ARASSAÇYLYK — SAGDYN ÝAŞAÝŞYŇ GÖZBAŞY

20-06-25

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýokary depginli ösüşler bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent sepgitlerini nazarlap, öňe barýar. Şeýle ösüşi gazanmakda her bir raýatyň, ilki bilen, eziz Watanyna söýgüsiniň, halkyna we onuň geçmişine belent hormatynyň, ahlak terbiýesiniň, sowadynyň we biliminiň, bagtly durmuşa bolan okgunly isleginiň, ýetilen sepgide baha berip, ýetilmeli sepgitleri kesgitlemeginiň örän möhümdigini aýratyn nygtasymyz gelýär.

Türkmen halkynyň edim-gylymy arassaçylyga iňňän üns berýändigi bilen häsiýetlendirilýär. Türkmen halkynyň mirasyna ser salsaň, şeýle häsiýeti her ädimde görmek bolýar. Şeýle häsiýetleriň jemlenmegi bilen, irki döwürlerde hem, olar dürli keselleriň ýaýramagyndan goranyp bilipdirler.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe abadan durmuşda ýaşaýan raýatlarymyz mirasyň şeýle mukaddes ýoluny dowam etdirmelidir. “Arassaçylyk saglygyň girewidir” — bu gyzyla gaplaýmaly sözleriň aňyrsynda uly many we jogapkärli işler ýatyr. Türkmeniň meşhur ogly, akyldar şahyr Magtymguly Pyragy:

Saglygyň gadryny bilgil,
Hassa bolmazdan burun

— diýip, adamzadyň ýaşaýşynda saglygy şeýle ýokary derejede häsiýetlendirýär. Saglyk üçin bolsa, ilkinji nobatda, arassaçylyk zerur.

Arassaçylyk kadalarynyň takyk ulgamyny döreden hem-de bu kadalaryň berk berjaý edilmegini gazanan ene-mamalarymyz gyz-gelinlerden öýüň her bir otagynyň, her bir burçunyň juda arassa bolmagyny talap edipdirler. Bu babatda olar aşhananyň, gap-gaçlaryň arassaçylygyna aýratyn üns beripdirler. Ene-mamalarymyz bu babatda gyzjagazlara ýaşlykdan aşhana baş açyk girmezligi, aşhanada çaý, nahar taýýarlanylanda diňe öňlükli bolmagy ündäpdirler. Çünki saçakda, gap-gaçda, käsede, tabakda saçyň we beýleki del zatlaryň görünmegini dürli keselleriň sebäpkäri hasaplap, beýle ýagdaýlary halamandyrlar. Ene-mamalarymyz düşen saçlaryň, ösgün dyrnaklaryň dürli keselleri döredip we ýaýradyp bilýändigine öz durmuş tejribeleriniň üsti bilen göz ýetiripdirler. Olar gyzlara çagalykdan kendirik, saçak, tamdyr keramatly üçlükdir, bu zatlary ösgün dyrnakly, hapa el bilen ellemek gadagan. Kendirigi eliňe almankaň dyrnaklaryň alnan, eliň sabynlanyp, gowy ýuwlan bolmaly, hamyr edilip bolunýança eliňi hamyr çanakdan çykarmaly däl, hamyr ýugrulyp bolunandan soňra eliňi we hamyr eden jamyňy ýuwman ýedi ädim ätmek günädir, hamyr edilip bolnandan soň, hamyr çanak ýuwlan suwy aýak basmaz ýaly ýere dökmeli diýen ýaly ençeme talaplary girizipdirler. Bu talaplar we gadaganlyklar barada oýlananymyzda olaryň aňyrsynda berk arassaçylyk düzgünleriň bolandygyna doly göz ýetirýäris.

Ynsan üçin saglykdan uly baýlyk ýok. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atalyk aladalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bagtyýar raýatlarymyzyň saglygy baradaky alada döwlet derejesine çykdy, ýaşaýşymyza sagdyn durmuş ýörelgesini çuňňur ornaşdyrmak işi ählihalk işine öwrüldi. Ýurdumyzda yglan eden “Saglyk” Döwlet maksatnamanyň esasy özenini tutýan işleriň biri-de türkmen durmuşyna sagdyn durmuş ýörelgesini çuňňur ornaşdyrmakdyr. Ajaýyp döwrümizde täze keşbe girýän obalarymyza, şäherdir şäherçelerimize we etrap merkezimize bezeg berip oturan döwrebap hassahanalar, şypahanalar, sagaldyş merkezleri we sport toplumlary, mekdepler “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň miweleridir.

Milli Liderimiziň paýhas ummanyndan gözbaş alan “Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslary”, “Türkmenistan — melhemler mekany”, “Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy” atly kitaplary “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik eseri häzirki zaman lukmançylygyna gollanma bolup hyzmat edýär we ähli halkymyzyň esasy maslahatçysyna öwrüldi.

Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Amanmyrat GOÇMYRADOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik anatomiýa kafedrasynyň mugallymy.

1685250e64d9cd.jpeg
IL SAGLYGY - ÝURT BAÝLYGY

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň parasaty bilen mähriban Watanymyzyň beýik ösüşleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda bitirilýän beýik işler ähli halkymyzyň guwanjyny goşalandyrýar. Ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny goramak maksady bilen lukmançylyk edaralarynyň maddy-tehniki binýadynyň kämilleşdirilmegine, olarda işleýän hünärmenleriň ylym-bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.


1683803e45a58f.jpeg
Bitaraplyk — Parahatlyk

Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.


1683804b380e91.jpeg
MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.


1683400122a15f.jpeg
«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi

24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.


16834010cead65.jpeg
Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi

25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.