Garaşsyzlyk ýyllarynda awtoulag toplumynyň kuwwaty artýar

13-09-21

Mähriban Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň baýramçylygyna taýýarlyk görülýän şu günki günlerde ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Gazanylan üstünlikler netijesinde halkymyz asuda, eşretli durmuşda ýaşaýar. Hormatly Prezidentimiziö baştutanlygynda ulag ulgamy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Garaşsyzlygymyzyň geçen 30 ýylynda ýetilen sepgiter ýylyň-ýylyna artýar. Bu döwürde ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen bir hatar «Türkmenawtoulaglary» agentliginde hemuly üstünlikler gazanyldy. 

Türkmenistanda, Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden başlap, awtomobil ulaglary ulgamyny ösdürmegiň baş ugry kesgitlenildi, bu ulgam dünýäniň islendik ýurdunda bolşy ýaly, ýükleri daşamakda, ýolagçylary gatnatmakda işiň agramly bölegini ýerine ýetirýär, harytlary niýetlenilen ýere eltmekde iň çalasyn we netijeli bolup durýar.

Ýene-de sanlyja günden ata Watanymyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döredijilik, ösüş we abadançylyk ýoly bilen ynamly öňe barýan Ýurdumyzyň taryhynda şanly sene — Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny dabaraly belläp geçer.

Awtomobil ýollaryny gurmak boýunça toplumlaýyn işleriň çäklerinde inženerçilik-aragatnaşyk ulgamlarynyň doly çalşyrylmagy, ýol hereketiniň howpsuzlygynyň häzirki zaman ulgamynyň ornaşdyrylmagy, elektron maglumat beriş serişdeleriniň, LED-monitorlarynyň we beýlekileriň gurnalmagy göz öňünde tutuldy. Bularyň ählisi ulag akymlarynyň oňaýlyly bolmagyny üpjün etmäge hem-de awtoulag serişdeleriniň barha artýan möçberlerini nazara alyp, ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmaga, ýollarda howpsuzlyk derejesini artdyrmaga mümkinçilik berýär.Dünýä ölçegleri dürli sebitleri birleşdirýän çekilýän awtomobil ýollarynyň esasy häsiýetnamasydyr. Şoňa laýyklykda, ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň (awtobanlaryň) gurluşygy alnyp barylýar.

Awtoulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça anyk çäreler görülýär. Häzirki günde bu ulgam dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň — “Hyundai Universe Luxury”, “Hyundai Universe Noble”, “Hyundai Super Aero City”, “Iran Khodro”, “Yutong ZK 6129H”, “PAZ-32054” häzirki zaman ulag serişdeleri bilen enjamlaşdyrylandyr. Olar şäheriň içindäki we şäherara ugurlarda hereket edýär. Täze ugurlar işlenilýär we döredilýär.

Hormatly Prezidentimizin parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyyetimiziň ähli pudaklarynda uly öňegidişlikler we ösüşler gazanylýar. Ýurdumyzyň ykdysady ösüşine ulaglar pudagynyň goşýan goşandy hem aýratyn bellärliklidir. Häzirki wagtda raýatlarymyzyň gündelik durmuşyny awtoulag hyzmatlary bolmazdan göz önüne getirmek mümkin däl. Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary boýunça ýaýbanlandyrylýan ösüşleriň, özgertmeleriň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň ösmeginde möhüm orny eýeleýän ulaglar düzümini düýpli, toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça giň gerimli taslamalaryň  yzygiderli amala aşyrylmagy dowam edyär. Muny «Türkmenawtoulaglary» agentliginde alnyp barylýan işleriň mysalynda hem görmek bolýar.Eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde häzirki zaman tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan awtomenziller gurlup ulanylmaga berilyär, öňki bar bolanlaryň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Ulgamda dünyä tejribesinde barlanylan hem-de ykrar edilen maksatnamalar giňden ornaşdyrylyar.

Halka edilyän hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagy üçin agentlik tarapyndan birnäçe ýeňillikler döredildi. Awtobus hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin dünyä ülňülerine gabat gelýän ýörite ýolagçy kartlary girizildi, ýeňil taksilerde plastik kartlaryň üsti bilen töleg geçirmäge mümkinçilik döredildi. Şeýle hem uruş weteranlary, 7 ýaşa çenli çagalar we saglyk ýagdaýy pes bolan raýat peýdalanýarlar, pensionerler hem-de mekdep okuwçylary üçin niýetlenen ýol peteklerinde bir aýlyk ýenillikli nyrhlar kesgitlenildi.

Ulag düzümini ösdürmek, awtomobil we beýleki ulaglaryň tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň yzygiderli amala aşyrýan durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimizin kararlaryna layyklykda satyn alnan «Hyundai Super Aero City» kysymly awtobuslar şäheriçi gatnawlarda halkymyza hyzmat edýär. Häzirki döwürde Türkmenistanyň jemgyýetçilik ulaglar parkynyň köp bölegini Koreýada öndürilen awtobuslar tutýar. Bu ugurda amala aşyrylýan hyzmatdaşlyk oňyn netije berýär. Şunda, taraplaryň ikisi hem gatnaşyklary uzakmöhletleýin esasda dowam etmäge gyzyklanma bildirýär. Mundan başga-da,ýurdumyzda şäheriçi gatnawlarynda «Hyundai Elantra» we «Toyota Corolla» kysymly ýeňil awtomobiller taksi hyzmatlary üçin peýdalanylýar.Olarda «Altyn Asyr» ÝGPJ tarapyndan «Samsung» we «Alcatel» görnüşli planşetler oturdyldy hem-de internet ulgamynda ulanylýan yörite programma üpjünçiligi ulanylyşa girizildi. Onuň üsti bilen ýolagçylar hyzmatyň hili, bahasy, ýolun uzynlygy we ugry baradaky zerur maglumatlary alyp bilýärler.Taksi çekleri berýän enjamlar, bank kartlary arkaly nagt däl görnüşde tölegler üçin ykjam töleg terminallary bilen üpjün edilendir. Awtobuslarda we ýeňil awtoulaglarda

geopozisiýa (GPS) ulgamynyň abzallary oturdylandyr, munuň özi awtoulag serişdesiniň häzirki wagtda nirede ýerleşýändigini kesgitlemäge, şeýle hem sürüji tarapyndantizlik derejesiniň ýokarlandyrylyşyna gözegçilik etmäge mümkinçilik berer. Jemgyýetçilik ulaglarynyň ähli görnüşlerine bildirilişi ýaly, ýeňil awtoulaglara howpsuzlyk,ygtybarlylyk we ekologiýa babatda ýokary talaplar bildirilýär. Bu ölçegler babatynda dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň täze amatly ulaglary bildirilýän ýokary talaplara we dünýä ölçeglerine doly kybap gelýär.Bu hyzmat ilatyň arasynda barha meşhurlyk gazanýar we gyssagly taksi çagyrmak üçin internet hyzmatlary işjeň peýdalanylýar. Bu bolsa halkymyzyň ýaşayyş-durmuş derejesinin has-da gowulanmagyna, her bir raýatyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň hözirini görüp yaşamagyna şert döredyär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Prezidentimiziň başda durmagynda ata-Watanymyzyň her güni üstünliklere beslenýär.Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň belleniljek ýylynda ýetilen sepgiter ýylyň-ýylyna artýar. Bu döwürde ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen bir hatarda ulag we kommunikasiýa toplumynyň «Türkmenawtoulaglary» agentliginde hem uly üstünlikler gazanyldy.Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň awtomobil ulaglary ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen dünýä belli kompaniýalaryň önümleri bolan ýokary hilli ýolagçy awtobuslar, ýeňil taksi awtoulaglary we ýük awtoulaglary yzygiderli satyn alynýar hem-de döwrebap binalar we desgalar gurulýar.Ýolagçylara ýeňil taksilerde edilýän hyzmaty gowulandyrmak maksady bilen, Aşgabadyň taksomotor awtoulag kärhanasynda elektron planşetler oturdyldy we müşderilerden sargytlary internet arkaly kabul etmek hyzmaty ýola goýuldy.Türkmenistanyň iri gurluşyklarynda hyzmat etmek hem-de ýetişdirilen däne hasylyny we beýleki oba hojalyk önümlerini daşamak üçin ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy “KAMAZ” kompaniýasynyň ýük awtoulaglary ulanylýar.

Ösüşiň häzirki zaman tapgyrynda awtoulag toplumynyň pudaklarynda binýatlaýyn, düzümleýin we düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär.Şunuň bilen baglanyşyklylykda, döwlet Baştutanymyz ýolagçylara hyzmat etmegi, şol sanda ýük daşamagyň işjeň artýan wagtynda, tomus dynç alyş döwründe adamlaryň barjak ýerlerine bökdençsiz barmagyna mümkinçilik döretmek boýunça işleri döwrebap derejede guramagyň möhümdigini belleýär. 

Hormatly Prezidentimiziň ähli ugurlarda sanly ulgama geçmek baradaky tabşyryklaryna laýyklykda Aşgabat şäherinde we welaýatlardaky awtobuslarda nagt däl görnüşli elektron töleg ulgamy (walidator) ornaşdyryldy, ýeňil taksi awtoulaglaryny internet ulgamynyň üsti bilen sargyt etmek hyzmatlar ýola goýuldy, paýtagtymyzdan ýurdumyzyň welaýatlaryna amala aşyrylýan şäherara we şäherýaka ugurlar boýunça gatnaýan awtobuslaryň ýol peteklerini internet ulgamynyň üsti bilen satyn almak hyzmatlary elýeter edildi, Aşgabat şäherindäki kärhanalarynyň hasabyndaky döwrebap awtobuslarda, ýeňil taksi awtoulaglarda, ýük awtoulaglarda we welaýatlardaky kärhanalaryň hasabyndaky döwrebap ýük awtoulaglarda GPS/Glonass ulgamy ornaşdyryldy. 

25-nji maýda bellenilip geçilen Aşgabat şäheriniň güni we paýtagtymyzyň 140 ýyllygy mynasybetli geçirilýän goşa baýram gününde şäherde täze, amatly “Hyundai ALL New Super Aero City” kysymly awtobuslaryň 400-si işe girizildi.Şol gün şeýle hem “Awtomobil ulag hyzmaty” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hasabyna gelip gowşan 200 sany “tayota corolla” kysymly döwrebap ýeňil taksi awtoulaglary goýberildi. 

Ulag ulgamynyň ýolagçy gatnawlaryny amala aşyrýan iň bir işjeň pudaklarynyň biri bolan awtoulaglar pudagy milli Liderimiziň başlangyçlary bilen täze talaplara eýe bolup, döwrebap usullar arkaly ýolagçylara hyzmat edýär. Muňa ýurdumyzyň milli awtoulaglar düzüminiň täze enjamlar, täze usullar hem-de awtoulaglar bilen yzygiderli baýlaşdyrylmagy anyk mysal bolup çykyş edýär. 

Ýolagçy gatnawlarynda we ýük dolanyşygynda wajyp wezipäni ýerine ýetiryän awtomobil ulaglary pudagynyň düzüminin kämilleşmegi hem-de netijeliliginiň ýokarlanmagy ugrunda bimöçber aladalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiyetli işleri rowaçlyklara beslensin!

Möwlam HAÝTGULYÝEW,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň  “Lebapawtoulag” önümçilik birleşiginiň hünärmeni.

1692d25029c157.jpeg
Türkmenistanda Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlyk başlandy

Türkmenistanda Täze ýyl baýramyny garşylamak boýunça taýýarlyklar başlandy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow penşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen hökümet mejlisinde hasabat berdi.


1692d24640d44f.jpeg
Türkmenistan, Azerbaýjan, Gruziýa we Rumyniýa täze transport ugruny dörederler

Türkmenistan, Azerbaýjan, Gruziýa we Rumyniýa 2025-nji ýylyň dekabrynda halkara transport ugry (HTU) “Hazar deňzi – Gara deňzi” ugruny döretmek baradaky ylalaşyga gol çekmegi meýilleşdirýärler.


1692d23bfd3dcb.jpeg
Ýanwar-oktýabr: Türkmenistan bilen Özbegistanyň ulaglar arkaly söwda dolanyşygy $876,8 milliondan geçdi

2025-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberi $876,8 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň hasabatynda habar berilýär.


1692d220eef7aa.jpeg
Türkmenistanda wirtual aktiwler we maýning işi durmuşa giriziler

Türkmenistanda wirtual aktiwler hem-de maýning kriptowalýutalar boýunça gatnaşyklary kadalaşdyrýan Kanun kabul edildi. Bu resminama wirtual aktiwler bilen işleşmegiň tertibini, olaryň hasaba alynmagyny, rugsat berilmegini we degişli gözegçilik çärelerini doly düzgünleşdirýär.


1692d1fc41d0b8.jpeg
Türkmenistan parahatçylyk dörediji taglymlary we uzak möhletleýin innowasion taslamalary ilerledýär

Ýakyn goňşy we sebit döwletleri bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek ýurdumyzyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu babatda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy uzak möhletleýin esasda ilerletmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.