Adam ýüregi baradaky gyzykly maglumatlar
04-06-22
- Adamyň ýüregi bir sagatda ortaça 4200, bir gije- gündizde 100800, bir ýylda 36 mln 792 müň, 64 ýyla barabar ortaça ömrüniň dowamynda 2,4 mlrd gezek urýar.
- Bir sagatda adam ýüregi 4200 gezek urýar we 300 litr gany üstünden geçirýär.
- Şeýle-de ýürek bäş sekuntda 5 litr gany öz üstünden geçirýär.
- Ýürek hemişe diýen ýaly bedendäki ganyň 5% golaý ätiýaçlygyny özünde saklanýar.
- Uly ýaşdaky adamyň ýüregi 10-15 sm den gowrak ululykda bolýar.
- Aýallaryň ýüregi ortaça 250-300 gr, erkekleriň ýüregi 300-350 gr agyrlykda bolýar.
- Ýürek her gezek ýygrylanda, 60 ml golaý gany işläp bilýär.Her sekuntda bu mukdar 420 ml, bir sagatda 600 l, bir ýylda bolsa 200 müň litre deň bolýar.
- Ýürek urşy her gezek klapanlary ýapylanda ýüze çykýar.
- Adam strese düşende depressiýa halatynda bolanda ýürek her minutda 200-250 gezek urýandyr.
- Ýürek öz elektro impulslaryna eýedir. Şu sebäpli ol bedenden aýralykda-da birnäçe wagtlap urup bilýär.
- Ýürek 80 trilliona ýakyn dokumalary gan bilen üpjün edýär. Eger organizmde artykmaç ýag emele gelse, bu wezipesini ýerine ýetirmegi kynlaşyp başlaýar. Şeýlelikde gan ýag dokumalary arkaly aýlanmaly bolýar. Bu bolsa dürli howlpy kesellere sebäp bolup bilýär.
- Adamyň ýüreginde dört sany kamera bardyr.
- Ýüregiň adam organizminde paýlaýjy wezipesini ýerine ýetirýändigini ilkinji bolup Gadymy gresiýaly lukman Erazistrat Hiosskiý aýdypdyr.
Taýýarlan Ilmyrat BAÝRAMOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
GADYMY TARYHY MESGENLER
Türkmenistanyň baý we gadymy binagärçilik mirasy bar. Etnografik öwrenişleriň we arheologik gazuw agtaryşlarynyň netijeleri, häzirki döwürlerde we IX-XII asyrlarda ýa-da soňky döwürlerde, GünortaTürkmenistanyň Merw, Peşan, Daňdanakan, Amul, Zemm, Saragt, Mehne, Abywerd, Kufen, Nusaý, Ýazyr, Dehistan, Ahur we beýleki ululy-kiçili şäherleri, Demirgazyk Türkmenistanyň Köneürgenç, Zamahşar, Wezir wе beýleki şäherleri uly ösüşde bolupdyrlar.
Bulary bilmek gyzyklydyr
Ynsan beýnisiniň mümkinçiliginden has ýokary başarnyga eýe bolan iň güýçli kompýuter sekuntda 38 müň trillion amaly ýerine ýetirmäge ukyplydyr. Bu kompýuter 3,584 terabaýt ýady bilen tapawutlanýar.
Iň uly bazar
Stambul iki yklymyň arasynda ýerleşen, dünýäniň syýasy, ykdysady we medeni merkezleriniň biri bolan Wizantiýa, Osman jahanşalyklarynyň şäheridir.
Ýer şary barada gyzykly maglumatlar
Ýer şary bowling şaryndan hem tekizdir. Ýer ýüzündäki iň beýik dag we iň çuň çöketligi hem dünýäniň galyňlygynyň 1/5000 bölegini tutýar.
Bulary bilmek gyzyklydyr
Latyn sözlerinde we ýazuwda ulanylýan “w” harpy latyn elipbiýinde ornaşmadykdyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.