Gadymy Änew medeniýeti — adamzadyň gymmatly mirasy

02-04-24

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 23-nji martynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny ýazyp tamamlandygyny habar berdi. Bu kitap «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mähriban halkymyza sowgat bolar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Änew şäheri Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi bolup, arheologik maglumatlar bu şäheriň eneolit döwründe – biziň eramyzdan öňki IV-III müňýyllyklarda peýda bolandygyna şaýatlyk edýär. Günorta Türkmenistanyň gadymy ekerançylyk taýpalarynyň taryhyny we medeniýetini öwrenmek üçin Änew obasynyň ýakynyndaky iki depäniň (Demirgazyk we Günorta tarapyndaky depeler) gazylyp agtarylmagy-da uly ähmiýete eýedir. 1904-nji ýylda R. Pampelliniň ýolbaşçylygynda amerikan ekspedisiýasy tarapyndan Änewde arheolog alymlar gazuw-agtaryş işlerini geçiripdir. Alymlar kerpijiň galyndylaryndan hem dänäniň gabyklaryny we gylçyklaryny tapypdyrlar. Änewden ak başly, sümmülli we däneli bugdaý tapylyp, oňa «Ak bugdaý» diýlip at berlipdir. Munuň özi gadymy ata-babalarymyzyň bu ýerde däne ekinlerini ösdürip ýetişdirendiklerine şaýatlyk edýär. Türkmenistan ak bugdaýyň watany hasaplanylýar. Bu ýerden başga-da nagyşlar, suratlar bilen bezelen küýzeler, gap-gaçlar, kämil ekerançylyk zähmet gurallary tapylypdyr. Tapylan bugdaýyň bu görnüşi häzir gadymy Änew tapyndylary we bina ýadygärlikleri bilen bir hatarda türkmeniň baý gymmatlyklarynyň bardygyny subut edýär.

Änew medeniýetine degişli obalaryň galyndylary häzirki Çäçe obasyndan başlap, Aşgabat-Baharly ýolunyň 73 km aralygynda duş gelýär. Bu obalaryň Änew medeniýetine degişli edilmegi hem esasan şol ýerlerden bugdaý däneleriniň gabyklarynyň tapylmagy bilen baglydyr.  Häzirki döwrümize gaýdyp gelsek, yurdumyzda gadymy ýadygarliklere uly sarpa goýulýar. Muny dürli mysallarda görmek bolýar. 2005-nji ýylda Gadymy medeniýetleriň serelerini özünde jemleýän Änewde “Ak bugdaý” milli muzeýi döredildi.

Hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda okyjylara gowuşmagy aýratyn many-mazmuna eýedir. «Kitap adam paýhasynyň maddylaşmagydyr. Kitap bahasyna ýetip bolmajak baýlykdyr» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz aýratyn nygtaýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew —müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp eseri sözbaşydan, girişden, «Gadymy Änewiň täsinligi», «Taryhy birleşdirýän uly wakalar», «Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar» diýen bölümlerden, bölümçelerden we jemlemeden ybarat bolup, ajaýyp suratlar bilen bezelip, türkmen, iňlis, rus dillerinde Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edildi. Bu kitabyň üç dilde neşir edilmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrmak bilen, dünýä halklaryna, gündogarşynaslara, türkmen halkynyň medeniýetini, geçmişini, şu gününi we geljegini, Türkmenistanyň ösen medeni ojaklaryny öwrenijilere gymmatly maglumatlary ýetirýär. Bu barada hormatly Prezidentimiz ajaýyp eseriniň sözbaşysynda şeýle belleýär: «Pikirler, düşünjeler, garaýyşlar, taryhy we ylmy maglumatlar biri-biriniň üstüni ýetirip, biziň bereketli we derejeli döwletde, bagtyýar we beýik döwürde, topragy mukaddes Watanda ýaşaýandygymyzy ýene bir ýola tassyklaýar. Ýaşaýşyň bir täsin hakykaty bar: Gowy zatlaryň gürrüňini etmek hemmelerde gowy täsirleri galdyrýar». Kitapda Änewiň has gadymy döwürlerden bäri adamzat ýaşaýşynyň esasan hem ekerançylygyň, daýhançylyk medeniýetiniň ilkinji merkezleriniň biridigi nygtalýar.

Hormatly Prezidentimiziň bu ajaýyp eseri döretmeginiň maksady, nygtalyşy ýaly, türkmen we daşary ýurtly okyjylaryny ýurdumyzda alnyp barylýan il-halk bähbitli işleriň geriminiň giňligi, tagallalaryň beýikligi bilen tanyşdyrmakdan, şeýle hem olary beýik döwletimiziň bagtyýar hem-de ajaýyp geljegi üçin belent işlere ruhlandyrmakdan ybaratdyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininden we pähim-parasadyndan döreýän şeýle gymmatly eserleriniň höwri köp bolsun.

Bagtyýar NURLYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Demir ýol ulaglary fakultetiň 2-nji ýyl talyby.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.