ÝAŞLAR - GELJEGIŇ EÝELERI
10-11-23

Türkmenistanda alnyp barylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hemişe parahatçylygy ündäp gelýän, agzybirlige, bagtyýarlyga çagyrýan hem-de dünýä ýüzünde ynsanperwerligi wagyz edýän merdana halkymyzyň häzirki bagtyýar ýaş nesilleriniň watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi, maksada okgunlylygy, belent ahlaklylygy görelde edinmeklerine gönükdirilendir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesil hakynda alada döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen döwletimiz ýaş nesle bilim bermek, onuň döredijilik mümkinçiliklerini amala aşyrmak, ýaşlaryň saýlap alan hünärlerine eýe bolmaklary, ylym bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertleri döretmek bilen bagly meselelere aýratyn uly üns berýär. Döwletimiziň ýaşlar syýasaty şol möhüm wezipeleri çözmäge gönükdirilip, ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamagyň, olaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramagyň kepili bolup durýar. Bu babatda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary bilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy.
Okamak, öwrenmek, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, döredijilikli we yhlasly zähmet çekmek bilen, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak, abadan durmuşyň hatyrasyna kämillige gadam basmak bagtyýar nesillerimiziň baş maksady bolmalydyr. Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň syýasy hukuklary we azatlyklary üpjün edilýär, olaryň döwletiň we jemgyýetiň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklary netijesinde, olarda belent ruhy-ahlak ýörelgeleri emele getirilýär, ösüp gelýän nesiller watançylyk, ynsanperwerlik hem-de zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelenilýär.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bagtyýar nesillerimiz hakynda döwletimiz tarapyndan yzygiderli alada edilýändigi olaryň buýsançly başlaryny göge ýetirýär. Ata Watanymyzyň bedew batly ösüşlerine täze badalga berjek, uzak geljegi nazarlaýan maksatnamalary durmuşa geçirmek bagtyýar ýaşlaryň paýyna düşýär. Şu jähtden, ylymly, bilimli, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan, watansöýüji, zähmetsöýer ýaşlary terbiýelemek möhüm ähmiýete eýedir. Ýaş nesilleriň döwrebap tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän, zähmetsöýer, öz işine ökde hünärmen bolup ýetişmekleri babatynda mugallymlaryň üstüne aýratyn wezipe düşýär. Şonuň üçin mugallymlar talyplaryň bilim derejeleriniň ýokarlanmagy üçin öz zähmetini gaýgyrmaly däldir. Mugallym hemişe öz üstünde işläp, usullaryň täzeçilliginden giňden peýdalanmalydyr. Bilimiň derejesini ýokarlandyrmak, ýaş nesillerde ylym-bilime, Watana bolan söýgini döretmek mugallymyň öňündäki mukaddes borçdur.
Sözüň doly manysynda, bilim işiniň üstünlikli alnyp barylmagy mugallymyň we talybyň öňünde uly jogapkärçiligi goýýar. Ýurdumyzyň bedew batly ösüşine bat goşýan bilim ulgamyndaky özgertmeleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Aýşat JUMAÝEWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.