ÝAŞLAR WATANYŇ GELJEGIDIR

08-11-23

Uly üstünliklere beslenýän Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oňyn syýasaty esasynda bagtyýar halkymyz eşretli durmuşyň hözirini görüp, rowaçlyklaryň batly gadamlaryna buýsanyp ýaşaýar. Şeýle ösüşdir özgertmeleriň rowaç bolýan zamanasynda ýaşap, zähmet çekip, taryhy wakalara şaýat bolmak bagtyýarlygyň alamatydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda bilimli, sagdyn bedenli, ýokary ahlakly ýaş nesli terbiýelemek meselesine uly ähmiýet berilýär. Ýaş nesilleriň dünýä derejesinde bilim almaklaryny üpjün etmek häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda ösýän bilim ulgamynyň infrastrukturasyna, şeýle hem bu ulgamy düzgünleşdirýän döwrebap kanunçylyk binýadyna baglydyr.

Bu döwürde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda özgertmeler üstünlikli amala aşyrylyp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda, Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýüzüne ýaýmakda guwandyryjy netijeler gazanylýar. Arkadagly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzy ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürmek boýunça gazanylýan şol üstünlikler ýurt abadançylygyny, döwlet berkararlygyny, il agzybirligini üpjün edýär.

Häzirki döwürde asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan ýol-ýörelgelerimizi, däp-dessurlarymyzy täzeden dikeltmäge, medeni we ruhy mirasymyzy aýap saklamaga, halkymyzyň baý mirasyny giňişleýin öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Dana hem merdana ata-babalarymyz asyrlardan-asyra, nesillerden-nesle geçirip, bu günki bagtyýar nesillerimize baý hem kämil, haýran galdyryjy we buýsanç dörediji mirasy peşgeş berdiler. Şol miras bolsa umumadamzat gymmatlygynyň aýrylmaz bölegine öwrülip, ony dörediji halkymyza şöhrat getirýär. Öz gözbaşyny Oguz handan alyp gaýdýan taryhymyza, döredijiligimize ser salanymyzda hem ata Watan, ene toprak, ar-namys üçin öz şirin janlaryny gurban eden gerçeklerimiziň, beýik şahsyýetlerimiziň bolandygyny biz bilýäris. Dünýäniň ençeme ýurtlarynyň, şol sanda öz döwletimiziň muzeýlerinde we ýurdumyzyň welaýatlaryndaky muzeýlerde aýawly saklanýan gymmmatlyklarymyz türkmen halkynyň aň-paýhas taýdan-da, döredijilik babatda-da ösen, kämillik, ussatlyk derejesine ýeten beýik halkdygyny dünýä aýan edýär.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu täze taryhy eýýamda  gymmatly mirasymyzy öwrenmekde, geljekki nesillere ýetirmekde hem-de dünýä ýaýmakda bilim işgärleri arman-ýadaman zähmet çekýärler. Bu işler bolsa halkymyzyň, aýratyn-da ýaş nesilleriň kalbynda eziz Watanymyza söýgi, onuň şöhratly taryhyna, baý mirasyna buýsanç döredýär.

Arkadagly Prezidentimiz özüniň her bir çykyşynda şu günki ýaş nesliň zamanabap bilimli, hünärli, medeniýetli şol bir wagtda-da binýady milli köklerimizden gaýdýan häzirki zamanyň watansöýüji, zähmetsöýer adamlary bolup ýetişmelidigi barada nygtaýar. Bu ugurda diňe bir mugallymlardyr bilim işgärleriniň däl-de, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýyş, saglyk edaralarynyň, ýaşuly nesliň wekilleriniň, il içinde abraýdan peýdalanýan döredijilik adamlarynyň el-ele berip agzybirlikli işlemelidiklerini belleýär.

Atalaryň päk zähmetinden, eneleriň mähir-mylakatyndan görelde alýan nesiller watansöýer, päk ahlakly, belent adamkärçilikli, kämil hünärli, ylym-bilimli ýaşlar bolup ýetişýärler. Olar döwlet derejeli bäsleşiklere, dünýä derejeli olimpiadalara gatnaşyp, altyn, kümüş, bürünç medallara eýe bolýarlar. Şeýle ýaşlar bolsa eziz Watanymyzyň geljegidir we kuwwatydyr. Watançy ýaşlaryň irginsiz yhlasy, päk zähmeti, erjelligi, ylmy gözlegleri bilen köpýyllyk maksatnamalaryň üstünlikli amala aşjakdygyna şek-şübhe bolup bilmez. Şu nukdaýnazardan çemeleşilende, ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap bilim we terbiýe alyp, özünde milli ynsançylyk, adamkärçilik medeniýetini kemala getiren, dünýä gymmatlyklaryndan habarly, Watanymyzyň ertirki gülläp ösüşlerine mynasyp goşant goşjak ezber hünärmenler bolup ýetişmegi ähli türkmen halkynyň öňünde möhüm wezipe bolup durýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlygyny has-da şöhratlandyrmak, durnukly ösüşi üpjün etmek babatda ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň umumadamzat ähmiýetini giňden ýaýmak, milli mirasymyza sarpa goýmak arkaly eziz Watanymyzy mundan beýläkde özgertmek, şan-şöhratyny we halkara abraýyny artdyrmak, ýaş nesli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana, milli mirasymyza çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek ugrunda alyp barýan işlerimizde biz ylym-bilim işgärleri öz gujur-gaýratymyzy gaýgyrman zähmet çekeris.

Ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän milli ýörelgelerimizi häzirki ajaýyp döwrümizde uly rowaçlyklara atarýan hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, Watanymyzy özgertmekde we beýgeltmekde alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işlerinde rowaçlyklaryň we üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýäris!

Ybraýym DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň Ykdysadyýet we dolandyryş hünäriniň 4-nji ýyl talyby.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.