Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER

Türkmenistanly gyzlar Aýyň orbitasyna hemrany ugratamak boýunça işlere gatnaşyp bilerler
Space Kidz India tarapyndan guralan halkara ShakthiSAT bilim taslamasy 108 ýurduň, şol sanda Türkmenistanyň gyzlary üçin täze gözýetimleri açýar. Bütin dünýänden 12 000 gatnaşyjy älem tehnologiýalar babatda bilim almaga hem-de taryhy missiýanyň bölegi bolmaga ajaýyp mümkinçiligini alarlar.

Ýewropa Parlamentinde Bitaraplygyň parahatçylygy berkitmekdäki orny bilen baglanyşykly Ýörite mejlis geçirildi
Brýussel — Brýusseldäki Ýewropa Parlamentiniň binasynda 2025-nji ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň Brýusseldäki Ilçihanasy bilen Ýewropa Parlamentiniň bilelikde guramagynda «Bitaraplygyň halkara parahatçylygy berkitmekdäki orny» atly ýörite maslahat geçirildi. Çärä Ýewropa Parlamentiniň agzasy hanym Katarina Newedalowa moderatorlyk etdi.

Türkmenistan ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine döwletara gatnaşyklary ilerledýär
Geçen hepde milli we halkara derejedäki möhüm ähmiýetli wakalara baý bolup, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döredijilikli daşary syýasy ugruna pugta eýerýändigini aýdyňlygy bilen görkezdi.

Aşgabat halkara howa menzili bäsleşik yglan edýär
“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Aşgabat halkara howa menzili serwer enjamlaryny we programma üpjünçiligini döwrebaplaşdyrmak hem-de Howa menziliň TETRA içki aragatnaşyk ulgamynyň radio stansiýalaryny satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Türkmenabat halkara howa menzili ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär
“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Türkmenabat halkara howa menziliniň howa gämilerine ýerüsti we tehniki hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin ätiýaçlyk şaýlaryny we enjamlaryny satyn almak boýunça açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär

Aşgabatda ilkinji “ÝB-MA” sammitine taýýarlyk meseleleri maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow çarşenbe güni Aşgabatda Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow bilen duşuşdy. Geçirilen gepleşikler Samarkant şäherinde geçiriljek ilkinji “Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” sammitine taýýarlyk meselelerine bagyşlandy diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy
27-nji martda paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dürli meseleleri hem-de ýakynda Samarkantda geçiriljek “Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa” formatyndaky ilkinji sammite taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan - Rumyniýa: ylym-bilim ulgamyndaky özara hyzmatdaşlyk işjeňleşýär
25-nji martda Rumyniýanyň Milli Bilim ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparynyň Jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa bilen Rumyniýanyň Milli Bilim ministrliginiň Döwlet sekretary Gigel Paraskiwiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanda gowaça ekişine girişildi
Öňňin tutuş ýurdumyz boýunça möhüm oba hojalyk möwsümine — gowaça ekişine badalga berildi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň ekerançylary ekişe köpçülikleýin girişdiler.

Türkmenistan bilen Ýaponiýa suw arassalaýjy tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow Ylym we tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen birleşiginiň ýolbaşçysy Hideomi Koinuma bilen duşuşyk geçirdi.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.