DÖREDIJILIKLI, YLYMLY ÝAŞLAR
28-12-23

Ýurdumyzda täze bir zaman — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri başlandy. Täze döwürde ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan wakalaryň ençemesine şaýat bolýanymyza biz — talyp ýaşlaryň begenjimiziň çägi ýok.
Arkadagly Serdarymyz paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde geçen dabarasyndaky çykyşynda şeýle diýdi: «Bilim bermekde sanly tehnologiýalar giňden ulanylyp, uzak aralykdan okatmak we maglumatlary alyşmak işleri amala aşyrylar. Bu çäreler ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň hilini dünýäde iň ýokary derejä çykarmaga mümkinçilik berer». Bu taryhy sözleriň gönüden-göni bize degişli bolmagy uly jogapkärçilige borçlandyrýar. Ylym-bilim dünýäsi akyldarlaryň belleýşine görä, her bir ynsanyň geljekki maksatlarynyň, ýaşaýşynyň we durmuşynyň ýagtylandyryjy güýjüdir.
Aň-paýhasyň, zehiniň, zähmetiň, yhlas-höwesiň zerur bolşy ýaly, bir zady gazanmak üçin mümkinçiligem möhümdir. Ylym-bilimi ýokary derejede almak üçin ýurdumyzda mümkinçilikleriň ähli gapysynyň açykdygyny buýsanç bilen aýtmaly. Ýaşlar babatda döredilýän şeýle giň mümkinçilikler olaryň zehinlerini açmaga we ukyplaryndan ýerlikli peýdalanmaga amatly şertleri döredýär.
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, syýasy berkararlygyny goldamaga, ylym-bilimi, medeniýeti, saglygy goraýşy we beýleki ulgamlary ösdürmäge ýaşlarda uly höwes bar. Ylmyň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmaga we tejribede synap görmäge ýaşlaryň köpçülikleýin çekilmegi işleri has-da ilerledýär. Ýurt derejesinde hem-de ondan daşary matematika, himiýa, informatika, dil ugry, tebigy we gumanitar ylymlary babatda halkara bäsleşikler geçirilýär. Olara zehinli ýaşlarymyz gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýärler. Munuň özi ýurdumyzda ýaşlaryň okamaklary, bilim almaklary, hünär öwrenmekleri üçin berk binýadyň döredilendiginiň subudydyr.
Her ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan geçirilýän ylmy bäsleşikleriň zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda ähmiýeti uludyr. Şeýle bäsleşiklerde ýörite baýraklaryň goýulmagy, Hormat hatlaryň, Diplomlaryň berilmegi ýaşlary we talyplary ýeneki üstünliklere ruhlandyrýar. Bu çäreler türkmen ylmyny ösdürmekde, ýaş alymlaryň täze neslini kemala getirmekde goldaw-hemaýatdyr. Şeýle ylmy bäsleşiklere ylmy-barlag institutlarynyň, önümçilik birleşikleriniň, ylmy-tehniki kärhanalaryň ýaş işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, şeýle hem talyp ýaşlar yzygiderli gatnaşyp gelýärler.
Edara-kärhanalarda, ýokary okuw mekdeplerinde ýerine ýetirilýän düýpli, amaly we tejribe — konstruktorçylyk işleriniň goldanylmagy häzirki zaman ylmynyň dünýä giňişligine çykmagyna uly ynam döredýär. Bu babatda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we onuň garamagyndaky ylmy-barlag institutlarynyň orny aýratyndyr. «Türkmenistanda ylmy işgärleri taýýarlamak hakynda Düzgünnama» laýyklykda, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň teklipnamalarynyň esasynda ýokary bilimli, azyndan bäş ýyl iş tejribesi bolan ýaşlar ylmy-barlag institutlarynyň ýanynda, ylmy edaralarda döredilen aspiranturalara we doktoranturalara kabul edilýär. Şeýle düýpli işleriň netijesinde ýurdumyzda ýaş alymlaryň täze nesli kemala gelýär.
Döwrebap we saldamly işleriň rowaçlanmagynda innowasion tehnologiýalaryň peýdasy juda köp. Ähli döwlet edaralaryna, kitaphanalara, ylym-bilim, sport, saglygy goraýyş ýaly dürli ulgamlara sanly tehnologiýalaryň düýpli ornaşdyrylmagy işleri çaltlandyrýar.
Ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler biz — ýaşlarda aýratyn hyjuw we joşgun döredýär. Watanymyza bolan çuňňur söýgi ýüreklerimize mäkäm baglanyp, ene topraga bolan sarpamyzy beýgeldýär. Berkarar döwletimizde sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Döwletmyrat AKMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň "Ulaglar" fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.