TÜRKMEN HALYSY NEPISLIGIŇ SUNGATY

17-04-23

«Türkmen halysy  türkmeniň äleme bolan soňsuz tagzymynyň beýanydyr. Türkmeniň halysy onuň köňlünüň aýdymydyr. Bu aýdym bolsa bir günüň ýa bir döwrüň, asyryň aýdymy bolman, ol heňňamlaryň sedasyny gursagyna goýandyr».

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Halkymyz asyrlarboýy özüniň milli gymmatlyklaryny gorap we ösdürip gelen halkdyr. Türkmeniň sungat derejesine göterilen halyçylyk senedi hem bedew atlary, saryja goýuny, aw guşlary mysaly halkymyzyň abraý-mertebesini äleme aýan edip, şöhratyny göterip gelipdir. Halkymyzyň milli gymmatlygy hökmünde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nury bolup dünýä şöhle salýar. Bu gün nirä barsaň, haýsy döwlete myhman barsaň, törden orun alan türkmen halysyny görmek bolýar. Bu günki gün bagtyýar ýurdumyzda ähli milli gymmatlyklarymyz bilen bir hatarda haly sungatymyzyň göterilen ykbaly her bir türkmen raýatynyň başyny göge ýetirýär.

Halkymyzda «Öý haly ýazylan ýerden başlanýar» diýen pähim bar. Türkmeniň mukaddes öý-ojagyny halysyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Haly gölleri döwlet nyşanlarymyzda hem öz beýanyny tapýar. Döwlet baýdagymyzy we tugramyzy bezeýän bäş sany haly göli halkymyzyň agzybirliginiň, abadançylygynyň, asuda we parahat durmuşynyň nyşanydyr.

Biziň gadymdan gözbaş alýan haly dokamak senedimiz köpasyrlyk tejribä esaslanýar. Bu gün bolsa ol eksport ugurly bähbitli işewürlige öwrülýär. Türkmen halylaryna bolan isleg tutuş dünýäde ýokarydyr. Bu ähli döwürde-de şeýle bolupdyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dünýä meşhur halyçylyk sungatyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Bu ajaýyp sungatyň gadymy nusgalaryny gorap saklamak barada uly alada edilip, halyçylyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Ýurdumyzda täze çeper halyçylyk kärhanalary gurlup, ulanmaga berilýär. Halyçy gelin-gyzlaryň netijeli işlemekleri we oňat dynç almaklary üçin ähli şertler döredilýär.

Türkmen tebigatynyň dil bilen beýan edip bolmaýan täsin gözelligini, mährem zenanlaryň köňül arzuwlaryny, halkymyzyň gadymyýetini we şu gününi şöhlelendirýän haly sungatymyz we dokma önümlerimiz halkymyzyň milli buýsanjydyr. Halynyň gözüň ýagyny iýip barýan, kalbyňa buýsançly gozgalaň salyp barýan müňlerçe çitimlerinde zenanlarymyzyň yhlasy, Watana, il-güne, türkmen tebigatyna bolan mähiri-söýgüsi, arzuw-niýetleri, ýürek telwasy öz beýanyny tapýar. Garaşsyz Diýarymyzda ajaýyp gözelligi bilen görenleri özüne bendi edýän nepis halylary we dokma önümlerimizi wasp etmedik şahyr, bu ajaýyplygy taryplap aýdym aýtmadyk bagşy ýok bolsa gerek.

Türkmen halysy Türkmen zenanlarynyň yhlasy,mähiri siňen häzirki güne çenli hem dünýä halklaryny haýrana goýýan Türkmeniň özboluşly,nepis sungatydyr. Türkmen halysy öz gözbaşyny ene topragymyzdan alyp gaýdýar, we ondaky keşdeler bolsa Türkmen tebigatyny, gülleri,haýwanlary,derýalary, daglary şeýle hem Güni we Aýy şöhlelendirýär. Türkmen halysy biziň milliligimizdir,milli gymmatlygymyzdyr. Türkmen halysy özüne mahsus bolan ruhy medeniýeti we nepisligi özünde jemleýän sungat eseridir.

Halkymyzyň durmuşy haly bilen berk baglanyşyklydyr. Täze gelen gelni haly düşelen hormatly ýerde oturdypdyrlar, haly ýapylan düýä mündüripdirler. Öýlenýän ýigit bolsa haly bilen bezelen öý taýynlapdyr. Çaganyň dünýä inmeginiň hatyrysyna haly dokalypdyr,soňra ol ilkinji ädimlerini şol halyda ädipdir. Çarwa öýleriniň gapysyndan “gapylyk” diýlip atlandyrylýan ýörite haly asypdyrlar. Türkmen hojalygyndaky esasy haly “maşgala daragty” bolup hyzmat edip, ol maşgalanyň taryhy barada gürrüň berýär. Türkmen halky haly bilen baglanyşykly däpleri keramat derejesine ýetirip, ony aýawly saklaýar, halyny diňe aýal-gyzlar dokapdyr,gadymdan gelýän sungat eneden-gyza geçipdir.

Haly dokalanda wagt, güýç-gaýrat hiç hili gaýgyrylmaýar,haly dokamak sungaty iň ýokary ruhy baýlyga,gymmatlyga deňelýär. Haly Türkmen halkynyň adyllyga bolan ynanjynyň şöhlelenmesidir, ol bolsa Türkmen medeniýetine dolulygyna siňdirilipdir. Türkmen medeniýeti bolsa Türkmen halkynyň milligi,mirasy Türkmen halkynyň buýsanjydyr. Türkmen halylarynyň esasy aýratynlygy hem olaryň gölleridir,nagyşlarydyr.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan watanymyzyň döwlet nyşanlarynyň aýrylmaz bölegine öwrülen haly gölleri, halkymyzyň agzybirligini,jebisligini, halkymyzyň milliligine mahsus bolan parasatlylygyny alamatlandyrýar. Meşhur haly gölleriniň nagyşlary gülläp ösýän Türkmenistan watanymyzyň özboluşly keşbine öwrüldi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan beýik özgertmeleriň keremi bilen günsaýyn gül açýan türkmen halysynyň galkynan ykbaly, arşa göterilen sarpasy biziň buýsanjymyzdyr. Goý, türkmen ilimizi bagtyýar eýýama ýetiren, ruhumyzy asmana göteren, Gahryman Arkadagyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Muhammet BABAÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň Inžener ulgamlary we torlary hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

«IL SAGLYGY — ÝURT BAÝLYGY»

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Şoňa görä-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga uly ähmiýet berilýär. Beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly nesilleri ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.


BAGTYÝARLYK SAGLYKDAN BAŞLANÝAR

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy esasynda işlenip taýýarlanylan, strategik häsiýete eýe bolan, durmuş ugurly «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň  hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy hil taýdan täze derejelere çykýar.


SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI ÝOL ALÝAR

Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Il saglygy — ýurt baýlygy» şygary astynda ilat arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.


BEÝIK IŞLER ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «Eger-de milletiň erkana we öz erkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk hem türkmen döwletiniň goşa ganatydyr» diýen dürdäne jümleler bar. 


BITARAPLYK ÝOLY PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝOLUDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik we asyl syýasaty, türkmen halkynyň ata-baba, nesilme-nesil dowam edýän agzybirlik taglymaty netijesinde Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly  Eziz Diýarymyzda bu gün durmuş daragty gül açyp, onuň hoşroýlygy gözellikden çar ýana serpaýdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.