ARKADAGLY SERDAR BILEN ÖŇE BARÝAR DIÝARYM

28-01-23

Parahatdyr, mizemezdir eziz ülkäm, Watanym,
Gül goýnuňda kalba beslän arzuwlaryma ýetenim.
Ýurdum arşa göterdi beýik maksat tutanym,
Arkadagly Serdar bilen öňe barýar Diýarym!

Halkyna bagt paýlaýar nurly ertesi bilen,
Ýurdumyz öňe barýar beýik paýhasy bilen.
Üstünlikler ýar bolýar beýik yhlasy bile,
Arkadagly Serdar bilen öňe barýar Diýarym!

Müdimidir, bakydyr, çuňluga kökün uran,
Arkamyzda belent dag, dünýä ýaňyny salan.
Beýik ynsan gülledýär ýurdun paýhasy bilen,
Arkadagly Serdar bilen öňe barýar Diýarym!

Ak ýollaryň ak geljege dowamatdyr, dowamdyr,
Ösüşleriň bedew bady, üstünlige rowandyr.
Beýik döwlet binýat munda, göwün baky juwandyr,
Arkadagly Serdar bilen öňe barýar Diýarym!

Hoş owazlar ýaňlanyp şirwan perdä galanda,
Medenýetim, sungatym has-da galýar belende,
Saňa taý ülke bolmaz Ýer ýüzünde, älemde,
Arkadagly Serdar bilen öňe barýar Diýarym!

Sülgünjemal ABDULLAÝEWA,
Daşoguz şäherindäki 37-nji çagalar bakja bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.