Beýik ykbally türkmen

19-05-22

Beýik ykbally türkmen

 

Pederleň arzuwlan berkarar ýurdy,

Täze eýýamyny galkynyp gurýar.

Halkyň Arkadagly zamanasynda,

Il-günüň ykbaly bagtdan parlaýar.

 

Bir supra jem boldy agzybir millet,

Ösüşler ýolunda gadamy batly.

Başymyzda dana Arkadagymyz –

Halkyň howandary, Hakdan halatly.

 

Jandan eziz Watan bagryna basýar,

Wysala gowuşan berkarar döwri.

Arkadagyň saýasynda gül diýar –

Bagtyň baky mekanyna öwrüldi.

 

Säherleriň päklgi deý nurana,

Ýüze sylýas galkynyşyn eýýamyň.

Saýry myhman bolup gelse bu ülkä,

Bolar onsoň ömür-baky haýrany.

 

 

Guşlaň mukamy deý asman astynda,

Tarypy Ýer ýüzün seýran edýändir.

Şöhratly ärleriň mukaddes ýurdy,

Taryha Gün bolup şöhle saçýandyr.

 

Gülle Watan, biz hemişe seň bilen –

Millionlarça ýürekleriň joşy bu!

Garaşsyz, Bitarap gözel diýarda,

Iň uly bagt – türkmen bolup ýaşamak!

 

Gahryman Arkadag – Döwlet guşumyz,

Mertebesi dünýä içre ykrardyr!

Eşretli zamanda döretmek, gurmak –

Rysgally türkmene beýik ykbaldyr!

 

Nuzgözel POTYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.