Daşky gurşawy goramak we ekologiýa abadançylygy
12-04-24
Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň daşky gurşawyny goramak, şol sanda suw serişdelerini gorap saklamak bilen baglanyşykly meselelerini çözmäge uly ähmiýet berilýär.
Ata-babalarymyz daşky gurşaw bilen sazlaşykly ýaşamagyň asylly ýörelgelerini, tebigata aýawly garamagyň däplerini we edep-kadalaryny miras goýupdyrlar. Türkmen jemgyýetiniň bu gymmatly däpleri asyrlar boýy kämilleşdirilip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy esasynda täze mazmun bilen yzygiderli baýlaşdyrylýar. Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan bu ynsanperwer gymmatlyklar häzirki günlerde Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda döwletiň ekologiýa syýasaty arkaly üstünlikli ösdürilýär.
Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ekologiýa we daşky gurşawy goramak, sebitde hem dünýäde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça esasy çemeleşmelerinde Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň ählumumy, sebit we milli gurallaryndan ugur alýar.
Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasy (AHHG) Merkezi Aziýa döwletleriniň döwlet Baştutanlarynyň başlangyjy esasynda Aral deňziniň basseýninde durmuş-ykdysady hem-de ekologiki ýagdaýy gowulandyrmak maksady bilen döredildi. Bu gaznanyň düzüminde Döwletara utgaşdyryş suw hojalyk topary we Durnukly ösüş boýunça döwletara topar döredildi. Hökümetara suw serişdelerini bilelikde ulanmak, dolandyrmak we goramak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Ylalaşyga laýyklykda, Merkezi Aziýa döwletleri tarapyndan Hökümetara utgaşdyryjy suw hojalyk komissiýasy (HUSK) döredildi. Munuň esasy maksady:
- suw serişdelerinden her bir döwlet üçin her ýylky suw ulanmak boýunça çägini (limitini) tassyklamak;
- suw howdanlarynyň iş tertibini işläp düzmekden;
- suw serişdeleriniň dolandyrmakdan;
- Aral deňziniň guramagy we suw serişdeleriniň azalmagy bilen bagly ekologiýa maksatnamalaryny işläp düzmekden we ýerine ýetirmekden ybaratdyr.
Daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri, şol sanda suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça meseleler bu günki gün dünýä ähmiýetli örän wajyp meselelere öwrüldi.Türkmenistan dünýäde ilkinjileriň hatarynda Durnukly ösüş maksatnamalaryna milli derejede goşulyp, häzirki döwürde BMG-niň kabul eden «2030-njy ýyla çenli Gün tertibini» amala aşyrmaga işjeň gatnaşýar, bu ugurda dünýä döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýulýar.
Ýurdumyz tarapyndan başy başlanyp, 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde “Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” diýen Rezolýusiýanyň biragyzdan kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. “Suw diplomatiýasy” baradaky başlangyçlary amala aşyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda başlyklyk etmeginiň esasy maksatlary Aral deňzi sebitindäki ýurtlaryň durmuş-ykdysady we ekologiýa ýagdaýlaryny gowulandyrmak, sebitde suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyny hem-de daşky gurşawyň ýokary derejede goralmagyny üpjün etmek bolup durýar.
Türkmenistan Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk edýän ýurt hökmünde öz öňünde duran aşakdaky wezipeleri ileri tutýar:
- suw serişdelerini toplumlaýyn peýdalanmak we daşky gurşawy goramak;
- sebitdäki ýurtlaryň iri halkara guramalary, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasy hem-de durnukly ösüş babatdaky guramalary bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge we giňeltmäge ýardam etmek.
Biziň ýurdumyz häzirki wagtda BMG-niň tebigaty goramak hakynda esasy ylalaşygyna, şol sanda biologiýa köpdürlüligi, ozon gatlagyny goramak, çölleşmä garşy göreşmek, serhet üsti suw akymlaryny we halkara kölleri goramak we peýdalanmak hakyndaky Konwensiýa, şeýle hem ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda Konwensiýasyna agza bolup durýar we şonuň esasynda öz üstüne alan borçnamalaryny üýtgewsiz ýerine ýetirýär. Bu ugurlarda BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy, Ýewropa Bileleşigi hem-de beýleki abraýly halkara düzümleri bilen bilelikde milli we sebit derejelerinde maksatnamalaryň we taslamalaryň onlarçasy amala aşyrylýar.
Şu nukdaýnazardan institutymyzda açylan “Daşky gurşawy goramak – durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy” atly ÝUNESKO Kluby ýurdumyzyň dünýäniň sebit we halkara guramalary bilen bilelikde alyp barýan howanyň üýtgemegine garşy göreş we daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygy, suw meseleleri, çölleşmä garşy göreşmek, tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak bilen baglanyşykly möhüm meseleler babatynda ýaşlaryň ekologiýa baradaky syýasy habarlylygynyň ýokarlanmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirer.
Umuman bu ugurda geljekde hem oňyn halkara hyzmatdaşlygynyň ilerlemegi, ýurdumyzyň ekologiýa diplomatiýasynyň çäklerinde alnyp barylýan özgertmeleriň günsaýyn pajarlamagy ugrunda giň gerimli işleri durmuşa geçirýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, il bähbitli, ýurt ähmiýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Haýdar GULAMOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ekologiýa we umumy himiýa kafedrasynyň mugallymy.
HAÝRAN GALDYRÝAN ULAGLAR
Awtoulagy bellenen tizlikden ýokary dolandyrýandygy üçin ýazylan iň köp jerime töleginiň möçberi 1 million amerikan dollaryna barabardyr. Bu jerime ulagyny sagatda 288 km tizlik bilen dolandyran şweýsariýaly sürüjä degişlidir. Ýeri gelende bellesek, bu ýurtda jerimeler gazanylan girdeji bilen baglanyşykly bolup durýar.
Dünýädäki iň täsin howa menzilleri
Singapur adaty bolmadyk binagärlikden we haýwanlary iň tebigy mekanynda görkezýän meşhur haýwanat bagyndan, ajaýyp seýilgähleri we baglary bilen bütin dünýäde meşhurdyr. Çangi - howa menzili Singapuryň ähli aýratynlyklarynyň bir görnüşidir. Dünýäniň iň gowy howa menzili hökmünde ençeme gezek ykrar edildi. Çangide menziliň ýokary gatlaryna münüp, menziliň içinde döredilen tropiki baglara tomaşa edip, onda gezelenç edip, hatda 40 metrlik şarlawuga haýran galyp, üçek howuzunda dynç alyp bolýar.
Watanyň daýanjy, geljegi ýaşlar
Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli kabul edýän çözgütleri, berýän tabşyryklary eziz Watanymyzyň rowaçlanmagyna, halkymyzyň eşretli durmuşynyň hatyrasyna gönükdirilýär, ylym-bilim ulgamyna berýän ägirt ünsi zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagynda, bilim ulgamynda täze-täze oýlap tapyşlaryň döremeginde, türkmen ylmynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginde oňyn netijeleri berýär.
Goýberiliş №42 (17.10.2020 ý.)
Goýberiliş №41 (10.10.2020 ý.)
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.