Parahatçylyga we ynanyşmaga ýugrulan halkara hyzmatdaşlyk
03-12-21
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan Watanymyzyň ähli döwletler we abraýly halkara guramalary bilen özara gatnaşyklary giňeltmek ýurdumyzda ileri tutulýan ugur bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, 29-njy noýabrda paýtagtymyzdaky köpugurly işewürlik merkezli «Garagum» myhmanhanasynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň jemlerine bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi.
Maslahatyň öňüsyrasynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýörite sylagyna mynasyp bolan Türkmenistanyň wekilini sarpalamak dabarasy boldy. 28-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen YHG-nyň 15-nji sammitiniň çözgüdine laýyklykda, “Taryh, medeniýet, edebiýat we şekillendiriş sungaty” ugry boýunça Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň baş ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň doktory Ý.Orazgylyjowa sylag gowşuryldy. Bu sylagy Türkmenistanyň wekiline YHG-nyň Baş sekretary Husraw Noziri dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Nygtalyşy ýaly, guramanyň işine uly goşant goşýan aýry-aýry adamlaryň işleri ýörite bellenilmelidir, höweslendirilmelidir. Şoňa görä-de, YHG-nyň ýörite sylagyna mynasyp bolan türkmen alymy guramanyň Guramaçylyk komitetine özüniň ylmy işine ýokary baha berlendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde öz bilimini we tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Halkara çäräniň dowamynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň jemleri beýan edildi. Ýokary derejedäki duşuşykda kabul edilen esasy çözgütler Aşgabat forumynyň möhüm ähmiýete eýe bolandygyny subut etdi. Metbugat maslahatynda Türkmenistanyň 2021-nji ýylda YHG-a başlyklyk etmek bilen, degişli Konsepsiýa laýyklykda işjeň hem-de mazmunly çäreleri alyp barandygy bellenildi. Guramanyň işine ykdysadyýetde, söwdada, maýa goýum hyzmatdaşlygynda, taslama — maksatnamalaýyn işlerde üýtgäp durýan ýagdaýlar bilen baglylykda, täze many-mazmun, depgin bermek, ulag, energetika pudaklarynda, onuň elektron we sanly ulgam üpjünçiliginde, ekologiýa ulgamynda tehnologiýalary hem-de täze tejribäni alyşmakda yzygiderli, anyk hyzmatdaşlygy ösdürmek möhüm wezipeler hökmünde öňde goýuldy. Bularyň ählisi sebit, yklymara hem-de dünýä hojalyk gatnaşyklaryna düýpli täsirini ýetiren ählumumy pandemiýa bilen baglylykda aýratyn möhüm häsiýete eýe boldy.
Sammitiň çäklerinde YHG-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi geçirildi, onuň jemleri boýunça netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, şol sanda bu guramanyň hem-de onuň düzümleriniň alyp barýan işlerini has-da işjeňleşdirmäge uly goşant goşmaga ýardam berýän möhüm resminamalaryň birnäçesi kabul edildi. Şeýle hem ýokary wezipeli wekilleriň duşuşygy we işewürlik maslahaty guraldy. Wise-premýer, daşary işler ministri YHG-nyň 15-nji sammitiniň çözgütleriniň ähmiýeti barada aýdyp, bu guramany sebitiň okgunly we netijeli ykdysady düzümine öwürmek maksady bilen, özara gyzyklanma bildirýän ähli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň depginlerini düýpli çaltlandyrmak barada ylalaşyk gazanylandygyny belledi.
Şonuň bilen birlikde, möhüm ugurlarda, has anygy, söwda, ulag we kommunikasiýalar, energetika, syýahatçylyk, ykdysady ösüş hem-de zähmet öndürijiligi, ekologiýa, ylym, maliýe-bank işleri boýunça “YHG-nyň 2025-nji ýyla çenli garaýyşlarynyň” netijeli amala aşyrylmagyna ýardam etmäge umumy taýýarlyk tassyklanyldy. Duşuşykda YHG ýurtlarynyň, beýleki döwletleriň, iri halkara guramalaryň hem-de ykdysady birleşikleriň gatnaşmagynda eýýäm başlanylan we geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly anyk teklipler beýan edildi. Sammitiň jemleriniň degişli resminamada — Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygynda has anyk beýan edilendigi bellenildi. Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri çykyşynyň ahyrynda Aşgabat sammitinde gazanylan ylalaşyklaryň we çözgütleriň hyzmatdaşlyga kuwwatly täzeçil itergi, yzygiderlilik hem-de anyklyk berjekdigine ynam bildirdi.
Maslahatyň dowamynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Aşgabatda geçirilen 15-nji sammitiň YHG-nyň gününde geçirilmeginde çuňňur manynyň bardygyny belledi. Munuň özi bu sammitiň taryhy ähmiýetini has-da artdyrdy. Husraw Noziri çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde forumyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi we onuň örän üstünlikli geçirilendigi üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi. Soňra çykyş eden Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de YHG-nyň sammitine gatnaşyjylary forumyň üstünlikli geçirilendigi bilen gutladylar. Munuň özi Türkmenistanyň iri halkara forumlary geçirmekde oňyn tejribe toplandygyny aýan edýär.
BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Jon MakGregor çykyş edip, olar sammitiň ýokary guramaçylyk derejesini bellediler, onuň jemleri boýunça kabul edilen çözgütleriň öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde aýratyn ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdiler. Hususan-da, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Birleşen Milletler Guramasynyň we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” atly Kararnamanyň kabul edilmeginiň taryhy ähmiýeti aýratyn bellenildi.
Sammitiň barşynda gazanylan ylalaşyklar, hususan-da, pandemiýa garşy göreş, onuň sebitiň ykdysadyýetine ýetirýän ýaramaz täsirini peseltmek boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, esasan hem, öňüni alyş we waksinasiýa ugurlarynda maglumat alyşmak arkaly göreşmegiň möhümdigine üns çekildi. Bularyň ählisi bu gurama agza döwletleriň häzirki zamanyň wehimlerine bilelikde garşy durmaga bolan gyzyklanmalaryny beýan edýär. Maslahata gatnaşyjylar 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynyň halkara hyzmatdaşlygyň ösüşinde möhüm sepgide öwrülendigini nygtadylar.
Bu forumyň türkmen paýtagtynda geçirilmegi Türkmenistanyň dünýä giňişliginde abraýynyň barha artýandygynyň hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn başlangyçlarynyň ählumumy ykrarnama eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Sülgün ŞANEPESOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Maglumat ulgamlarynyň howpsuzlygy fakultetiniň Kompýuter ylymlary kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistan, Eýran we Gazagystan sebitde sanly geçelgäni döretmek boýunça ylalaşdylar
Türkmenistan, Eýran we Gazagystan Merkezi Aziýa ýurtlaryny Pars aýlagy we goňşy döwletler bilen birleşdirjek bilelikdäki sanly geçelgäni döretmek barada deslapky ylalaşyga geldiler. Bu barada sişenbe güni Eýranyň “IRNA” habarlar agentligi habar berdi.
2026-njy ýylyň oktýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Geçen aýda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» hem-de giň gerimli halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan netijeli işler alnyp baryldy. Halkara derejeli köp sanly çäreler — syýasy geňeşmeler, işewürlik duşuşyklary, maslahatlar, sergiler, medeni çäreler we beýlekiler munuň aýdyň mysalydyr.
Türkmenistan howanyň üýtgemegi bilen bagly maglumatlaryň aýdyňlygyny üpjün etmek boýunça mümkinçiliklerini pugtalandyrýar
2026-njy ýylyň 10-njy noýabrynda BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde «Howa maglumatlaryndan tehnologiýalara tarap: “Pariž ylalaşygyna laýyklykda Giňeldilen aýdyňlyk çarçuwasynyň talaplaryny ýerine ýetirmek boýunça Türkmenistanyň mümkinçiliklerini pugtalandyrmak” atly taslama bagyşlanan tematiki sessiýa geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Türkmenistan bilen Saud Arabystany 2027-nji ýylyň haj zyýaraty boýunça ylalaşdylar
Türkmenistanyň müftüsi Rahman Gurbanmyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 8–11-nji noýabry aralygynda Jidda şäherinde geçirilen VI Haj we umra maslahaty hem-de sergisine gatnaşdy. Maslahatyň çäginde Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýeti bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Haj we umra ministrliginiň arasynda 2027-nji ýylda berjaý ediljek haj zyýaraty bilen baglanyşykly ikitaraplaýyn Ylalaşyga gol çekdiler. Bu barada Türkmenistanyň Saud Arabystandaky ilçihanasy sişenbe güni habar berdi.
Sanly tehnologiýalar we döwrebap ulag-logistika – ýollaryň akylly ulgama öwrülişi
Ulag-logistika pudagy häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetiniň iň çalt ösýän we tehnologik taýdan özgerýän ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda kabul edilýän çözgütler diňe bir ýük daşamalaryň tizligini we netijeliligini ýokarlandyrmaga däl, eýsem, üpjünçilik zynjyrlarynyň ygtybarlylygyny, açyklygyny we howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Häzirki döwürde ýollar, ulag serişdeleri we sanly tehnologiýalar bitewi ulgam hökmünde özara baglanyşykda hereket edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.