Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
Türkmenistanda Li-Fi ulgamyna geçmek barada maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda sanly ykdysadyýetiň we innowasiýalaryň wajyp meselelerine bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Türkmenistan TIF-2025 forumyna taýýarlanýar: halkara hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikler
2025-nji ýylyň 18–19-njy sentýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Maýa goýum Forumy — TIF 2025 geçiriler. Forum sebitde maýa goýum mümkinçilikleriniň, ykdysady hyzmatdaşlygyň geljeginiň ara alnyp maslahatlaşyljak esasy meýdançasyna öwrüler.
"Arkadag Medisina Klasteri" we Haýyr-sahawat gaznasy “Kids EXPO-2025” sergisine gatnaşar
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Aşgabatda 21–23-nji awgust aralygynda geçiriljek “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasynda gaznanyň alyp barýan işini beýan edýän diwarlyklaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.
Türkmenbaşy porty ýarym ýylda 4 mln tonnadan gowrak ýük geçirdi
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty 2025-nji ýylyň ilkinji ýarymýyllygynyň dowamynda 4 mln 209,5 müň tonna ýük geçirdi. Bu barada şenbe güni Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
TULM ilkinji gezek Türkiýe–Türkmenistan–Gyrgyzystan ugry boýunça otlusyny iberdi
“Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi“ (TULM) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýurdumyzda demir ýol daşamalarynyň operatory hökmünde Türkiýe – Türkmenistan – Gyrgyzystan ugry boýunça ilkinji konteýner otly gatnawyny gurady. Bu barada TULM habar berýär.
Türkmenistan-Özbegistan: Türkmenbaşy porty arkaly eksport-import amallaryny giňeltmek maslahatlaşyldy
Awazada 5–8 awgust aralygynda geçirilen BMG-niň Deňiz çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň üçünji konferensiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň awtomobil ulaglary ministri Begenç Annadurdiýew we demir ýol ulaglary ministri Mämmet Akmämmedow Özbegistanyň ulag ministri Ilhom Mahkamow bilen duşuşyk geçirdiler.
Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministriniň orunbasary «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna saparda boldy
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäginde, Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministriniň orunbasary jenap Çoriýew Jasurbek Ergaşewiç «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna baryp gördi.
«Balkan» gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawodynyň hünärmenleri hünär derejelerini ýokarlandyrýarlar
Ýük göterijiligi 6100 tonna bolan iki sany gury ýük gämilerini gurmak boýunça durmuşa geçirilýän taslamanyň çäginde «Balkan» gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Tehniki gözegçilik we barlaghana bölüminiň hünärmenleri I we II derejede dargamaýan usully hil barlaglary (NDT) boýunça şahadatnamalar aldylar.
2025-nji ýylyň iýuly: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Iýul aýynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde geçirilen maslahatlar, duşuşyklardyr gepleşikler «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän, sebitde parahatçylygy, durnukly ösüşi, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly goşant goşýan Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende göterilýändiginiň aýdyň beýany boldy.
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty «deňiz derwezesi» ornuny berkidýär
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem, sebitiň ykdysady ösüşi üçin-de öz ähmiýetini barha artdyrýar. Munuň şeýledigini ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen ýokary derejeli myhmanlaryň Merkezi Aziýanyň «deňiz derwezesi» bilen baglanyşykly gyzyklanmalary hem ýene bir ýola subut etdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.