ÝEŇIL ATLETIKA HAKYNDA
25-10-23

Ýeňil atletika ― sportuň ylgaw, pyýada sport ýöreýşi, böküş we dürli agyrlyklary zyňma, köp görnüşli ýaryşlar(mnogoborýe), şossede ylgaw hem-de kross ― päsgelçilikli ýerlerden ylgaw ýaly görnüşlerini özünde jemleýär. Ol sportuň «Olimpiýa maşgalasyna» degişli esasy we has köpçülikleýin görnüşdir.
Ýeňil atletika boýunça maşklar bedeni fiziki taýdan taplamak maksady bilen has gadymy döwürlerde-de ýerine ýetirilipdir. Ýeňil atletikanyň taryhy b.e.ö 776-njy ýylda Gadymy Gresiýada geçirilen Olimpiýa oýunlaryndaky ylgaw ýaryşyndan gözbaş alýar. Şeýlelikde, bu sportuň ilkinji dörän ojagy Gresiýa hasaplanylýar. Arheologlar tarapyndan ýüze çykarylan kuboklar, medallar we ýazgyly teňňeler muňa şaýatlyk edýär. Bulardan başga hem, subutnamany şol tapyndylaryň ýüzünde ýerleşdirilen ýeňil atletika bilen baglanyşykly şekillerden görmek bolýar.
Ylgamak boýunça bäsleşik ilkinji gezek Angliýada geçirilýär. Şonuň üçin hem häzirki zaman ýeňil atletikasynyň kemala gelmegi Angliýa bilen baglanyşyklydyr. Ýeňil atletika boýunça ilkinji federasiýasynyň döredilen ýurdy Angliýadyr. Iň gadymy sport görnüşleriniň biri hasaplanylýan ýeňil atletikanyň düzümine ýöremek, ylgamak, uzynlygyna we ýokarlygyna bökmek, disk, ýekedaban, naýza zyňmak ýaly görnüşleri girýär.
Tomus möwsümi aprel ― oktýabr aýlarynda, Olimpiýa oýunlaryny, Dünýä we Ýewropa çempionatyny öz içine alyp, açyk stadionlarda geçirilýär. Köp ýagdaýlarda Ýeňil atletika stadiony futbol stadionyna we meýdançasyna laýyk gelýär. Kada laýyklykda ol 400 metrlik süýnmek ýodany özünde jemläp, adatça, 8 ýa 9 sany aýratyn ýodadan, şeýle hem böküş we dürli agyrlyklary zyňma ýaryşlary üçin bölümlerden ybarat. Dürli garşylyklardan düzülen 3000 metrlik ylgaw ýodasy has aýratynlandyrylýar.
Gyşky möwsüm bolsa ýanwar ― mart aýlarynda, Gyşky Dünýä çempionatyny, Ýewropanyň çempionatyny hem öz içine alyp, ýapyk binalarda geçirilýär. Ýapyk stadionda ― manežde süýnmek ýodanyň uzynlygy 200 metrden ybarat bolýar. Şeýle hem onda aýratyn alnan 4 ― 6 sany ýoda, 60 metrlik ylgaw üçin ýoda, böküş görnüşleri üçin bölümçeler bar. Gyşky möwsümiň meýilnamasyna agyrlyklary zyňmagyň diňe bir görnüşi ― ýadro zyňma girýär. Kada laýyklykda, bu görnüş üçin ýörite bölüm bolup, ol beýlekilerden özbaşdaklykda ― daşlykda ýerleşdirilýär.
Ýeňil atletika türgenleri 13 sany dissiplina boýunça çykyş edýärler. Bu ýaryş birnäçe ýeňil atletika dissiplinalaryny, meselem, uzak aralyga bökmegi; üçürdikläp bökmegi; beýikligine bökmegi; şol sanda gysga, orta we uzak aralygy ylgap geçmegi we päsgelçilikli ýoldan ylgamagy öz içine alýar.
Ýeňil atletika bedeniň umumy işjeňligini artdyrýar we ýürek-damar ulgamyny güýçlendirýär, sebäbi aýaklaryň myşsalarynyň hemişe dartylmagy we rahatlanmagy amala aşyrylýar. Kapillýarlaryň gowy türgenleşigiň netijesinde has çeýe häsiýete eýe bolmagy bilen, ownuk gan damarlarynyň bedeniň dürli ýerlerine köp kislorod we ýokumly maddalar eltip bermäge ukyplary ýokarlanýar. Şeýle hem bedeniň alyş-çalyş prosesi ýokarlanýar, artykmaç kaloriýa işjeň sarp edilýär.
Ylgawyň ähli görnüşleriniň endokrin ulgamyna oňyn täsir edýändigi we immunitet ulgamyny güýçlendirýändigi ylym tarapyndan subut edilendir. Mundan başga-da, ýeňil atletika çeýeligi, çydamlylygy we reaksiýa tizligi ýaly başarnyklary kämilleşdirýär. Fiziki işjeňligiň dowamynda dem alyş çuňlaşýar we ýygy-ýygydan amala aşyrylýar, netijede, dokumalara kislorod üpjünçiligi artýar. Bu fiziki we akyl öndürijiligini gowulandyrýar.
Ýeňil atletika bilen 30 minutdan 1 sagat aralygynda meşgullanmak köne öýjükleriň dargamagyna getirýär, soňra olaryň ýerine täzeleri öndürilip başlanýar. Köne öýjükleriň ýok edilmegi bedeniň ýaşlygyny saklamagyna we has hem ýaşarmagyna getirýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlaryň sport bilen meşgullanmaklary üçin döredip berýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde sebitiň türgenleri, şol sanda ýeňil atletikaçylarymyz hem döwrebap mümkinçilikleriň gurşawynda türgenleşip, halkara we milli ýaryşlarda öňdäki orunlary eýeleýärler.
Näzik DÖWLETMYRADOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 2-nji ÿyl talyby.
Halypa mugallymy Täçmyrat ÝOLLYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Bedenterbiýe kafedrasynyň mugallymy.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.