Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
UZAKMÖHLETLEÝIN HYZMATDAȘLYGA ITERGI
Mälim bolșy ýaly, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Ulag we aragatnaşyk toplumynyň gazananlaryny açyp görkezýän «Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergisi we ylmy maslahaty hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara sergisi we maslahaty öz dowam edýär.
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen Estoniýanyň Elektron dolandyryş akademiýasynyň arasynda ähtnama gol çekildi
BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen Türkmenistanda pudagara elektron maglumat alşygy ulgamynyň ornaşdyrylmagyna ýardam bermek hakynda taslamanyň çäklerinde Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen Estoniýanyň Elektron dolandyryş akademiýasynyň (E-Governance Academy) arasynda özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekildi.
Dünýä kompaniýalary “Türkmentel–2025” sergisinde ulag, aragatnaşyk, sanly tehnologiýalaryny tanyşdyrdylar
Aşgabat şäherinde geçýän “Türkmentel–2025” halkara sergisinde ulag, aragatnaşyk we sanly tehnologiýalar ulgamlarynda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň gazanan üstünlikleri görkezildi.
"NOKIA" Türkmenistanyň energetika pudagy üçin tehnologik çözgütleri hödürleýär
Aşgabatda açylan "Türkmentel – 2025" atly XVIII halkara serginiň we ylmy maslahatyň hem-de "Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2025" atly halkara maslahatyň we serginiň çäklerinde "NOKIA" kompaniýasynyň Hazar sebiti we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça bölüminiň ýolbaşçysy türkmen hyzmatdaşlary bilen hyzmatdaşlygyň geljegi barada gürrüň berdi hem-de ýurdumyzyň energetika pudagy üçin teklipleri beýan etdi.
«Türkmen-Innowasiýa» töleg ulgamlaryny kämilleşdirmekde biometriýany esasy açar hökmünde hasaplaýar
«Türkmentel – 2025» atly XVIII halkara serginiň we ylmy maslahatyň meýdançasynda «Türkmen-Innowasiýa» hususy kärhanasy häzirki zaman töleg we kassa enjamlarynyň hataryny hödürledi.
«Yutong» kompaniýasy Aşgabatdaky sergä gatnaşýar
Şu günler Aşgabatda iki uly halkara cäre – «Türkmentel – 2025» atly XVIII halkara sergi we ylmy maslahat hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2025» (ITTC-2025) atly halkara maslahat we sergi geçirilýär.
«Sanly çözgüt – 2025»: Täze pikirler we innowasiýa üçin giň meýdança
Türkmenistanda sanly tehnologiýalary ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda, ýurdumyzda sanly ulgamy döretmek we kämilleşdirmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Şol çäkde, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan her ýyl geçirilen «Sanly çözgüt – 2025» innowasion taslamalar bäsleşigi, IT pudagynyň, emeli aň ulgamynyň we robototehnika tehnologiýalarynyň ösüşine giň mümkinçilikleri döredýär.
Paýtagtymyzda ulag-kommunikasiýa toplumyna degişli iri halkara forumlar geçirilýär
Düýn Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergi we ylmy maslahat, şeýle-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Möhüm strategik pudaklarda sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygy, işewürligi ösdürmekde täze mümkinçilikleri açjak bu çäreler ilkinji gezek bitewi meýdançada utgaşdyrylyp geçirilýär.
Ilkinji Russiýa-Eýran ýük otlusy Türkmenistandan geçdi
Russiýadan ugrap, Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçen ilkinji ýük otlusy Eýrana baryp ýetdi. Bu barada ýekşenbe güni Eýranyň IRNA agentligi habar berdi. Otlynyň düzüminde kagyz, sellýuloza hem-de beýleki senagat önümleri ýerleşdirilen 62 sany 40-futlyk konteýner bardy.
Mämmethan Çakyýew: Türkmenistan daşary ýurt maýadarlary hyzmatdaşlyga çagyrýar
Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň anyk maýa goýum tekliplerine seretmäge taýýar diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmethan Çakyýew çarşenbe güni Aşgabatda geçirilýän “Türkmentel–2025” ylmy maslahatynda aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.