BILIMLI WE HÜNÄRLI ÝAŞLAR
13-04-23
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň okap, zamanabap bilim almaklary, ezber hünärmenler bolup, ýurdumyzy mundan beýläkki ösüşlere äkitmäge goşant goşmaklary üçin düýpli tagallalar durmuşa geçirilýär.Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri döwrebap bilim hem-de öňdebaryjy ylmy işläp taýýarlamalaryň möhüm merkezine öwrülýär. Muňa talyplardyr ýaş alymlaryň ylmy işleriniň we innowasion işläp taýýarlamalarynyň ýokary netijeleri hem aýdyň delildir. Ýaş alymlaryň ylmy açyşlary, senagat-innowasion tejribeleri, ylmy-inženerçilik pikirleri, maglumat-tehnologik barlaglary ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda, hususan-da, ykdysadyýetimiziň sanly düzümlerini kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýedir.
Ýokary okuw mekdebimiz paýtagtymyzyň iň bir gözel künjeginde — Köpetdagy etekläp oturan sebitde ýerleşmek bilen, bagy-bossanlyga, gülzarlyga beslenen binalar toplumy we landşaft bezegi bilen tapawutlanýar. Häzirki wagtda institutymyzda tehniki ugurly ýokary okuw mekdepleriniň halkara assosiasiýasynyň sanawyna goşulmak ugrunda degişli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda halkara akkreditasiýasyny almak, talyplaryň hem-de professor-mugallymlaryň halkara akademiki hereketliligini ýola goýmak, dünýä ylmynyň gazananlary we toplanan milli tejribe esasynda okuwa, ylmy işlere innowasion usullary ornaşdyrmak, ylmy-mugallymçylyk işgärleriniň taýýarlygyny kämilleşdirmek ugrunda hem alnyp barylýan işler barha ýaýbaňlanýar.
Arkadagly Serdarymyz ýokary okuw mekdebimizde ýurdumyz üçin zerur inženerleri, tehnologlary we mehanikleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler, bu ugra degişli okuw sapaklarynyň maksatnamasyny döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmek babatda içgin gyzyklanmagy institutymyzyň professor-mugallymlarynyň öňünde täze wezipeleri goýýar.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli ulag ulgamyna degişli ylmy işleri, taslamalary taýýarlamaga ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň tejribeli mugallymlarynyň halypalyk etmeginde talyp ýaşlary gatnaşdyrmak barada yzygiderli tabşyryklary berýär. Bu tabşyryklardan ugur alyp, ýokary okuw mekdebimizde işler meýilnama esasynda ýola goýuldy. Taýýarlanylýan her bir taslamany ylmy esasda işläp düzmek maksady bilen fakultetlerde ýaş alymlaryň merkezi döredildi. Ulag pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdebimizde geçirilýän amaly sapaklary tejribe bilen utgaşdyrmak meselesine aýratyn üns berilýär.
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty inžener ugurly ýokary okuw mekdebi bolmak bilen, ýurdumyzyň ulag, kommunikasiýa toplumy üçin hünärmenleri taýýarlaýar. Talyp ýaşlaryň öz saýlap alan hünärleri boýunça kämilleşmekleri üçin göz öňünde tutulan möhüm çäreleriň biri hem olaryň öz okaýan ugurlary boýunça edara-kärhanalara baryp, halypalaryň ýolbaşçylygynda önümçilik, okuw, iş tejribeliklerini geçmekleridir. Howa, awtomobil, suw ulaglarynyň ulanylyşy, demir ýol ulagynyň hereket edýän düzümi, demir ýol ulagynda gatnawlary guramak we dolandyrmak kafedralarynyň degişli hünärlerinde okaýan talyplarymyz geljekde ýurdumyzy ösdürmäge mynasyp goşant goşmagy öz öňlerinde belent maksat edinýärler. Okuw tejribelik geçmek okuw mekdebinde öwrenilen nazary bilimleri iş üstünde, gözüň bilen görmek we göreniňi öz eliň bilen gaýtalap görmekdir. Berkidilen halypalaryň ýolbaşçylygynda şeýle tejribeligi geçen geljekki ýaş hünärmenler okuwlaryny tamamlap, iş orunlaryna baranlarynda, işiň gidişinden, işiň häsiýetli aýratynlyklaryndan, degişli enjamlardan we ulgamlardan habarly bolýarlar. Munuň özi işe tiz ugrukmaga we täzeçillik görkezip işlemäge mümkinçilik berýär.
Ýokary okuw mekdebimizde geçirilýän hoşallyk maslahatlarynda professor-mugallymlarymyz bilen birlikde talyp ýaşlarymyz hem Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň bildirýän ynamlarynyň özleri üçin uly mertebedigini nygtaýarlar. Ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli ulag diplomatiýasy taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ähli güýçlerini, bilimlerini hem-de başarnyklaryny bagyş edip, hemişe uly buýsanç bilen gatnaşjakdyklaryny ynandyrýarlar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz Watanymyzyň kuwwatly geljegi bolan ýaşlar üçin ähli zerur şertleri döredip berýändiginiň we ylymly, bilimli, ýokary hünärli hem-de häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan, sanly ulgamdan ussatlyk bilen baş çykarýan ýaşlaryň sanynyň barha artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Halkymyzyň, şol sanda biz ýaşlaryň bagtyýar durmuşy üçin taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, döwletli tutumlary elmydama rowaç bolsun!
Serdar ROZYKULYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Demir ýol ulaglary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.
«IL SAGLYGY — ÝURT BAÝLYGY»
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Şoňa görä-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga uly ähmiýet berilýär. Beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly nesilleri ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
BAGTYÝARLYK SAGLYKDAN BAŞLANÝAR
Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy esasynda işlenip taýýarlanylan, strategik häsiýete eýe bolan, durmuş ugurly «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy hil taýdan täze derejelere çykýar.
SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI ÝOL ALÝAR
Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Il saglygy — ýurt baýlygy» şygary astynda ilat arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
BEÝIK IŞLER ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «Eger-de milletiň erkana we öz erkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk hem türkmen döwletiniň goşa ganatydyr» diýen dürdäne jümleler bar.
BITARAPLYK ÝOLY PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝOLUDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik we asyl syýasaty, türkmen halkynyň ata-baba, nesilme-nesil dowam edýän agzybirlik taglymaty netijesinde Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly Eziz Diýarymyzda bu gün durmuş daragty gül açyp, onuň hoşroýlygy gözellikden çar ýana serpaýdyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.