Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň sebitleýin parahatçylyk zolaklary boýunça ýokary derejedäki duşuşygyna gatnaşdy
2025-nji ýylyň 7-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň sebitleýin parahatçylyk zolaklary boýunça ýokary derejedäki duşuşygyna gatnaşdy.
Türkmenistan ÝB bilen bilelikdäki taslamalary işjeň durmuşa geçirmek isleýär
Brýusselde Ýewropa Bileleşiginiň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça Baş müdirýetiniň sebit boýunça direktory Peteris Ustups Ýewropa Bileleşiginde akkreditirlenen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileri bilen duşuşdy.
Türkmenistan bilen ÝB-niň baş diplomatlarynyň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi
2025-nji ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropa Komissiýasynyň Başlygynyň orunbasary, daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili Kaýa Kallas bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada sişenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.
Ekologik abadançylyk — ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti
Türkmenistan sebit we ählumumy gün tertibiniň ileri tutulýan wezipeleriniň çözgüdini işläp taýýarlamakda başlangyçly, jogapkärli orny eýelemek bilen, umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi ugrunda çykyş edýär.
Aragatnaşyk we awiasiýa pudagynda maslahat geçirildi
9-njy iýulda, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Awiasiýa we aragatnaşyk işgärleriniň KA-nyň Geňeşiniň guramagynda «Halypalaryň tejribe mekdebi şägirtlere görelde hem ýörelge» atly sorag-jogaply duşuşyk maslahaty geçirildi.
BMG-niň Awazadaky forumynda žurnalistler üçin zerur şertler dörediler
Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň geçiriljek toplumynyň binalarynyň enjamlaşdyrylyş derejesi bilen hem gyzyklandy.
«Ýolagçy» goşundysynyň täzelenmesi işe girizildi
Jemgyýetçilik ulaglarynyň gatnaw ugurlaryny yzarlamaga niýetlenen «Ýolagçy» mobil goşundysy indi Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ulanyjylaryň mümkinçiliklerini has-da giňeldýän möhüm täzelenmä eýe boldy.
Ýewropa Bileleşigi Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi
2025-nji ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti hanym Kaýa Kallasyň arasynda telefon söhbetdeşligi boldy.
Türkmenistan ukrain teleýaýlymynyň internet elýeterliligi baradaky ýoýulan habaryna protest bildirdi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi sişenbe güni Ukrainanyň "FREEДОМ" teleýaýlymynyň Türkmenistany internet elýeterliligi boýunça “ýapyk” ýurt hökmünde häsiýetlendirmek bilen, Türkmenistanyň internet gurşawy barada ýoýulan we hakykata laýyk gelmeýän maglumatlary ýaýlymda görkezenligine protest bildirip, resmi beýanat berdi.
Gazagystan Turgundy-Hyrat demir ýol gurluşygyna maýa goýýar
Gazagystan Owganystanyň çäklerinde Turgundy-Hyrat demirýol ugrunyň gurluşygyna maýa goýmagy meýilleşdirýär. Bu barada Gazagystanyň Premýer-ministri Olžas Bektenow Azerbaýjanyň Baku şäherinde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetiriji Abdul Gani Baradar bilen bolan duşuşygynda belläp geçdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.