SUW – GYMMATLY BAÝLYK

29-04-25

Ata-babalarymyz suwa uly sarpa goýup, ony tygşytly peýdalanmaga çalşypdyrlar. Diňe bir adamzadyň däl, eýsem, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ýaşaýşynda hem suw ilkinji derejeli zerurlykdyr. Şol sebäpli pederlerimiz gadymyýetden bäri suw bilen baglanyşykly «Suw damjasy — altyn dänesi», «Ýer — hazyna, suw — göwher», «Ýer görki — suw, suw görki — guw», «Suwly ýer — gül, suwsuz ýer — çöl» ýaly köpsanly nakyllary döredipdirler we olara eýermäge çalşypdyrlar.

Şeýle çemeleşme halkymyzyň ýaşaýyş çäginiň tebigy şertleri, suwuň ýiti ýetmezçilik etmegi bilen hem baglydyr. Şol sebäpli halkymyz irki döwürlerden başlap, suw bilen baglanyşykly daýhançylyk däpdessurlaryny berk berjaý edip, suwuň gyt şertlerinde hem toprakdan bol hasyl almagy başarypdyrlar, özleriniň kadaly ýaşaýşyny üpjün edipdirler. Olar çeşme, garýagyş suwlaryndan peýdalanmagyň gymmatly tejribesini toplapdyrlar.

Parasatly pederlerimiz irki döwürlerden başlap, suw desgalaryny gurmagyň gymmatly tejribesini toplap, ajaýyp suwaryş desgalaryny: bentleri, jykyrlary, guýulary, kärizleri, sardobalary gurupdyrlar. Murgapda Soltanbent, Gowşutbent; Tejen derýasynda Garrybent ýaly bentleri bina edipdirler. Bentleriň kömegi bilen suwy ýokary göterip, ekin meýdanlaryny suwarypdyrlar. Halkymyz uly bolmadyk ekin meýdanlaryny suwarmak üçin, Daşoguz sebitlerinde we Amyderýanyň gollarynda jykyrlary ulanypdyr. Ekin meýdanlaryny kadaly suwarmak üçin, Ahalyň daglyk eteklerinde kärizleri gurupdyrlar. Käriz — el güýji bilen gurlan ýerasty suwaryş desgasy bolup, ol birnäçe suw toplaýjy ýerasty guýulary özünde jemleýär.

Käriz gazmak işi örän kyn hemde gaty uzaga çekýän azaply iş bolupdyr. Tejribeli ussalar kähalatda kärizi doly gurup gutarmak üçin, onlarça ýyl zähmet çekmeli bolupdyrlar. Käriz gazýan adamlara «kärizgenler» diýipdirler. Çöllerde guýy gazmak hem ýeňil-ýelpaý iş bolmandyr. Guýy ussalary biçak duýgur adamlar bolup, ýeriň astynyň haýsy ýerinde suwuň bardygyny, onuň nä hili çuňlukda ýerleşýändigini öňünden kesgitlemegi başarypdyrlar. Gumda guýy gazmak örän howply hemde erjelligi talap edýän iş bolupdyr. Guýular gazylanda, olaryň iç ýüzüne gandymdyr tut agajynyň inçeliýogynly çybyklaryny ýa-da bişen kerpiçleri örüpdirler. Şonda olary «agaç örüm» we «daş örüm» diýip tapawutlandyrypdyrlar.

Ussalarymyz suw saklaýan, üsti ýapyk howuzlary, sardobalary hem gurupdyrlar. Sardobalar ygal suwlaryny saklamak üçin, ýörite gurlan desgalar bolupdyr. Şolardan iň gadymylary Merwden Amula barýan ýolda ýerleşipdir. Gadymy Marguşda, Nusaýda we beýleki ýerlerde gurlan suw howdanlarynyň galyndylary häzirki wagta çenli saklanyp galypdyr. Türkmenler ekin meýdanlaryny kadaly suwarmak üçin esasy ene ýaplary we kärizleri köpçülik bolup, haşar edip gazypdyrlar.

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ähli ulgamlarda, şol sanda suw hojalyk ulgamynda alnyp barylýan tutumly işler buýsanjyňy artdyrýar. Bu işler suwuň ýekeje damjasyny altyn dänesine deňän türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini hasda gowulandyrmaga gönükdirilendir.

Ogulgeldi ANNAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyñ Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa kafedrasynyň uly mugallymy.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.