Nowruz yrymlary

21-03-25

  • Semeni taýýarlanylýan wagty gögeren bugdaýyň gökje maýsasynyň ýüzüni gyrkyp alyp, ony saçbaga dakar ekenler. Sebäbi ol bagt getirýärmiş.
  • ­Nowruzda semene bişiren adam ony ýedi öýe dadyrmalymyş. Şonda rysgalyň ýetmiş esse bolup gaýdyp gelermiş.
  • ­Nowruz gijesi asman bulutly ýa-da dumanly bolsa, ýyl ygally gelermiş.
  • ­Nowruz güni irden ýere gyraw düşse, toprak hasylly bolarmyş.
  • ­Nowruzda baglaryň çygly çybyklaryndan damjalar görnüp dursa, agaçlar hasylly bolar.
  • ­Nowruzda suwuň ýüzi gyrpyklap dursa, tomus salkyn bolar.
  • ­Nowruzda gar, ýagyş ýagsa, ýyl örän ygally bolar.
  • ­Nowruzda örän yssy bolsa, ýylyň gurak geläýmegi ahmal.
  • ­Nowruzda gargalar gagyldaşyp ýörse, yzyndaky aýda salkyn boljaklygynyň alamaty.
  • ­Nowruzda täze zat geýseň bagt getirermiş.
  • ­Nowruzda howa dymyk bolsa, ýaz gurak, tomus örän yssy bolar.
  • ­Nowruzda şemal demirgazykdan öwüsse, ýaz ýagyşly, tomus yssy bolar.
  • ­Nowruzda şemal günortadan öwüsse, tomus yssy, epgek bolar.
  • ­Nowruzda howa sowuk bolsa, däneli ekinler hasylly bolar.
  • ­Nowruzda ak ýürekden edilen arzuw hasyl bolarmyş.

Malika ORAZALIÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.