«Magtymguly — dünýäniň akyldary» - parahatçylyga gönükdirilen gollanma
27-10-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň agzybirlikde gadam goýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji günlerinden başlap, Watanymyzda we daşary ýurtlarda beýik söz ussadynyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň hazynasyna giren hem-de ýaşlarda ýokary ahlaklylyk, ynsanperwerlik, watançylyk duýgularyny terbiýelemegiň milli mekdebiniň binýadyny emele getirýän baý edebi mirasyny öwrenmek, bütin dünýäde wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
Kitap her bir ynsan üçin bahasyna ýetip bolmajak hazyna, bilimleriň açary bolup hasaplanylýar. Mälim bolşy ýaly, ýakynda hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitaby çapdan çykdy. Bu ylmy kitapda türkmen danasy, dünýäniň meşhur şahyry Magtymguly Pyragy barada heniz ylmy jemgyýetçilige we halk köpçüligine mälim bolmadyk gyzykly maglumatlaryň ençemesi getirilýär. Kitabyň mazmunynda şahyryň tutuş döredijilik dünýäsi mukaddes Watanymyza bagyşlanandygy, tutuş adamzat neslini ýokary adamkärçilik, watansöýüjilik, batyrgaýlyk, päk ahlaklylyk ruhunda terbiýelemäge gönükdirilendigi aýdyň görünýär. Bu hem tötänleýin däl, sebäbi türkmen nusgawy edebiýatynyň hem-de türkmen edebi diliniň düýbüni tutujy dana Magtymguly Pyragy tutuş türkmen halkynyň ruhy şamçyragydyr. Bu ýagdaý hem dana, akyldar şahyr Magtymguly Pyragyny öwrenmekde bahasyna ýetip bolmajak ylmy çeşme bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly eseri şahyryň agzybirlik, parahatçylyk ýörelgelerini aýdyňlaşdyrmaga gönükdirilen ajaýyp gollanmadyr. Geçmişiň sapaklaryna üns berilmelidigi baradaky pikir kitapda: «Hut şoňa görä-de biziň daşary syýasatdaky «Ösüş arkaly parahatçylyk», «Dialog — parahatçylygyň kepili» ýörelgelerimiz hem geçmişden sapak alyp, şu günüň rahatlygyny, geljegiň aýdyňlygyny gazanmaga gönükdirilendir. Biziň çuňňur ynsanperwerlige, dostluga, agzybirlige, ynanyşmaga esaslanýan içeri we daşary syýasatymyzyň özeninden bolsa milli akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň öwüt-ündewleriniň eriş-argaç bolup geçýändigini turuwbaşdan bellemek gerek» diýlip giňişleýin düşündirilýär. Şonuň üçin hem täze kitabynyň bir bölüminiň ady hem «Parahatçylygyň şahyry» diýlip atlandyrylypdyr.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz täze kitabyň «Magtymgula düşünmegiň açary» atly birinji bölüminde beýik akyldara düşünmegiň ilkinji ädiminiň şahyryň eserlerini yzygiderli okamakdan, onuň öwüt-ündewlerine amal etmekden, diýenlerini ýerine ýetirmäge, berjaý etmäge çalyşmakdan ybaratdygyny aýdyp: «Magtymgula düşünmegiň ilkinji ädimi onuň okan kitaplaryny okamakdyr. Akyldar şahyryň ýaşan döwründe mekdep-medreselerde nähili sapaklar berlen bolsa, şol kitaplary okamak arkaly Magtymguly Pyraga belli bir derejede düşünmegi başararys. Sebäbi dana şahyryň şygyrlary maňzy dok dürdäne sözlerden doly» diýip ýazýar.
Beýik akyldar Magtymguly Pyraga düşünmek üçin onuň belent joşguna, çuň ylhama ýugrulan şygyrlary, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen pikir-garaýyşlary, ideýalary bilen diňe bir türkmen alymlary däl, eýsem, daşary ýurtly alymlar hem köpden bäri gyzyklanyp gelýärler. Çünki hormatly Prezidentimiziň täze kitabynda belleýşi ýaly, akyldar şahyrymyzyň sözleri, setirleri bizi içi täsinlikden doly üýtgeşik bir dünýä syýahata äkidýär. Okadygymyzça, täze-täze düşünjeleriň, täsin pikirleriň üstüni açýarys. Dana Pyragynyň tutuş adamzady agzybirlige, parahatçylyga, dost-doganlyga çagyrýan şygyrlary ynsan kalbynyň öçmejek nury bolup, älem-jahany ýagtylandyrýar.
Goý, beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine belent sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Alma ANNABAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.