Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
168c8e00b57b47.jpeg
1 aý ozal
Ýanwar–iýul: Gruziýanyň Türkmenistana eksporty $25 milliondan geçdi

2025-nji ýylyň ýanwar–iýul aýlarynda Gruziýanyň Türkmenistana haryt eksporty 25,7 million ABŞ dollaryna ýetdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli dowry bilen deňeşdireniňde dört esse ýokarydyr. 2024-nji ýylyň degişli döwründe Gruziýanyň Türkmenistana eksporty 6,7 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada “Trend” agentligi duşenbe güni habar berdi.

168c8e41f8df99.jpeg
1 aý ozal
“Aýdyň Gijeler” – Türkmenistanyň maýa goýum forumy 2025-iň baş hemaýatkäri

“Aýdyň Gijeler” hojalyk jemgyýeti Türkmenistanda öňdebaryjy senagat we tehnologiýa pudagyndaky oýunçylaryň biridir. Bu kompaniýa 18-19-njy sentýabr aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek “TIF 2025” maýa goýum forumynyň baş hemaýatkäridir.

168c8df6fa9504.jpeg
1 aý ozal
Halk Maslahaty: özgertmeleriň baş maksady Türkmenistanyň ilaty üçin eşretli durmuşy üpjün etmekdir

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda iş alyp barýan halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Halk Maslahatynyň her mejlisi Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm wakadyr. Onuň ýakynda, sentýabr aýynda boljak mejlisi ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygynyň we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçiriler, bu bolsa foruma aýratyn ähmiýet berýär.

168c8e2c403168.jpeg
1 aý ozal
Aşgabadyň merkezinde döwrebaplaşdyrylan “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy” seýilgähi açyldy

Golaýda Aşgabatda döwrebaplaşdyrylan “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllyg”» seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy. Dabara Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar we çagalar gatnaşdylar.

168c3a792a8886.jpeg
1 aý ozal
Türkmenistanda ykdysady üstünlikleriň sergisi geçiriler

2025-nji ýylyň 18-20-nji sentýabry aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli ykdysady üstünlikleriň sergisi geçiriler.

168c3a221ba952.jpeg
1 aý ozal
Daşoguz welaýatynda täze Bitaraplyk şäherçesi açyldy

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde häzirki zaman şähergurluşyk talaplaryna laýyk gurlan täze  Bitaraplyk şäherçesi dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

168c39fb554e6f.jpeg
1 aý ozal
Türkmenistanda pagta ýygymy möwsümine badalga berildi

Türkmenistanda 10-njy sentýabrda pagta ýygymy möwsümine girişildi. Bir wagtyň özünde ähli welaýatlarda badalga alan bu oba hojalyk möwsümi agrar pudagyň ösüşinde we milli ykdysadyýetiň kuwwatynyň pugtalanmagynda möhüm ähmiýete eýedir. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

168c39ba09f192.jpeg
1 aý ozal
Ählumumy parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýolunda möhüm başlangyçlar

Parahatçylyk söýüjilik we oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlup, häzirki täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýän Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasyny düzýär. Bitarap ýurdumyz öz üstüne alan halkara borçnamalaryna üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edilýär.

168c25c375e860.jpeg
1 aý ozal
CIET 2025 maslahatynda Aşgabat şäheriniň ulag infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylmagy ara alnyp maslahatlaşylar

Türkmenistanda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynyň ösüşi» — CIET 2025 halkara maslahatyna taýýarlyk başlandy. Bu çäre 2025-nji ýylyň 3–5-nji noýabry aralygynda Aşgabatda geçiriler. Geçen ýylky foruma dürli ýurtlardan 400-den gowrak wekil we 50 çykyş ediji gatnaşypdy.

168c2515de04df.jpeg
1 aý ozal
2025-nji ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyny ösdürmek wezipesi geçen aýda geçirilen köp sanly halkara çärelerde — syýasy geňeşmelerde, işewürlik gepleşiklerinde, maslahatlarda, sanly ulgam arkaly guralan okuw maslahatlarynda, medeni çärelerde ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.