DEMIR ÝOL PUDAGYNYŇ BAÝ MIRASY

14-10-21

Garaşsyzlyga eýe bolanymyzdan soň, diýarymyzda ägirt uly syýasy, ykdysady, ruhy özgertmeler amala aşyryldy. Amala aşyrylan pudaklaýyn işleriň netijesinde ýurdumyzda milli aň, milli gymmatlyklar öň görlüp - eşidilmedik derejelerde ösdi. Türkmeniň milli medeni gymmatlyklary bilen dünýä medeniýetiniň arasynda özboluşly ýakyn, jebis, täze arabaglanyşyk emele geldi. Köne bilen täzäniň arasyndaky baý mirasy açyp görkezýän pudaklaýyn muzeýler ýurdumyzyň dürli künjeklerinde açylyp, zähmet adamlarynyň baý mirasyny halka ýetirmekde mynasyp işler ýola goýuldy. Çünki, medeniýet, ylym, bilim, terbiýe pudaklarynda muzeýler jemgyýet tarapyndan öňde goýulýan özboluşly meseleleri çözýärler. Muzeýleriň jemgyýetde ornuny kesgitlemekde olaryň öňünde goýulýan talaplardan gelip çykýan sosial wezipelere düşünmek uly ähmiýete eýedir.

“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 21-nji şahamçasynyň binasynda ýerleşýän demir ýolçularyň muzeýi hem bu ugurda esasy ojaklaryň biridir. Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinde, ýagny 1991-nji ýylyň dekabrynda döredilen bu muzeý ýurdumyzyň demir ýol pudagyna degişli baý eksponatlar düzümini özünde jemleýär. Onda kärhananyň, ýagny ozalky Türkmenabat ýük wagon deposynyň döredilen gününden başlap, şu güne durmuşyny açyp görkezýän dürli maketler, suratlar, albomlardyr kitaplar syýahatçylarda gaýtalanmajak täsir galdyrýar. Muzeý işi muzeý gaznasynyň esasynda ýaýbaňlandyrylýar. Bu muzeýiň gaznasynda ýurdumyzda demir ýol pudagynyň ösüş taryhyny alamatlandyrýan dürli görnüşli şaýlardyr esbaplar bu ugurda gymmatly hazyna bolup hyzmat edýär. Olaryň arasynda dürli wagon görnüşleriniň tigir jübütleri, wagon göteriji damkratlar, kömür gyzdyryjy peçler, ilkinji wagonlarda ulanylan çyralar muzeýiň düzümini baýlaşdyrýar. Kärhananyň işgärleriniň dürli ugurlarda gazanan üstünlikleriniň şaýady bolup durýan dürli medallarydyr ordenleri, hormat hatlarydyr, kuboklary hem muzeýde mynasyp ornuny tapandyr. Özboluşly dizaýnda ýerleşdirilen eksponatlar göze ýakymlylygy bilen hem täsirlidir.

Demirýolçularyň dürli ýyllarda gazanan zähmet ýeňşini, sport üstünliklerini alamatlandyrýan bu şaýatnamalar ýaş işgärlere görelde almaga ýardam berer. Muzeý işiniň tejribesiniň öwrenilmegi muzeýleriň ylym we medeniýet ulgamlaryndaky ornunyň, halkyň  ruhy medeniýetine täsiriniň artýandygy barada şaýatlyk edýär. Bu ilki bilen taryhy hem-de pudaklaýyn muzeýler babatynda şeýledir, sebäbi olar aýratyn terbiýeçilik ähmiýete eýedir. Demirýolçularyň zähmetde gazanan üstünliklerini, demir ýol pudagynyň ösüşini alamatlandyrýan diwar suratlary pudagyň döräp ugran pursadyndan başlap ýyllar boýunça ösüşini aýdyňlygy bilen açyp görkezýär. Muzeýde ýerleşdirilen hormatly myhmanlaryň ýazgylar kitabynda muzeý döredilenden bäri, bu ýere syýahata gelen ýerli we daşary ýurtly medeniýet söýüjileriň ýazgylary galdyrylypdyr. Bu ýere gelen her bir syýahatçy demir ýol pudagynyň ýurdumyzda bir asyrdan gowrak baý taryhyna gaýybana syýahat etmäge mümkinçiligi bar.

Jangeldi IŞANKULYÝEW,
“Türkmeniň ýüpek ýoly”.

16af5460981436.png
Türkmenistan, Eýran we Gazagystan sebitde sanly geçelgäni döretmek boýunça ylalaşdylar

Türkmenistan, Eýran we Gazagystan Merkezi Aziýa ýurtlaryny Pars aýlagy we goňşy döwletler bilen birleşdirjek bilelikdäki sanly geçelgäni döretmek barada deslapky ylalaşyga geldiler. Bu barada sişenbe güni Eýranyň “IRNA” habarlar agentligi habar berdi.


16af544491b7c6.jpg
2026-njy ýylyň oktýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

Geçen aýda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» hem-de giň gerimli halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan netijeli işler alnyp baryldy. Halkara derejeli köp sanly çäreler — syýasy geňeşmeler, işewürlik duşuşyklary, maslahatlar, sergiler, medeni çäreler we beýlekiler munuň aýdyň mysalydyr.


16af5420d93292.jpg
Türkmenistan howanyň üýtgemegi bilen bagly maglumatlaryň aýdyňlygyny üpjün etmek boýunça mümkinçiliklerini pugtalandyrýar

2026-njy ýylyň 10-njy noýabrynda BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde «Howa maglumatlaryndan tehnologiýalara tarap: “Pariž ylalaşygyna laýyklykda Giňeldilen aýdyňlyk çarçuwasynyň talaplaryny ýerine ýetirmek boýunça Türkmenistanyň mümkinçiliklerini pugtalandyrmak” atly taslama bagyşlanan tematiki sessiýa geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.


16af5454638785.png
Türkmenistan bilen Saud Arabystany 2027-nji ýylyň haj zyýaraty boýunça ylalaşdylar

Türkmenistanyň müftüsi Rahman Gurbanmyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 8–11-nji noýabry aralygynda Jidda şäherinde geçirilen VI Haj we umra maslahaty hem-de sergisine gatnaşdy. Maslahatyň çäginde Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýeti bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Haj we umra ministrliginiň arasynda 2027-nji ýylda berjaý ediljek haj zyýaraty bilen baglanyşykly ikitaraplaýyn Ylalaşyga gol çekdiler. Bu barada Türkmenistanyň Saud Arabystandaky ilçihanasy sişenbe güni habar berdi.


16af3febb6d4a9.jpg
Sanly tehnologiýalar we döwrebap ulag-logistika – ýollaryň akylly ulgama öwrülişi

Ulag-logistika pudagy häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetiniň iň çalt ösýän we tehnologik taýdan özgerýän ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda kabul edilýän çözgütler diňe bir ýük daşamalaryň tizligini we netijeliligini ýokarlandyrmaga däl, eýsem, üpjünçilik zynjyrlarynyň ygtybarlylygyny, açyklygyny we howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Häzirki döwürde ýollar, ulag serişdeleri we sanly tehnologiýalar bitewi ulgam hökmünde özara baglanyşykda hereket edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.