Bilim ulgamy döwrebaplaşýar

04-11-24

Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny mundan beýläk-de gowulandyrmagyň esasy şerti hökmünde bilim ulgamyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga hem-de yzygiderli ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzy dünýäniň okgunly ösýän, ykdysady, medeni giňişlikde bäsdeşlige ukyply döwletleriň hataryna çykarmak üçin aýratyn tagalla edilýär. Türkmenistanda ylmy-tehniki ösüşden hem-de innowasiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamaga uly üns berilýär. Şu maksat bilen, döwletimizde milli bilim ulgamynyň mümkinçiliklerini we many-mazmunyny halkara ölçeglere kybap getirmek üçin giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar.

Bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynyň maddy-enjamlaýyn hem-de ylmy-usulyýet binýady yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Bilim bermek işi kämilleşdirilip, sanly ulgama geçirilýär. Bu babatda bilimiň yzygiderli ösmegi bilen bagly ýagdaýlar hem-de halkara tejribeler nazara alynýar. Munuň özi häzirki zaman jemgyýetini ösdürmekde döwlet dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ylmyň we işewürligiň tagallalaryny birleşdirmek, ileri tutulýan milli maksatnamalary netijeli durmuşa geçirmek, tehnologiýalary hem-de içerki bazarda ylym bilen baglanyşykly önümlere gönükdirilen innowasion taslamalary höweslendirmek we ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini görkezmek bilen baglanyşyklydyr.

Täze taryhy döwür jemgyýeti hemmetaraplaýyn ösdürmäge, milli düşünjäni kemala getirmäge, halkymyzyň intellektual derejesini ýokarlandyrmaga itergi berýär. Bu döwürde Türkmenistanda bilimi ösdürmekde uly üstünlikler gazanylýar. «Bilimli nesil — kuwwatly döwlet» diýen şygar astynda kämil şahsyýeti kemala getirmäge aýratyn üns berilýär. Okuw-tehniki enjamlar bilen üpjün edilen hem-de öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda hereket edýän mekdebe çenli çagalar edaralarynyň we orta mekdepleriň sany artýar. Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlaýan okuw mekdeplerinde okatmagyň täze ugurlary özleşdirilýär. Döwrüň talabyna görä bilim ulgamynda umumadamzat ruhy-ahlak gymmatlyklary, ynsanperwer däpler hem-de dünýäniň ösen ýurtlarynyň tejribesi nazara alynýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda beden we ruhy taýdan kämil, döwrebap bilimlere we ýokary tehnologiýalara, öz intellektual we döredijilik mümkinçiliklerini amala aşyrmaga ukyply nesli terbiýelemek boýunça ylma esaslanýan düýpli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda ylmy hemmetaraplaýyn ösdürmek, ýokary hünärli ylmy işgärleri taýýarlamak işleri giň gerime eýe bolýar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag edaralarynda we ýokary okuw mekdeplerinde aspiranturalaryň we doktoranturalaryň önjeýli işlemegi, alymlaryň höweslendirilmegi muňa köp babatda ýardam etdi. Şeýlelikde, hemmetaraplaýyn bilimli we ylmy gözlegiň döwrebap usullaryna eýe bolan alymlaryň täze neslini taýýarlamak meselesine aýratyn üns berilýär.

Eziz Diýarymyzda yzygiderli geçirilýän halkara ylmy maslahatlaryň, pudaklaýyn forumlaryň çäklerinde taslamalar barada özara pikir alşylýar. Sözüň doly manysynda ylma we bilime daýanýan beýik işler ýurdumyzda işjeň durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ylmy we medeni özgertmeler halkymyzyň ençeme asyrlaryň dowamynda sünnäläp, taraşlan ruhy-ahlak gymmatlyklaryny mundan beýläk-de kämilleşdirip, dünýä ýaýýar. Şonuň bilen birlikde, ýaş nesli şeýle gymmatlyklar esasynda terbiýelemek ýaly asylly ýörelgelerden ugur alynýar.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň has-da kämilleşdirilmegi, bilimli ýaşlaryň köpelmegi üçin düýpli işleriň amala aşyrylmagy halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Şeýle hem döwletimiziň mundan beýläk-de belent sepgitleri eýeläp, has-da gülläp ösjekdiginiň aýdyň güwäsidir.

Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Baky ATAMURADOW,
Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Demir ýol ulaglary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Halypa mugallymy: Silapberdi MEREDOW, Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Umumy tehniki dersler kafedrasynyň mugallymy.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.