Gümrük komiteti anna güni habar berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
7-nji noýabrda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan binýat bolan Arkadag şäherinde hem ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň taryhy ähmiýetli wakalarynyň üstüni ýetiren umumymilli çäre halal zähmetiň joşguny we belent ruha beslenen aýdym-sazly dabaralar bilen utgaşyklylykda dowam etdi.
Özbek telekeçileri Türkmenbaşy portunyň logistika mümkinçilikleri bilen tanyşdylar
Özbek telekeçileri Türkmenistana amala aşyran işewürlik saparynyň çäklerinde Türkmenbaşy halkara deňiz portuna baryp, onuň infrastrukturasy, ýük geçirijilik mümkinçilikleri hem-de eksport-import ýüklerine hyzmat etmek üçin döredilen şertleriň ýagdaýy bilen tanyşdylar. Bu barada Özbegistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär.
Diýarymyzda Hasyl toýy dabaraly bellenildi
8-nji noýabrda ýurdumyzda türkmen topragynyň berekedini alamatlandyrýan Hasyl toýy mynasybetli dabaralar geçirildi. Aşgabat şäheriniň çäginden geçýän Garagum derýasynyň kenary esasy baýramçylyk çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrüldi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.