Magtymguly Pyragy – türkmen halkynyň akyldar şahyry

07-05-25

Şa­hy­ryň dö­re­di­ji­li­gi­niň hal­ky­ly­gy onuň şy­gyr­la­ry­nyň hal­kyň dur­mu­şy­na ýa­kyn­ly­gy bi­len kes­git­len­ýär. Şun­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň goş­gu­la­ry­nyň ada­lat­ly jem­gy­ýe­ti dö­ret­mek, döw­let­li­lik ýö­rel­ge­si­ni ös­dür­mek ba­ra­da­ky pi­kir­le­ri aý­ra­tyn ma­ny-maz­mu­na eýe­dir. Şa­hy­ryň dö­re­di­ji­li­gin­de hal­ky­ly­gyň güýç­li bol­ma­gy­nyň ýe­ne bir se­bä­bi onuň pi­kir­le­ri­niň, ar­zuw­la­ry­nyň hal­kyň­ky bi­len bir bol­ma­gy­dyr. Akyl­dar şa­hyr ag­zy­bir­lik tag­ly­ma­ty­ny öňe sür­mek bi­len, ber­ka­rar döw­let gur­mak ar­zuw­la­ry­ny be­ýan ed­ýär.

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de akyl­dar şa­hy­ryň dö­re­di­ji­li­gi­ni dün­ýä ýaý­mak bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Geçen ýyl­ Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­ny bel­le­mek ba­ra­da­ky baş­lan­gyç ýur­du­my­zyň bag­ty­ýar ra­ýat­la­ry­nyň gö­wün gu­şu­ny ga­nat­lan­dy­ryp, kal­by­na şat­lyk nu­ru­ny çaýdy.

Magtymguly türkmen halkynyň guwanjy we buýsanjy hasaplanýar. Ol geçmişiň, şu günüň, geljegiň şahyry hökmünde ykrar edilendir. Akyldar şahyrymyz diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem, dünýä halklarynyň arasynda hem türkmen edebiýatyny şöhratlandyran ussatdyr. Beýik söz ussadynyň ajaýyp goşgulary ähli halklar üçin ýolgörkeziji şamçyrag bolup hyzmat edýär.

Akyldar şahyryň ata Watany söýmek, adam mertebesini belende götermek, ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak ýaly öwüt-ündewleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillerimiziň kalbynda hemişelik orun alýar. Şahyryň ahlak, päk söýgi, mertlik, watançylyk ýaly meselelere bagyşlanan şygyrlary ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir.

Magtymguly Pyragy diňe türkmen halkynyň arasynda däl, eýsem, türk, rus, özbek, gazak, gyrgyz, azerbaýjan, täjik, tatar, başgyrt we beýleki halklarda-da, Eýran, Owganystan, Wengriýa, Angliýa ýaly ýurtlarda hem tanalýar. Bu halklaryň dilinde Magtymgulynyň aýry-aýry şygyrlarydyr şygyr diwanlary dürli ýyllarda neşir edildi.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede, giňden bellenilmegi beýik şahyra uly sarpa goýulýandygynyň ýene-de bir aýdyň mysaly bolar. «Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir» diýýän Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahyryň döredijiligine berýän belent bahasy, oňa bagyşlap ýazan «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly ajaýyp kitaby Magtymgulynyň döredijiliginiň türkmen halkynyň durmuşynda wajyp orun tutýandygyny görkezdi.

Goý, beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine belent sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Ogulgeldi ANNAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa kafedrasynyň uly mugallymy.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.